Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda ýene Lukaşenka garşy protest geçirilýär


Aýallar ýörişi.
Aýallar ýörişi.

Belarus 18-nji oktýabrda Aleksandr Lukaşenkanyň awtoritar dolandyryşynyň bes edilmegine çagyrýan protestlere taýýarlanýar.

1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Lukaşenka 9-njy awgustda geçirilen saýlawda ýeňiji diýlip yglan edileli bäri, ses berişligiň galplaşdyrylandygy barada bildirilýän aýyplamalar sebäpli, ýurtda başlan protest çäreleri dowam etdirilýär.

Ses berişlikde iş başyndaky prezidentiň esasy garşydaşy bolan Swetlana Tihanowskaýa saýlawdan soň Litwa gaçmaga mejbur boldy, tarapdarlary we beýlekiler onuň bäsleşikde ýeňendigini aýdýarlar.

Tihanowskaýa we onuň tarapdarlary şu hepde Lukaşenkanyň 25-nji oktýabrda işinden aýrylmalydygyny, bolmasa tutuş ýurt boýunça iş taşlaýyşa çagyrjakdyklaryny aýdyp, basyşlaryny güýçlendirdiler.

ÝB we ABŞ Lukaşenkany Belarusyň kanuny ýolbaşçysy hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürdiler.

Protestçiler 18-nji oktýabrda paýtagt Minskde soňky iki aýyň dowamynda adat bolan protest demonstrasiýalaryny dowam etdirýärler. Bu çäre her ýekşenbede on müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçýär.

17-nji oktýabrda onlarça aýal Minskiň köçelerinden ýöriş etdi. “Wýasna” adam hukuklary topary 30-dan gowrak adamyň polisiýa tarapyndan alnyp gidilendigini aýdy.

XS
SM
MD
LG