Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda çilimiň bahasy ýene gymmatlady. Döwlet dükanlarynda çilim däneläp satylyp başlandy


Azatlygyň habarçylary köp adamyň bir gezekde ýarym çilim çekýändigini habar berýärler.
Azatlygyň habarçylary köp adamyň bir gezekde ýarym çilim çekýändigini habar berýärler.

Mary welaýatynda iň arzan çilimiň bir gutusy 140 manatdan we iň gymmat çilimiň bir gutusy 700 manatdan bahalanýar. Döwlet dükanlarynda çilim däneläp satylyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär.

"Şu gün Maryda iň arzan çilimiň bir gutusy 140-160 manatdan we onuň dänesi bolsa 7-8 manatdan bahalanýar. Il arasynda "Duty Free çilimleri" diýlip atlandyrylýan çilimleriň bahasy bolsa 500-700 manat aralygynda bahalanýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 23-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Geçen hepdäniň ahyrynda Azatlyk bilen gürleşen çilimkeşler iň arzan çilimiň bir gutusynyň 120 manatdan we onuň bir dänesiniň bolsa 6 manatdan bahalanýandygyny gürrüň berdiler.

Habarçy hususy dükanlardan çilim satyn almaga maddy mümkinçiligi bolmadyk adamlaryň döwlet dükanlaryna aýlanyp, çilim gözleýändigini aýdýar. Ýöne ol çilimiň döwlet dükanlarynyň hemmesinde tapdyrmaýandygyny belläp, käbirinde olaryň däneläp satylyp başlanandygyny aýdýar.

"Indi hökümet dükanlarynda-da çilimiň her bir dänesi 7-8 manatdan satylýar. Adamlar çilimsiz gaty kösenýär. Şu günler adamlar 1-2 däne çilim satyn alsa, filterlerini aýryp çekýärler. Köp adam 30-35 ýyl bäri çilim çekip gelýär. Olaryň arasynda çilimsizlikden syrkawlaýanlar hem bar" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda karar kabul edildi.

Bu karara laýyklykda, garamagyndaky edara görnüşli taraplaryň üsti bilen çilimiň lomaý we bölek satuw söwdasyny amala aşyrmaga, şeýle-de olaryň resmi bölek satuw bahalaryny kesgitlemäge diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ygtyýar berildi.

Kararyň kabul edilmeginiň yzýany 2016-njy ýylda döwlet dükanlarynda ortaça 3 manatdan satylan çilimleriň bahasy, soňky 4 ýylyň dowamynda 13 esse gymmatlap, 2020-nji ýylda 40 manada ýetdi. Şeýle-de, ýurduň döwlet dükanlarynda çilimiň satuwy wagtal-wagtal çäklendirildi.

Munuň bilen bir wagtda, hususy eýeçilikdäki dükanlaryň köpüsinde çilimiň aç-açan söwdasy dowam edýär. Döwlet dükanlarynda 30-40 manatdan satylýan çilimler hususyýetçilerde 60-70 manatdan bahalanýar.

Ýurtda çilimiň söwdasynyň çäklendirilmegi we onuň bahasynyň yzygiderli gymmatlamagy çilim çekýän adamlary “temmäki” dolap ýa-da dürli otlary guradyp çekmäge mejbur edýär. Azatlygyň habarçylary bu barada birnäçe ýyl bäri habar berip gelýärler. Saglyk hünärmenleri munuň çilimden has zyýanlydygyny aýdýarlar.

"Adamlar çilime derek tut, maklýura ýapragyny we dürli otlary guradyp çekýärler. Öň köp adamyň öýleriniň diwarlarynda gözden, dilden gorasyn diýip, ýüzärlik asylgy durýardy. Şu günler bu köp öýde ýok. Sebäbi adamlar çilimiň ornuna ýüzärligi çekmeli bolandyklaryny aýdýarlar. Hatda olar "dolamana gazet ýok" diýip, otlary okuw depderleriniň kagyzyna dolap çekýärler . Munuň yz ýany adamlar "öýkenim agyrýar" diýip ýatýarlar ýa-da güýçli üsgürip başlaýarlar" diýip, maryly habarçy aýtdy.

Munuň bilen bir wagtda, habarçy temmäkiden öndürilýän önümleriň, şol sanda mahorkanyň we otlaryň bahasynyň hem yzygiderli gymmatlaýandygyny belleýär.

"Adamlar mundan birnäçe aý öň bazarlarda mahorkanyň 1 kilogramynyň 50 manatdan satylandygyny aýdýarlar. Häzir onuň bahasy 400 manada ýetdi. Ýöne ony hem tapyp bolmaýar" diýip, habarçy aýtdy.

Maglumat üçin aýtsak, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurtda iň pes aýlyk haky 870 manat möçberinde kesgitlenildi. Azatlygyň habarçylary ýurduň orta mekdeplerinde doly stawka görnüşinde işleýän mugallymlaryň ortaça aýlygynyň 1400-1600 manada barabardygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, Marydan gowşan maglumata görä, sebitdäki azyk ýagdaýy hem barha ýaramazlaşýar. Maryda ir sagat 8-de, käte 9-da açylýan döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlar daňdan sagat 4-de başlanýar.

"Dükanda her adama 5 sany ýumurtga berilýär. Onuň bäşisi 3 manada barabar. Adamlar ir sagat 4-de baryp, nobatda ilkinjileriň hatarynda boljak bolup sagat 8-9-a çenli garaşýarlar. Sebäbi nobatda ilkinjileriň hatarynda durmasaň, ýumurtga hemme adama ýetmeýär. Hususy dükanlarda 1 ýumurtga 1 manat 50 teňňeden satylýar" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG