Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bütindünýä azyk programmasyna parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berildi


Sudanda azyk kömegi üçin nobata duran adamlar.

BMG-niň azyk kömegini berýän Bütindünýä azyk programmasy (WFP), dünýäde açlygyň soňuna çykmak ugrunda alyp barýan işleri üçin, 2020-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy.

Bu habar 9-njy oktýabr güni Oslada, Norwegiýanyň Nobel komitetiniň başlygy Berit Reiss-Andersen tarapyndan yglan edildi.

Nobel komiteti koronawirus pandemiýasynyň dünýäde millionlarça adamyň ýüzbe-ýüz bolýan açlygyny has-da köpeldendigini aýtdy we hökümetleri Bütindünýä azyk programmasyny hem-de beýleki kömek guramalaryny açlyk çekýänleri naharlamak üçin zerur bolan maliýe kömegi üpjün etmäge çagyrdy.

"Bütindünýä azyk programmasy we beýleki azyk kömegini berýän guramalar öz soran maliýe goldawyny almasa, dünýä aç-açan açlyk krizisine duçar bolar" diýip, Reiss-Andersen aýtdy.

BAP-nyň metbugat wekili bu sylaglanyşy “buýsançly pursat” diýip atlandyrdy.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň pul sylagy 10 million şwed krony bolup, ol ABŞ dollarynda $1.1 million serişde bolýar we Oslada, 10-njy dekabrda gowşurylar.

XS
SM
MD
LG