Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz parlament saýlawlarynyň täze senesi belli boldy


Gyrgyz parlamenti
Gyrgyz parlamenti

Gyrgyzystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy täze parlament saýlawlarynyň 20-nji dekabrda geçiriljekdigini mälim etdi. 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleri, soňy bilen tutaşan protestlerden soň ýatyrylypdy. Protestler sebäpli gyrgyz hökümeti, parlament spikeri çetleşdirildi, şeýle-de prezident Sooronbaý Jeenbekow wezipesinden çekildi.

Gyrgyzystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy parlament saýlawlarynyň täze senesini 21-nji oktýabrda tassyklady.

Geçen hepde Jeenbekow wezipesinden çekilenden soňra, kanunçykaryjylar täze premýer-ministr hökmünde ozalky milletçi syýasatçy we adam gaçakçylygynda günäli tapylan Sadyr Japarowy saýladylar. Japarow protestleriň arasynda 6-njy oktýabrda tussaglykdan azat edilipdi. 16-njy oktýabrda Jeenbekow wezipesinden çekilýändigini yglan edeninden soň, prezidentiň ygtyýarlyklary hem Japarowa geçdi.

Kanuna görä, prezident wezipesinden çekilenden soňra, täze saýlawlar üç aýyň içinde geçirilmeli. Kanun prezidentiň wezipesini ýerine ýetirýän adamyň prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmegine rugsat bermeýär. Şol sebäpli Japarow bu saýlawlara gatnaşyp bilmez.

Emma şu hepdäniň başynda Japarow eger-de kanun üýtgedilse, onda özüniň saýlawlarda dalaş edip biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG