Azerbaýjan Ermenistanyň çäginde ýerleşýän raketa atyjy bir desga zarba urandygyny tassyklady. Baku bu desganyň asuda raýat sebitlerini nyşana almak üçin ulanylandygyny öňe sürýär. Bu zarbany tassyklamak bilen Azerbaýjan iki hepde bäri dowam edýän söweşlerde ilkinji gezek Ermenistanyň çägindäki nyşanalary urandygyny boýun aldy.
Kawkaz goňşulary Azerbaýjanyň bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde onlarça ýyl bäri dowam edýän konfliktlere sezewar boldy, ýöne häzirki söweşiň Russiýany we regional güýç Türkiýäni has giň çaknyşyga çekmeginden gorkulýar.
Ankara we Moskwa 14-nji oktýabrda Daglyk-Garabagyň durumyny çözmek üçin halkara jemgyýetçiliginiň araçylygyndaky gepleşiklere dolanyp gelinmelidigi barada birek-biregi höweslendirdi, ýöne Türkiýe “basylyp alnan ýerleriň” Azerbaýjana gaýtarylmagyny talap etdi.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 14-nji oktýabrda “Ermenistanyň serhet ýaka sebitlerinde, basylyp alnan Kalbajar sebitinde” ermeni taktiki ballistik-raketa ulgamyny ýok edendigini aýtdy. Ministrlik desganyň çäginde “raýat infrastrukturalarynyň ýokdugyny” aýtdy.
Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Ermenistanyň raketa ulgamyna Azerbaýjanyň zarba urandygyny tassyklady, ýöne öz ýurdunyň Azerbaýjana ok atýandygyny ýa-da asuda ilatly sebitleri nyşana alýandygyny ret etdi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin türk prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde söweşi soňlandyrmak üçin liderleriň arasynda hyzmatdaşlyga çagyrdy diýip, Kreml aýtdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.