ABŞ-da koronawirus näsaglarynyň sany 8 milliondan geçdi, ýurtda her gün on müňlerçe adama wirus ýokuşýar we keselçilik barha köp sebite ýaýraýar.
Jon Hopkins uniwersitetiniň hasabatyna görä, ABŞ-da 15-nji oktýabrda gündelik 60,000 töweregi adama wirus ýokuşdy.
Bu 14-nji awgustdan bäri görlen iň uly keselçilik görkezijisi boldy.
Saglyk hünärmenleri wirus ýokuşmasynyň derejesiniň beýle ýokarlanmagynyň sebäbini bilenoklar, ýöne olar koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görlen çäreleri gowşadan adamlara we okuwçylaryň mekdeplere hem-de kollejlere gaýdyp gelmegine yşarat edýärler.
Wirus ýokuşmalarynyň Birleşen Ştatlarda yzygiderli ýokarlanýandygy baradaky habar täze ýokanç keseliň ýokuşmagynyň Ýewropada hem ýokarlanýan wagtyna, iki yklymda hem howanyň sowap başlamagyna gabat geldi.
Saglyk hünärmenleri bu ýagdaýyň keselçiligiň has köpelmegine getirip biljekdigini, sebäbi sowuk howanyň adamlary öýlerinde köp oturmaga mejbur etjekdigini duýdurýarlar.
15-nji oktýabrda ýaýradylan maglumatlar Germaniýada, Çehiýada, Italiýada we Polşada täze tassyklanan ýokuşmalaryň derejesiniň ýaz paslynda hasaba alnanlar bilen deňeçer derejä ýetendigini görkezdi.
Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) Ýewropa bölüminiň başlygy, doktor Hans Kluge 15-nji oktýabrda guralan metbugat ýygnagynda ýewropa ýurtlarynda görülýän häzirki çäklendiriji çäreleriň, emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, örän zerur bolup durýandygyny aýtdy.