Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus oppozisiýasynyň goýan möhleti gutardy, Pompeo Lukaşenka bilen telefonda gürleşdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Belarusda 25-nji oktýabrda, oppozisiýa tarapyndan işden çekilmegi ýa-da tutuş ýurt boýunça iş taşlanmagy üçin bellenen möhletiň soňlanmagy bilen, ýurt dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka garşy uly ýörişleriň geçirilmegine garaşylýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Belarusyň dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Bu söhbetdeşlik awtoritar dolandyryja oppozisiýa tarapyndan edilýän basyşlaryň barha güýçlenýän we eger-de wezipesinden çekilmese, tutuş ýurt boýunça iş taşlaýyşlara başlanjagy barada goýlan soňky möhletiň öňüsyrasynda geçirildi.

Döwlet departamentiniň 24-nji oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Pompeo belarus-amerikan syýasy strateginiň boşadylmagyny talap etdi, ABŞ-nyň hökümetiniň onuň tussag edilmegini "adalatsyz" hasaplaýandygyny aýtdy.

"Döwlet sekretary bikanun tussag edilen ABŞ raýaty Witaliý Şkliarowyň doly boşadylmagyny we derrew ýurtdan goýberilmegini talap etdi we ABŞ-nyň Belarus halkynyň demokratik isleglerini goldaýandygyny ýene bir gezek tassyklady" diýip, Döwlet sekretarynyň metbugat wekili aýtdy.

Öňki prezident Barak Obamanyň we senator Berni Sandersiň kampaniýalarynda işlän Şkliarow iýul aýynyň aýagynda Belarusa maşgalasyna görmäge baranda tussag edildi.

Ol golaýda boşadyldy we görnetin galp we syýasy hasaplanýan aýyplamalar esasynda, sud seljerişligine çenli syýahat etmekden saklanmaly edildi.

Belarus döwlet habar gullugy BelTA 24-nji oktýabrda Lukaşenka bilen Pompeonyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada başga düýpden başga maglumat berdi.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlarynyň resmi netijelerini kabul etmekden ýa-da Lukaşenka öňki sowet respublikasynyň hakyky lideri hasaplanmagyndan ýüz öwürdiler.

XS
SM
MD
LG