Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

32 ýyl mundan öň Buharada bolan jenaýatyň üsti açyldy


Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň Buhara şäherinde 1988-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda bir aýaly pyçaklap öldüren adam saklandy. Buhara welaýatynyň Içeri işler bölüminiň informasiýa gullugynyň mälim etmegine görä, ol jenaýat mundan 32 ýyl öň amala aşyrylypdyr. Häzirki zaman tehnologiýasynyň kömegi bilen ol jenaýatyň üsti açylypdyr.

Buhara Içeri işler bölüminiň maglumatyna görä, 1962-nji ýylda doglan graždanin M.B. agyr jenaýat işini amala aşyrypdyr. Ol adam öldüren wagtynda, 26 ýaşynda eken.

Deslapky derňew wagtynda, ol saklananyň aýtmagyna görä, 1933-nji ýylda doglan aýal ony öz öýüne çagyrypdyr. Şondan soňra ol aýala jynsy gatnaşygy teklip edipdir. Aýal teklibi ret edenden soň, M.B. gaharyna bäs gelip bilmän, aýalyň garnyndan hem döşünden 3-4 gezek pyçak urupdyr.

Şol jenaýatdan soň, M.B. dürli jenaýatlar bilen ýene üç gezek sud jogapkärçiligine çekilipdir.

Ol adamyň aýtmagyna görä, şol jenaýat eden wagtynda, ol aýaly öldürmekden daşary onuň öýündäki altyn şaý-sepleri ogurlapdyr. Ýöne jenaýat eden ýerinde, onuň barmak yzlary galypdyr.

«Buhara welaýatynyň Ramitan raýonynyň ýaşaýjysynyň barmak yzlary mundan 32 ýyl öň bolan jenaýat işiniň üstüniň açylmagyna sebäp boldy. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Buhara welaýatynyň Içeri işler uprawleniýesiniň ekspert-kriminal bölüminiň awtomatlaşdyrylan daktiloskopik identifikasiýa ulgamy arkaly geçiren barlagynda, barmak yzlarynyň kimiňkidigini aýan etdi. Sud-medisina ekspertizasy barmak yzlarynyň graždanin M.B. degişlidigini görkezdi» diýip, içeri işler bölüminiň habarynda aýdylýar.

Maglumatda aýdylyşyna görä, jenaýatda güman edilýän M.B. deslapky sorag wagtynda, öz günäsini doly boýun alypdyr.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG