Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda metjide edilen howa zarbasynda 12 çaga öldi


Owganystan

Owganystanyň demirgazygyndaky Takhar welaýatynda metjide edilen howa zarbasynda 12 çaga öldi, başga-da ençemesi ýaralandy. Bu barada owgan resmileri maglumat berýärler.

Howa zarbasy 21-nji oktýabrda Baharak etrabynda ýüze çykdy. Sebit welaýatyň merkezi Takhardan 15 km uzaklykda ýerleşýär.

Wakanyň ýüze çykan güni Takharda “Talyban” jeňçileri owgan howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan onlarça gullukçyny öldüripdi.

Owgan resmileri bu hüjümi amala aşyran jeňçileriň bu ýerde bukuda oturandygy baradaky maglumatdan soň, howa zarbasynyň amala aşyrylandygyny bellediler.

Howa hüjüminiň owgan ýa-da halkara güýçleri tarapyndan amala aşyrylandygy häzirlikçe belli däl.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG