Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Döwlet dükanlary alyjylardan esasy iýmit önümleriniň gapdaly bilen ýerli hususy önüm öndürijileriň harytlaryny satyn almagy talap edýär


Illýustrasiýa suraty.

Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlary alyjylardan elýeterli bahadan käbir esasy iýmit önümleriniň ýany bilen ýerli hususy önümçilige degişli azyk harytlaryny satyn almagy talap edýär.

“Şu gün irden döwlet dükanlarynda şeker satyldy, onuň ýany bilen kola (ýerli önüm – red) satyn almaly. Şekeriň 1 kilogramy 7 manat. 330 gramlyk alýumin gutularda satylýan kolanyň bahasy 5 manat” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji oktýabrda habar berdi.

Şeýle-de, onuň maglumatlaryna görä, alyjylardan ösümlik ýagynyň gapdaly bilen sok satyn almak talap edilýär.

“Ösümlik ýagy 13 manat, sok 7 manat” diýip, habarçy aýtdy.

Ýurtda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşýän döwründe, Türkmenistanyň döwlet dükanlary mundan ozal hem alyjylardan esasy iýmit önümleriniň gapdaly bilen süýji-köke ýaly konditer önümlerini we beýleki käbir harytlary satyn almagy wagtal-wagtal talap edip gelýärdi.

Ýurduň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda iýmit önümleriniň bahalary hususy söwda bilen deňeşdirilende arzandyr.

Habarçy paýtagtyň döwlet dükanlaryndaky soňky talabyň “ýerli önüm öndürijileri goldamaga gönükdirilendiginiň aýdylýandygyny” habar berdi.

“Häkimiýetler ‘ýerli önüm öndürijileri goldamak üçin’ adamlary zerur önümleriň gapdaly bilen soklary, içgileri, tomatlary, gaba gaplanan suwlary satyn almaga mejbur edýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Ol Aşgabatda şekeriň gapdalyna goşulyp satylýan kolanyň bir ýerli hususy telekeçi tarapyndan öndürilýändigini, ýerli önüm öndürijileriň döwlet tarapyndan pul karzlary bilen üpjün edilýändigini habar berdi.

“Olaryň kömegi bolmazdan, häkimiýetlere ýakyn telekeçiler çökerdi” diýip, habarçy ýagdaýdan habarly gürrüňdeşlerine salgylanyp habar berdi.

Resmi metbugata görä, hökümet maslahatlarynda ýurtda hususy telekeçiligiň ösdürilýändigi aýdylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary häkimiýetleriň ýerli önümçiligi erkin bazar gatnaşyklaryna gabat gelmeýän mejbury talaplar bilen ileri tutmaga synanyşýandygyny habar berýärler.

Oktýabryň başynda häkimiýetler Lebapda egin-eşik söwdasy bilen meşgullanýan iri dükan eýelerinden hem-de bazar söwdagärlerinden diňe ýerli önümçilige degişli egin-eşikleri we aýakgaplary satmagy talap etdi. Bir öňki söwda resmisi Azatlygyň habarçysyna anonim şertlerde beren interwýusynda şeýle talaplaryň erkin bazar gatnaşyklaryna gabat gelmeýändigini hem-de monopoliýa ýol açýandygyny gürrüň berdi.

Bu aralykda, mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda telekeçileriň ala tutulýandygy barada habar berdi. 13-nji oktýabrda Azatlygyň ýene bir habarçysy Lebapda gurluşyk harytlarynyň söwdasy ýa-da önümçiligi bilen meşgullanýan onlarça ýerli telekeçiniň “dürli basyşlara, şol sanda býurokratik päsgelçiliklere” sezewar bolup, “ellerini işden sowadandygyny” habar berdi.

Türkmenistan 2009-njy ýylda “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” kanun kabul etdi.

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň maglumatlaryna görä, ýurtda esasy serişdeleri satyn almak üçin telekeçilere ýyllyk 5 prosent bilen 10 ýyl möhlete çenli karz bermek çäreleri durmuşa geçirilýär, şeýle-de dolanyşyk serişdelerini satyn almak üçin 1 ýyl möhlet bilen karzlar berilýär.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şekeriň gapdalyna mejbury goşulyp satylýan ýerli kolanyň gutusynda onuň öndürijisiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Gäwers” geňeşliginde hasaba alnandygy görkezilýär.

Döwlet dükanlary alyjylardan şekeriň gapdaly bilen kola, ösümlik ýagynyň gapdaly bilen sok satyn almagy talap edýän wagty, Aşgabatda çörek nobatlary dowam edýär.

“Çöregiň nobaty uly” diýip, habarçy 14-nji oktýabrda paýtagtyň döwlet dükanlarynyň öňündäki çörek nobatlary barada habar berdi.

Beýleki bir habarçy Aşgabadyň eteklerindäki käbir obalaryň ýaşaýjylarynyň hem Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 60 teňňeden satylýan ‘buhanka’ çöregini satyn almak üçin 10-15 kilometr ýol söküp, paýtagta barýandyklaryny habar berdi.

“Soňky günlerde çörek üpjünçiligi düýbünden ýaramazlaşdy” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen resmileri ýurduň ýaramazlaşýan azyk üpjünçiligi baradaky habarlary aç-açan boýun almaýar. Döwlet mediasy ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini aýdyp, häzirki döwri “berkararlyk we bagtyýarlyk zamanasy” atlandyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG