Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobatdaky adamlaryň ýüz-gözünde 'agyr lapykeçlik, ýadawlyk, gahar-gazap bar'


Türkmen bankomatynyň kagyza ýazylan bildirişi.
Türkmen bankomatynyň kagyza ýazylan bildirişi.

"Şu gün örän agyr geçdi, edarada polisiýa işgäri galmady, ýa o geňeşlikdäki bankomat öňünde uruş-gykylyk bar, ýa bu ýerde adamlar oňşanok diýip, yzly-yzyna jaň geldi" diýip, polisiýa işgäri aýtdy.

Türkmen hökümetiniň sekiz aýdaky işiniň netijelerine bagyşlanan mejlisde býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň hem-de talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirilendigi habar berildi, emma bankomatlaryň öňündäki nobatlar, azyk kynçylyklary agzalmady.

Döwlet habar gullugynyň berýän maglumatlaryndan tapawutlylykda, Azatlygyň habarçylary bilen gürleşýän adamlar ýagdaýyň barha agyrlaşýandygny gürrüň berýärler.

Mysal üçin, "Türkmenabadyň Senagat bankynda agşam sagat 18.00-dan nobata durmaga başlaýarlar, ir sagat 7:00-dan 9.00-a çenli bankomatda pul goýberilýär, 9.00-dan soñ bankomatlara pul goýulmaýar" diýip, Lebapdaky habarçymyz habar berýär.

Habarçy pul nagtlaşdyrmak nobatynda bolýan zatlary gözi bilen görmek üçin agşamdan nobata durdy we gören zatlaryny gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, agşamdan başlanan nobat esasynda, irden bankomat nobatynda 200 çemesi adam jemlenýär; sagat 7-de polisiýa nobat boýunça adam goýberip başlaýar. Ýöne nobat bozulýar, sebäbi polisiýa işgärleri gelip, nobatsyz pul alýar. Nobata gözegçilik edýän polisiýa işgäri olaryň puly binobat almaga hakynyň bardygyny aýdýar.

Polisiýadan soň maýyplar, ýaş çagaly aýallar, nobatsyz girjek bolup, "bize her bäş adamdan soň binobat girmek mümkinçiligi berilmeli" diýip, öz nägileligini bildirdi. Biri gelip: "Men awganes, Owganystanda gulluk etdim, urşa gatnaşdym" diýip, polisiýa ofiserine ýüzlendi. "Awganes bol, eýranes bol, nirede gulluk eden bolsaňam nobatyňa dur" diýip, polisiýa ofiseri oňa gödek jogap berdi.

Manat nagtlaşdyrmak kynçylyklary ýurduň ilatynyň iň bir gür ýerleşen sebitleriniň biri bolan Maryda hem ýeňlemeýär. Baýramaly etrabyndaky we şäherindäki bankomatlara ozal günde 10-15 adama ýeterlik pul salnan bolsa, indi bary-ýogy 5 adama ýeterlik pul salynýar diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.

Ýagdaý Mary şäherinde hem ýeňil däl, adamlar kartlaryndaky serişdeleri nagtlaşdyrmakda uly kynçylyk çekýärler.

"Şu günler plastik kartlara aýlyklary geçirip başladylar, adamlar geçen aýdaky aýlyklaryny hem alyp bilmeýärler, köp adamyň elinde awgust aýynda alnan talonlar bar. Pul nagtlaşdyrýançam diýip, aýdan aýa bergä batýan hem köpelýär. Emma bu aýda pul geçen aýdakydanam az bolar öýdülýär" diýip, habarçy aýtdy.

Adamlar boş bankomatlaryň öňünde talona seretmän, täze depderçe açyp, atlaryny belleýärler. Bu bellige alyş her gün dowam edýär. Manat ýetmezçiligi nobata duranlaryň arasynda ýakalaşma, ýumruklaşma ýagdaýlarynyň hem ýüze çykmagyna getirýär diýip, habarçy anonimlik şertinde gürleşen polisiýa işgärine salgylanyp aýtdy.

"Şu gün örän agyr geçdi, edarada polisiýa işgäri galmady, ýa o geňeşlikdäki bankomat öňünde uruş-gykylyk bar, ýa bu ýerde adamlar oňşanok diýip, yzly-yzyna jaň geldi" diýip, polisiýa işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, her bankomatyň öňünde iki-üç polisiýa işgärini goýmaly bolýar, nobata duran kän, polisiýa işgärleri olaryň içinde ýitip gidýär. Onsoň, gyssaga düşsek, ýene daşyndan polisiýa çagyrýarys diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ofiser özleriniň halkyň hal-ýagdaýyna düşünýändiklerini, olara gynanýandyklaryny hem sözüne goşdy.

"Adamlar bizden soraýar, näme üçin manat ýeterlik däl, haçan bankomata pul salarlar diýýärler, näme diýjegimizi bilmeýäris, ýanlarynda duramsoň, adamlaryň görýän horlugyny günde görüp durun, başarsam olara basyş edemok, sypaýyçylykly bolmaga çalyşýaryn" diýip, bu ýagdaýy başga bir bankomatyň ýanynda nobatçylyk çekýän ofiser hem tassyk etdi.

Manat nagtlaşdyrmak kynçylyklary bilen bir hatarda, ýurtdaky azyk kynçylyklary hem dowam edýär diýip, habarçylarymyz aýdýar.

Aýdylmagyna görä, aýda her maşgala bir gezek iki towuk budy, Ahalda öndürilýän ak ýagdan birisi, bir kilogram şeker elýeterli baha diýilýänden berilýär, ony hem adamlar nobata durup, bir-birini basgylap diýen ýaly almaly bolýar.

"Bu hili agyr ýagdaýy diňe 1994-nji ýylda gördüm, ýöne ol bary-ýogy alty aý dowam etdi. Dükanlaryň öňündäki nobatlary göreňde, bu ýagdaý haçan düzelerkä diýip, agyr pikire çümýärsiň. Adamlaryň ýüzünde-gözünde agyr lapykeçlik, ýadawlyk, gahar-gazap bar" diýip, 65 ýaşlaryndaky aşgabatly mugallym Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şu aralykda, "Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary 7-nji sentýabrda pul nagtlaşdyryp bilmän, 200 çemesi adam bolup, başda sebit prokuraturasyna, soňra Merkezi bankyň ýerli bölümine barypdyr.

"Emma olara barybir nagt pul almak başartmady. Şu aralykda Balkanabatdaky bankomatlary şäheriň çetine göçürmegiň maslahaty edilýär. Tassyklanmadyk maglumatlara görä, häkimiýetler nobat problemasyny hut şeýle usulda "çözmekçi" bolýarlar diýip, garaşsyz neşir ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG