Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysady kynçylyklaryň arasynda Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde ogurlyk hadysalary köpelýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Ýurtda soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady problemalaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda Lebap welaýatynyň obalarynda we etraplarynda ogurlyk hadysalary artýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Onuň ýagdaýdan habarly çeşmelere salgylanyp, habar bermegine görä Farap etrabynyň merkezinde we obalarynda diňe geçen aýyň özünde 5 sany ogurlyk hadysasynyň üsti açylyp, olar boýunça jenaýat derňew işleri gozgaldy. Saýat etrabynyň içeri işler edaralary 29-njy awgustdan bäri, 15 töweregi ogurlyk hadysasy boýunça güman edilýänleri, ýerli ýaşaýjylaryň kömegi bilen ele salyp, olara garşy dessin-agtaryş işine başlady.

Habarçy üsti açylan jenaýatlara esasan ýaşlaryň gatnaşýandygyny, hem-de ogurlyga baş goşýan adamlaryň oba ýerlerinde iri we ownuk şahly mallara göz dikýändigini habar berýär. Ýöne olar goýun-geçi ýa-da sygyr ogurlamak bilen çäklenmeýär.

“Farapda aýallary we ejiz adamlary gorkuzyp, olaryň pullaryny ýa-da şahsy telefonlaryny, şaý-seplerini alýan ýaşlar peýda boldy” diýip, habarçy bu jenaýatlar boýunça hem etrap polisiýa edaralarynyň jenaýat-agtaryş işlerine girişendigini habar berdi.

Farap etrabynyň polisiýa bölümi etrabyň çäginde her aý hasaba alynýan jenaýatlar, şol sanda ogurlyk hadysalary barada statistiki maglumatlary köpçülige elýeterli etmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatyň Şorly, Saltyk, Çakmak we Goýgala obalarynda, Farabyň etrap merkezinde we Çärjewde üsti açylan ogurlyk hadysalary barada käbir maglumatlary öwrendi.

Ýöne bu jenaýatlar boýunça gozgalan işler, ogurlykda ele salnanlar we jenaýata gatnaşmakda güman edilýän beýleki adamlar boýunça alnyp barylýan kazyýet işleri, olara bildirilýän aýyplamalaryň detallary, temmiler we beýleki jikme-jiklikler barada ne sebitiň kanun goraýjy edaralary beýanat berýär ne-de ýurduň media we metbugat serişdeleri habar berýär. Synçylar Türkmenistanda ne kazyýetiň, ne-de metbugatyň garaşsyzdygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Çakmak obasynyň ençeme ýaşaýjylary bilen, şaýatlar bilen gürrüňdeş boldy. Olaryň sözlerine görä, 29-njy awgust güni oba ýaşaýjylary Çakmakda dört ýaş ýigidi sygyr ogurlaýan wagty ele saldy. “Olary Saýat etrabynyň polisiýasyna tabşyrypdyrlar” diýip, habarçy aýtdy.

Munuň yz ýany, Saýat etrabynyň içeri işler edaralary ogurlykda ele salnan 4 raýata garşy başga-da 15 töweregi mal ogurlygy boýunça dessin-agtaryş işlerine girişipdir. Bu barada habarçymyz wakadan habarly çeşmelere salgylanyp, habar berýär.

Deslapky barlaglar ogurlykda aýyplanýan dört ýigidiň Saýat etrabynyň Şorly we Saltyk obalarynyň ýaşaýjylarydygyny anyklaýar. Habarçynyň öwrenen maglumatlaryna görä, häzirki wagtda bu dört ýigidiň soňky üç ýylyň dowamynda etrabyň çäginde hasaba alnan 15 töweregi mal ogurlygy wakasyna ilteşigi derňelýär.

Habarçy soňky wagtlarda regionda hasaba alnan we özüniň habarly bolan beýleki ogurlyk hadysalary barada maglumat berdi:

“Seýdi köçesiniň ýaşaýjysynyň welosipedini ogurlan bir faraply ele salnypdyr, şeýle-de Goýgala obasynda goýun-geçi ogurlap, olary Çärjew etrabynyň bir ýaşaýjysyna satýan mahaly 20 ýaşlaryndaky 2 ýaş ýigit ele düşdi” diýip, habarçy aýtdy.

Soňky wagtlarda ýurduň beýleki regionlarynda-da şulara meňzeş jenaýat we ogurlyk hadysalaryň artýandygy barada Azatlyk Radiosy mundan ozal hem habar berdi. Ýatlasak, maý aýynyň başlarynda Aşgabadyň Aba Annaýew köçesiniň gabatlarynda 60 ýaşly bir gartaň aýal ýol üstünde pyçaklanyp, öldürildi we onuň şaý-sepleri talandy, apreliň aýaklarynda Azatlygyň habarçylary paýtagtda şaý-sepli aýallary ýol ugrunda talamak ýaly jenaýat hadysalarynyň ýygjamlaşýandygyny habar berdi.

Bularyň ählisi ýurtda ykdysady kynçylyklaryň barha ýitileşýän wagtyna, galyberse-de karantin sebäpli etraplaryň arasynda hereket çäklendirmeleriniň saklanyp galýan wagtyna gabat gelýär.

“Soňky 5 aýda karantin çäklendirmeleri, içerki ýollaryň ýapyk bolmagy we krizisiň ýitileşmegi has köp jenaýata alyp geldi” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Hatda Hojambazda adamlaryň ýygyp goýan pagtasyny, ogurlap satýanlar köpelýär” diýip, habarçy habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri soňky wagtlarda köpelýän ogurlyk hadysalary barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosy ogurlyk hadysalarynyň köpelmegi barada Lebap welaýatynyň polisiýa bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG