Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýaşulular 'manat nobatlaryny azaltmaly', soragy bolanlar bilen 'aýratyn gepleşilýär'


Nagtla\dyrmasy kynlaşan manat

"Welaýat häkimliginden berlen tabşyryga görä, biz indi nagt däl söwdany hökman ýola goýmaly, adamlar günde-günaşa bankomat gözläp, pul sorap, aýlanyp ýörmez ýaly etmeli. Eger kimde sorag bar bolsa, aýratyn gepleşeris" diýip, çykyş eden resmi sözüni jemledi.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady çökgünlik we pandemiýa çäklendirmeleri şertlerinde çuňlaşan maliýe meselelerini çözmek üçin öň barlanan usullara, oba ýaşulularynyň töwellasyna we adamlara has kän basyş etmäge daýanmak kararyna gelene meňzeýär.

Mary welaýatynyň Garagum etrabyndan gelip gowşan maglumata görä, birinji gün etrap häkimligine çagyrylan adamlara "Pul ýok, pul meselesi gaty kyn, ýöne soragyňyz bolsa, aýratyn gürleşeris" diýdiler.

Ýygnakda çykyş eden resmi "bankomat meselesini çözmek, nagt pul gözläp ýören adamlary azaltmak" we bu meselede ýaşulularyň hem-de hukuk goraýjy işgärleriň oýnamaly roly barada özüne welaýat häkimliginde tabşyrylan zatlary aýtdy we başga hiç pikir bilen gyzyklanmady.

Bu ýygnaga, ýaşulular bilen birlikde, Garagum etrabynyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, ýerli edara-kärhanalaryň wekilleri hem gatnaşdy.

"Biz-ä, dogrusy, zol-zol häkim çalşyp duransoň, kimiň kimdigini hem tanamaýarys" diýip, ýygnaga gatnaşan aksakgal ýaşuly esasy gürrüňiň nagt däl söwda hakynda bolandygyny gürrüň berdi.

"Adamlar, esasanam ýaşulular, obalarda sizsiz ne toý, ne ýas sowulýar, siz obanyň ýüzi we sözi, gaýrat ediň, bankomat meselesini çözmäge kömek ediň" diýip, çykyp gürlän ýaş adam aýtdy. Onuň pikiriçe, biz oba adamlaryna nagt däl söwda ediň diýmeli, eger indiki aý nagt däl söwdany hem oňarmasalar, onda näme diýmeli?" diýip, ýetmiş ýaşlaryndaky ýaşuly bu gürrüňe gaty geň galandygyny gizläp hem durmady.

Bu maglumaty Azatlyk bilen gürleşen ikinji çeşme hem tassyklady. "Geçen hepde welaýat häkimliginde hem uly ýygnak geçirilip, esasan nagt däl söwda meselesini gowulandyrmak hakynda gürrüň edildi, etrap häkimligindäki ýygnak şonuň netijesi bolmaly" diýip, hökümetdäki çeşme aýtdy.

Ýygnakda salgyt gullugynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekillerine hem anyk tabşyryk berildi.

"Siz telekeçilere aýdyň, kimiň dükanynda hasaplaşyk terminaly bolmasa, goý, derrew terminal satyn alsyn; telekeçiligi ýok bolsa, onda telekeçilik açsynlar, bolmasa agyr jerime ýazyň, ertir dükanlaryny açmaga gorksunlar" diýip, çykyş eden resmi aýtdy. Şeýle-de ol telekeçiligi bolan dükanlaryň terminaldan, nagt däl söwda etmegi doly ýol goýmaklaryny talap etdi.

Onuň sözlerine görä, azam bolsa, halkyň belli bir bölegini, aýlygy ýa kömek puly plastik karta geçýän adamlary nagt däl söwda geçirmek şu günki günde "esasy mesele" bolup durýar.

"Welaýat häkimliginden berlen tabşyryga görä, biz indi nagt däl söwdany hökman ýola goýmaly, adamlar günde-günaşa bankomat gözläp, pul sorap, aýlanyp ýörmez ýaly etmeli. Eger kimde sorag bar bolsa, aýratyn gepleşeris" diýip, çykyş eden resmi sözüni jemledi.

Sorag kändi, obada adamlar hökümetiň manadyna näme bolandygyny, näme üçin bankomatda puluň ýokdugyny soraýarlar, iki adamyň başy çatylsa, şol sorag berilýär, emma häkimlikde sorag beren tapylmady diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Puluň bolmazlygy bir mesele, bularyň adamlar bilen gepleşişi ikinji mesele. Häzir wezipä bellenýän resmiler meniň kiçi oglum ýa uly agtyklarym bilen duşdaş, emma olar atasy ýaly adamlar bilen öýde ýakymsyzlyk eden garagol çaga ýüzlenen ýaly, 'aýratyn gepleşeris' diýip, haýbat atyp gürleşýärler. Aýdyş äheňinden çen tutsaň, ol bu sözleri "soragyňyz bolsa, gaty görmäň" diýen manyda aýdýar diýip, radionyň ýaşuly söhbetdeşi nägileligini bildirdi.

Azatlyk türkmenistanlylaryň ýurt içinde we daşynda pul nagtlaşdyrmakda, plastik kartlar arkaly hasaplaşmakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada 2015-nji ýyldan bäri maglumat berýär.

Eger-de başga ýurtlaryň bank kartlary nobatlaryň azalmagyna, hasaplaşygyň has çalt amala aşyrylmagyna getirse, türkmen bank kartlary nobatlaryň, gykylyk-galmagalyň köpelmegine, iň beteri bolsa, döwleti maliýe-ykdysady ýagdaýlary barada uly soraglaryň döremegine alyp geldi.

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri bu soraglara resmi düşündiriş bermeýär we, 1990-njy ýyllaryň başynda girizilen durmuş ýeňilliklerini ýatyrjak bolanlarynda ulanan usullaryny, ýaşululary öňe tutmagy ýene bir gezek synap görjege meňzeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG