Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Merkezdäki bir otagly jaýy [bir guty çilime] çalyşýaryn”


 2016-njy ýylda döwlet dükanlarynda ortaça 3 manatdan satylan çilimleriň bahasy, soňky 4 ýylyň dowamynda azyndan 10 esse gymmatlady.
2016-njy ýylda döwlet dükanlarynda ortaça 3 manatdan satylan çilimleriň bahasy, soňky 4 ýylyň dowamynda azyndan 10 esse gymmatlady.

Türkmenistanda ençeme aýlap dowam eden çilim gytçylygyndan soň, çarşenbe güni, ýagny 14-nji oktýabrda ýurduň dürli künjeklerindäki döwlet dükanlarynda temmäki önümleri gaýtadan satuwa çykaryldy. Çilimiň bahasynyň adatdakysyndan has ýokary bolmagyna hem garamazdan, dükanlaryň öňünde uly nobatlar döräp, adamlaryň arasynda dawa-jenjeller hem ýüze çykdy.

“Çarşenbe güni Türkmenabadyň döwlet dükanlarynda çilim satylyp başlandy. Bahasy 30 manat. Bu habary eşiden adamlar gijeden nobat tutup başladylar. Olaryň sany ýüzlerçe. Adamlaryň arasynda dawa-jenjeller ýüze çykýar, ýaka tutluşmaga çenli hem baryp ýetýär” diýip, Lebapdaky habarçylarymyzyň biri 15-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy hem adamlaryň çilim satyn almak üçin ir sagat 06:00-dan başlap dükanlaryň öňünde nobata düzülip başlandyklaryny aýtdy.

“Paýtagtyň 30-njy, ‘Gaudan’ we ‘Parahat’ etrapçalaryndaky söwda nokatlarynyň öňünde onlarça adam, esasan hem erkek kişiler, hiç hili sosial aralygy saklaman, çilim nobatyna garaşyp durlar. Nobata polisiýa işgärleri gözegçilik edýärler. Her adama iki gutudan artyk satylmaýar. Emma bu ýagdaýda-da çilim ähli kişä ýetmän, dessine gutarýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly habarçymyz 15-nji oktýabrda şaýat bolan wakalaryny suratlandyrdy.

Bu aralykda, paýtagyň käbir hususy dükanlarynda ABŞ-da öndürilýän belli çilim brendleriniň hem satuwda peýda bolandygy, emma olaryň bir gutusynyň bahasynyň 800 manada, resmi kurs boýunça 230 dollara çenli ýetýändigi bellenilýär.

Şol bir wagtda, döwlet dükanlaryndaky degişlilikdäki arzan, emma hili pesdigi aýdylýan temmäki önümleriniň möçberiniň adamlaryň talabyny kanagatlandyryp bilmeýändigi sebäpli, çilimi soňy bilen has ýokary bahadan elden-ele satýanlar hem peýda bolup başlady.

“Çilimi soňra elden-ele satmak üçin ýörite nobata durýanlar hem bar. Olar 30 manatlyk çilimi 130 manatdan satýarlar. Iki gutudan 200 manat girdeji görýärler. Muňa esasan hem pul ýetmezçiliginden kösenýän işsiz adamlar baş goşýarlar” diýip, türkmenabatly habarçymyz gürrüň berdi.

Galyberse-de, ýurtda çilimiň söwdasynyň çäklendirilmegi we onuň bahasynyň yzygiderli gymmatlamagy sosial ulgamlarynda dürli ýaňsylaýjy memleriň hem döremegine getirdi. Olaryň birinde çilimiň gutusynyň suratynyň ýüzünde “merkezdäki bir otaglyk jaýa çalyşaryn” diýen ýazgy ýerleşdirilip, çilimiň ýokary bahasy ýaňsa alnypdyr.

Şeýle-de, Türkmenistandaky temmäki önümleri bilen bagly çäklendirmeler çilim çekýän adamlary “temmäki” dolap ýa-da dürli otlary guradyp çekmäge mejbur edýär. Azatlygyň habarçylary bu barada birnäçe ýyl bäri habar berip gelýärler. Saglyk hünärmenleri munuň çilimden has zyýanlydygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda karar kabul edildi.

Bu karara laýyklykda, garamagyndaky edara görnüşli taraplaryň üsti bilen çilimiň lomaý we bölek satuw söwdasyny amala aşyrmaga, şeýle-de olaryň resmi bölek satuw bahalaryny kesgitlemäge diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ygtyýar berildi.

Kararyň kabul edilmeginiň yzýany 2016-njy ýylda döwlet dükanlarynda ortaça 3 manatdan satylan çilimleriň bahasy, soňky 4 ýylyň dowamynda azyndan 10 esse gymmatlady, Şeýle-de, ýurduň döwlet dükanlarynda çilimiň satuwy wagtal-wagtal çäklendirildi.

Munuň bilen bir wagtda, hususy eýeçilikdäki dükanlaryň köpüsinde çilimiň aç-açan söwdasy dowam edýär. Döwlet dükanlarynda 30-40 manatdan satylýan çilimler hususyýetçilerde 60-70 manatdan bahalanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG