Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda prezidentiň ygtyýarlyklary premýer-ministr Žaparowa geçirildi


Sadyr Žaparow
Sadyr Žaparow

Gyrgyzystanyň parlamenti prezidentiň ygtyýarlyklarynyň täze saýlanan premýer-ministr Sadyr Žaparowa geçirilendigini tassyklady.

16-njy oktýabrda geçirilen mejlisde kanun çykaryjylar paýtagt Bişkekde bäş gün bäri dowam edýän adatdan daşary ýagdaýy hem ýatyrdylar.

Gyrgyzystanyň dawaly saýlawlaryndan soň turan gozgalaň arasynda türmeden boşadylan, ozal adam gaçakçylygynda günäli tapylan we şu hepde premýer-ministr saýlanan syýasatçy 15-nji oktýabr güni giçlik hökümet binasynyň öňüne çykyp, prezident işden çekilenden soň, häzirki pursatda ähli ygtyýarlygyň öz ellerine geçendigini aýtdy.

Sadyr Žaparow bu sözleri prezident Sooronbaý Jeenbekow 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy bildirilen köpçülikleýin protestlerden soň, resmi web sahypasynda işden çekilýändigini yglan edeninden birnäçe sagat soň aýtdy.

Saýlawlarda Jeenbekow we onuň hökümeti bilen baglanyşykly syýasy partiýalar ýeňiş gazanypdy.

"Prezident Jeenenbekow şu gün işinden çekildi, mejlisiň başlygy wezipesini ýerine ýetiriji prezidentiň wezipesini öz üstüne alyp bilmejekdigini aýtdy, şonuň üçin şu pursatndan başlap ähli ygtyýarlyk meniň elimde" diýip, Žaparow Bişkek şäheriniň merkezinde toplanan mähellä ýüzlenip aýtdy. "Sag boluň, siz indi öýe gidip bilersiňiz" diýip, ol sözüni jemledi.

Protestçileriň bu beýanata nähili jogap berjekdigi entek belli däl.

XS
SM
MD
LG