Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan kirilden latyn elipbiýine geçmek tagallalaryny güýçlendirýär


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew özbek dilini kirilden latyn elipbiýine doly geçirmek boýunça tagallalary çaltlandyrmak baradaky karara gol goýdy.

Karar özbek diliniň 2020-30-njy ýyllar döwür içindäki dil syýasatyny kesgitleýär.

Kararyň maddalarynyň birine görä, hökümet üç aýyň içinde özbek dilini doly latyna elipbiýine geçirmek boýunça ýol kartasyny düzjek işçi toparynyň düzümini taýýarlamaly we prezidentiň garamagyna hödürlemeli.

Kararyň ýene bir maddasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň apreline çenli hökümet resmileriniň özbek diliniň derejesi barlanar .

Mundan başga-da, 2030-njy ýyla çenli çagalar baglarynyň 80%-inde özbekçe gepleşilmeli, şeýle-de özbek dili boýunça berilýän sapaklaryň sany artdyrylmaly.

1990-njy ýyllaryň başlarynda, garaşsyzlygyna täze eýe bolan Özbegistan kirilden latyn elipbiýine geçip başlady. Şol bir wagtda, kiril elipbiýi heniz hem giňden ulanylýar.

XS
SM
MD
LG