Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bankomat nobatyna garaşýan adamlar: “Gerek bolsa, şu bankomatyň öňünde ýatyp-turarys!”


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bankomat nobatyna garaşýan adamlar.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bankomat nobatyna garaşýan adamlar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyk döwründe, maryly ýaşaýjylaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary dowam edýär.

“Şu günler Mary welaýatynyň bankomatlaryndan pul nagtlaşdyrmakçy bolýan adamlar öz pullaryny, ýagny 3-4 aý bäri bank kartlarynda duran aýlyk haklaryny, pensiýalaryny, maýyplara berilýän döwlet kömek pullaryny, çagalara berilýän posobiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, pagtaçy daýhanlar pagtanyň 10 günlük pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler” diýip, habarçy 12-nji oktýabrda Marydan habar berdi.

Onuň maglumatyndan mälim bolşuna görä, banklar adamlaryň bankomat nobatlaryny düzgünleşdirmek maksady bilen nobatlary talon esasynda ýola goýmaga synanyşýar, ýöne bu hem ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, şowly netije bermeýär.

“Şu gün irden Mary şäheriniň ýaşaýjylary Mollanepes köçesinde ýerleşýän Senagat bankyna we Garagum bankyna baryp, pullaryny nagtlaşdyrmakçy boldular. Ol adamlaryň elinde geçen hepde alnan talonlar bardy” diýip, habarçy habar berdi.

Ol talonlaryň ýüzünde 12-nji oktýabr senesiniň görkezilendigini we talon eýesiniň pul nagtlaşdyrmaly wagtynyň hem-de sagadynyň ýazylandygyny, bu talonlary bir hepde mundan ozal adamlara banklaryň berendigini habar berdi. Maglumatdan mälim bolşuna görä, adamlar bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak üçin ilki bank tarapyndan berlen talon arkaly nobat belleýär, talonyň ýüzünde onuň eýesiniň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmaly wagty ýazylýar.

Ýöne 12-nji oktýabra wagt berlen adamlar talonlary bilen bankomatlaryň öňüne baranlarynda olar garaşylmadyk bir sahna şaýat bolýarlar.

“Bank işgärleri olara spisokda atlarynyň ýokdugyny aýtdy. Adamlar ‘bize talon berip, aldadygyňyz bolýarmy? Siziň özüňiz berdiňiz bu talonlary, biz bir hepde garaşyp, şu gün (12-nji oktýabrda) pullarymyzy nagtlaşdyrarys diýen umyt bilen, arkaýyn gezip ýörüs. Indi näme etmeli? Biz ýene şu gün pulsuz galmalymy?” diýip, habarçy nobata duran adamlaryň sözlerini getirdi.

Onuň sözlerine görä, adamlar soňky 3-4 aýyň dowamynda özleriniň bankomatlardan diňe bir gezek 400 manat möçberinde pul nagtlaşdyryp bilendiklerini aýtdylar.

Bank işgärleri adamlara 14-nji oktýabrda täzeden talon alyp, bankomatdan pul nagtlaşdyrmak üçin gaýtadan nobat bellemegi maslahat berdi. Habarçy bu teklibiň adamlary kanagatlandyrmandygyny habar berdi – olar bank işgärleriniň “hödürlän çözgüdine ynamsyz çemeleşdi”.

Ol bank işgärleriniň adamlara bankda puluň ýokdugyny düşündirmek boýunça eden synanyşygy barada habar berdi.

“Biz hem aýt diýilýän zady aýdýarys. Düşüniň. Häzir çynymy aýtsam, ‘pagtaçylaryň puluny bermeli’ diýip, şäheriň bankomatlaryna pul salmaýarlar. Ähli bankdaky pullary etraplara paýlarlar. Olam her etraba sähelçe pul gidýär. Öňki döwür ýok, adamlar!” diýip, bank işgärleri ýygnananlara ýüzlendi.

Habarçy özüniň käbir etraplaryň bankomatlaryna aýlanyp görendigini, ýöne etrap ýaşaýjylarynyň hem öz pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini habar berdi.

“Etraplaryň bankomatlaryna aýlanyp gördüm, etraplardaky bankomatlara hakykatdan-da pul salnypdyr emma näçe pul salnypdyr, ony hiç kim bilmeýär. Adamlar bankomatlaryň öňünde uly nobat bolup durlar emma hiç biri pul nagtlaşdyryp bilmeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, etrap bankomatlarynyň ekranynda aragatnaşygyň ýokdugy barada ýazgy peýda bolup, bankomatlar ýa karty yzyna çykarýar ýa-da karty özünde saklap galýar.

“Her bankomadyň öňünde bankomada gözegçilik edýän bir gözegçi goýlupdyr. Ol aljyraýar, sebäbi hiç kim pul çekip bilmeýär” diýip, habarçy habar berdi.

Ol bankomat gözegçisiniň telefon üsti bilen beýleki käbir etraplara jaň edip, ol ýerlerde-de adamlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini anyklandygyny aýtdy.

“Beýleki etraplar hem edil biziňki ýaly, hemme ýerde “swýaz ýok” diýip ýazýar” diýip, habarçy 2-3 etraba jaň eden bankomat gözegçisiniň sözlerini getirdi.

Bankomat ekranynda aragatnaşygyň ýokdugyny aýdýan ýazgynyň peýda bolmagy, nobata garaşýan adamlarda, habarçynyň sözlerine görä, Internetiň pesdigi sebäpli bankomatlaryň işlemeýändigi barada pikir döretdi.

Bu ýagdaý bankomat nobatyna garaşýan adamlarda dürli çaklamalaryň döremegine getirdi. Bankomatlaryň ekranynda aragatnaşygyň ýokdugyny aýdýan ýazgy boýunça häkimiýetleriň ilaty islendik düşündirişden mahrum etmegi we maglumat gümürtikligine tutanýerli dowam etmegi bankomat nobatyna garaşýan adamlaryň problemanyň sebäpleri boýunça öz wersiýalaryny öňe sürmeklerine getirdi.

“Meniň ýoldaşym “swýazda” işleýär. Geçen 6-njy güni öýe geleninde ‘Internetiň güýjüni haýallatdylar’ diýip aýdypdy” diýip, nobata garaşýan bir aýal ýygnananlara gürrüň berdi. Ol welaýatda bankomatlaryň kadaly işlemegine pes Internetiň böwet bolýandygyny öňe sürdi.

Azatlyk Radiosy pes Internet bilen pulsuz bankomatlaryň arasynda bardygy öňe sürülýän arabaglanyşygy Mary welaýatynyň “Senagat bank” we “Garagum” banklarynyň resmilerine tassykladyp bilmeýär. Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady çökgünlikden, şol sanda ýiti nagt ýetmezçiliginden ejir çekýär.

“Adamlar dargaman, umytlaryny ýitirmän, gerek bolsa şu bankomadyň öňünde näçe gün gerek bolsa ýatarys, mundan öň görmedik zadymyz däl diýip, nobatlaryny dargatman garaşmak netijesine gelip, garaşyp otyrlar” diýip, habarçy habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG