Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow wezipeden çekildi


Sooronbaý Jeenbekow
Sooronbaý Jeenbekow

Parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy geçirilen köpçülik protestlerinden soň Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow wezipeden çekildi. Saýlawlar oňa we onuň hökümetine ilteşikli partiýalara ýeňiş getirdi.

15-nji oktýabrda beren resmi beýanatynda Jeenbekow ýurtda “parahatçylygyň hem-de jebisligiň islendik wezipeden has möhümdigi sebäpli” özüniň işden aýrylmak kararyna gelendigini aýtdy.

“Men Gyrgyzystanyň taryhynda öz raýatlaryna ot açan ganly prezident hökmünde tanalmak islemeýärin” diýip, ol beýanatda aýtdy.

“Şonuň üçin men işden aýrylmak kararyna geldim” diýip, ol belledi.

Jeenbekow parlamentiň Sadyr Japarowy ýurduň täze premýer-ministri hökmünde wezipä saýlamak kararyny özüniň tassyklamagyndan bir gün soň işden çekilýär.

Protestleriň dowamynda uzak möhletli türme tussaglygyndan boşadylan Japarowyň wezipesiniň tassyklanmagy Gyrgyzystany krizisiň çözgüdine tarap herekete getirdi. 4-nji oktýabr parlament saýlawlarynyň resmi netijeleri boýunça geçirilen demonstrasiýalar ýurdy krizise sezewar etdi.

Saýlawlarda sesleriň satyn alynmagyna we beýleki bidüzgünçiliklere gaharlanan protestçiler 6-njy oktýabrda hökümet binalaryny ele geçirenden soň saýlaw netijeleri ýatyryldy.

Köpçülik protestleri hökümeti we parlamentiň spikerini işden çetledenden soň Jeenbekow özüniň beren ilkinji beýanatynda täze hökümet döredilenden hem-de ýurtda ýagdaýlar kadalaşandan soň işden çekilmäge taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG