Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzyň heläkçilikli ölümine gabanjaňlyk esasynda dörän tabşyryk sebäp bolupdyr


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň Çuý oblastynyň içeri işler uprawleniýesiniň Alamudun raýon bölümi 14-nji oktýabrda adam öldürenlikde güman edilýän üç adamy, ýagny bir aýal bilen iki erkek kişini deslapky türme tussaglygyna aldy. Olar 26 ýaşly Aýgerim Tokbaýewany öldürenlikde güman edilýär. Pajygaly hadysa Aşakky Ala-Arça aýlagynda ýüze çykdy.

Derňewiň deslapky maglumatlaryna görä, gyzyň ölümine gabanjaňlyk sebäp bolupdyr, onuň ölümini bir aýal buýrupdyr. 2020-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda ýüze çykan heläkçilik paýtagt Bişkegi sarsdyrdy, ol köp günläp habar serişdeleriniň sahypasyndan düşmedi.

Ýatlatsak, şol gije iki näbelli adam Aşakky Ala-Arça aýlagynda Aýgerim Tokbaýewanyň öýüne girip, onuň 62 ýaşly kakasyny ýaralapdyrlar, Aýgerimiň özüni bolsa pyçaklapdyrlar. Ol pyçak ýarasyndan şol ýerde jan beripdir.

Milisiýa bölümi bolan ýagdaý esasynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň «bilkastdan adam öldürmek» maddasy esasynda jenaýat işini açypdyr. Şeýle hem 14-nji oktýabrda bu jenaýat bilen baglanyşykly şübhe bildirilýän 31 ýaşly aýaly, onuň 28 ýaşly sürüjisini hem ýene-de 31 ýaşly bir adamy saklapdyrlar.

Çuý oblastynyň içeri işler bölüminiň metbugat-sekretary Nurgül Nusupowa bu iş barada şeýle diýdi.

‒ Häzirki toplanan maglumatlara görä, jenaýat gabanjaňlyk zerarly ýüze çykypdyr. Bellemeli ýeri, Çuý oblastynyň içeri işler uprawleniýesi hem-de Alamudun raýon içeri işler bölümi bolup geçen ýagdaýy ünsli derňediler hem jenaýatyň üstüni açdylar. Netijede, ol jenaýatda şübhe bildirilýänleri sakladylar. Häzirki wagtda olaryň ählisi içeri işler bölüminiň deslapky tussaghanasynda – diýip mälim etdi.

Jemgyýetdäki ýowuzlyk durnuksyzlygyň alamaty

Merhumyň ýakynlary bolup geçen hadysa barada nähilidir kommentariýa bermekden saklanýarlar. Ol gyzyň daýzasy diýlip tanalýan aýal derňew işleri doly geçirilýänçä hem oňa kazylyk höküm çykarýança, metbugat wekilleri bilen gepleşmek islemeýändigini aýtdy.

Muňa garamazdan, bolup geçen waka sosial ulgamda giň çekişmäniň döremegine sebäp boldy. Köpler jemgyýetdäki ýowuzlyk şeýle heläkçilige alyp barýar, gabanjaňlyk iş ýüzünde iki aýalyň ykbalyny zaýalady diýip ýazýarlar.

Psiholog Nuriza Batyrbekowa munuň bilen ylalaşyp, ykdysady durnuksyzlygyň, jemgyýetde dowam edýän agyr tolgunyşyklaryň şeýle jenaýata sebäp bolýandygyny, ýowuz hereketleriň köküniň şol agyr şertlerden gaýdýandygyny öňe sürýär.

‒ Häzir bizde syýasy durnuksyzlyk dowam edýär, bu bolsa adamlara ýeňil däl. Haçan-da, hökümet şeýle dartgynly çalşygy başdan geçirende, her bir adamda hem agressiýa güýçlenýär. Ikinji tarapdan, pandemiýa döwründe, köp adam ykdysady kynçylyklara hem ruhy sarsgyna duçar boldy. Sosial kynçylyklar jemgyýetçilik gatnaşyklaryny dartgynlaşdyrýar. Üçünjiden, aslynda güýz möwsümi adam häsiýetinde psihiki näsazlyklaryň hem keseliň ýitileşmegine getirýär. Tutuşlygyna munuň özi nerwi ýagdaýlary bilen bagly. Munuň netijesinde yzyna gaýtaryp bolmajak heläkçilikler döräp bilýär – diýip, psiholog ýagdaýy düşündirýär.

«Biz aýallara özüni sylamagy öwretmeýäris...»

Bilermenleriň aýtmagyna görä, aýallara garşy zorlugyň artmagynyň birnäçe sebäbi bolmaly, olaryň pikirine görä, şol sebäpler düýpli öwrenilmeýär. Mundan daşary-da, olar kanun goraýjy guramalar tarapyndan ýeterlik iş alnyp barylmaýandygyny, türme tussaglygyndan çykanlaryň kadaly durmuşa girişmegine ýardam edilmeýändigini, milletiň psihiki sagdynlygyna ýeterlik üns berilmeýändigini aýdýarlar.

Şotlandiýada ýaşaýan sosiolog-psiholog Gülžamal Şeripkanowa gabanjaňlyk sebäpli dörän adam ölümine şeýle baha berdi.

Gülžamal Şeripkanowa
Gülžamal Şeripkanowa

‒ Beýle heläkçilikde aýallaryň ikisi hem ejir çekýär, biri ölüpdir, beýlekisine türme garaşýar. Şeýle göräýmäge ol ölüme adaty ýagdaý – gabanjaňlyk sebäp bolupdyr. Ýöne oňa jemgyýetçilik şertleri bilen seretsek, bizde aýallary özüne ynamly hem kämil derejedäki şahs edip terbiýelemek işleri başa barman gelýär. Owaly bilen olara «hökmany suratda durmuşa çyk» diýilýär. Eger onuň adamsy zorluk etse, «öz baran ýeriňde saklan, oňuşjak bol» diýýäris hem ony çydamly bolmaga mejbur edýäris. Biz olary «eger depäňde äriň bolmasa, jemgyýet üçin sen hiç kimsiň» diýip ynandyrýarys. Şeýlelikde, aýallaryň mümkinçiliklerini çäklendirýäris. Eger aýallarda ýeterlik bilim hem giň gözýetim bolsa, ol jenaýata, onda-da gabanjaňlyk sebäpli jenaýata gitmez – diýip, Gülžamal Şeripkanowa aýdýar.

Gyrgyzystanyň Milli statistiki komitetiniň maglumatlaryna görä, ýurtda aýallara garşy edilýän jenaýat ýyl saýyn artýar. Meselem, 2015-nji ýylda 896 şeýle ýagdaý hasaba alnan bolsa, 2018-nji ýylda ol görkeziji 917 bolupdyr.

Gyrgyzystandaky aýallar türmesi Çuý oblastynyň Stepnoýe obasynda ýerleşýär. Häzir ol ýerde türmä höküm edilen 400 çemesi aýal bar. Olardan iň ýaşy kiçisi 18, iň ulusy bolsa 75 ýaşa golaýlap barýar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG