Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Azerbaýjany we Ermenistany ýaraşyk ylalaşygyna hormat goýmaga çagyrýar


Daglyk-Garabag söweşinde ot açyşlygy bes etmek boýunça ýene bir ylalaşyk howp astynda.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howpsuzlyk Geňeşi bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitindäki ýagdaýlar boýunça 19-njy oktýabrda geçirilen ýapyk geňeşmelerden soň Ermenistany we Azerbaýjany täze ýaraşyk ylalaşygyna hormat goýmaga çagyrdy.

Şeýle-de, Geňeşiň 15 agzasy BMG başlygy Antonio Guterrişiň ýaraşyk ylalaşygyna hormat goýulmagy barada taraplara eden ýüzlenmesini gaýtalady. Azerbaýjan we Ermenistan 17-nji oktýabrda täze ýaraşyk yglan etdi.

Sebitde 27-nji sentýabrda agyr söweşler başlanaly bäri ot açyşlygy bes etmek boýunça edilen ikinji synanyşyk etniki ermeni güýçleriniň hem-de Azerbaýjanyň täze top atyşlyk boýunça birek-biregi aýyplamagy bilen 19-njy oktýabrda howp astyndady.

AFP habar agentligi şahsyýeti aýdylmaýan diplomatlara salgylanyp, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine wagtlaýyn prezidentlik edýän Russiýanyň ot açyşlygy bes etmek ylalaşygynyň berjaý edilmegine çagyrýan bir beýanatyň üstünde işleýändigini habar berdi.

Beýanatyň Azerbaýjany we Ermenistany Russiýanyň, Fransiýanyň we ABŞ-nyň başlyklyk edýän Minsk toparynyň araçylygyndaky gepleşiklere dolanmaga çagyrmagyna garaşylýar.

Şu aý Russiýanyň araçylygynda gazanylan ylalaşyk Günorta Kawkazda 90-njy ýyllardan bäri ýüze çykan we ýüzlerçe esgeriň hem-de asuda raýatyň ölümine getiren iň agyr söweşi togtatmakda şowsuz boldy.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan TASS habar agentligine beren interwýularynda özleriniň Moskwada duşuşmaga taýýardyklaryny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG