Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Mekdepdäki kemsidilme" hem-de "yza galak ýurduň ýetmezçiligi". "Borat" komediýasy gazaklary ýene kemsidýär


Britaniýaly komik Saşa Baron Koen, ol Borat Sagdiýewiň rolunda oýnady. ABŞ, Los-Anjeles, 2007-nji ýylyň 7-nji noýabry.

«Borat» komediýasynyň dowamy ýurduň içinde hem daşynda ýaşaýan gazagystanlylaryň arasynda ýene-de dürli reaksiýalary döretdi. Birleri ol filmiň görkezilmegini gadagan etmegi talap edýärler, beýlekiler bolsa olaryň artykmaç alada galýandygyny tankyt edýär. Azatlyk Radiosy ol film bir ýurdy, onuň graždanlaryny kemsidýärmi diýen meseläni anyklaşdyrmaga çalyşdy.

«AMERIKANLYLAR NÄDIP ŞEÝLE ÝAKYN»

«Borat gaýdyp gelýär» — ol film şeýle at bilen oktýabr aýynyň soňky ongünlüginde peýda boldy. Onuň premýerasy ABŞ-daky prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda, 23-nji oktýabrda Amazon Prime onlaýn-platformasynda görkezildi.

Onuň ilkinji seriýasy 2006-njy ýylda çykypdy, onda toslanyp tapylan gazak žurnalisti Borat Sagdiýew çykyş edýärdi. Soňky filmde baş gahryman koronawirus pandemiýasy wagtynda ABŞ-a dolanyň gelýär hem wirusy «öldürmäge» çalyşýar. Şeýle hem ol ABŞ-da geçýän prezidentlik saýlawlaryna (ABŞ-da prezidentlik saýlawlary 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda geçýär) syn etmek isleýär.

«Borat»film-parodiýasynyň dowamyna Gazagystanyň içinde ýaşaýanlaryň birnäçesi kadaly garaýar. Olaryň pikirine görä, ýurtda onsuzam mesele az däl, Almatyda ýaşaýan Ýekaterina Pundor muny şeýle kabul edýär.

— Umuman, näme bolanda näme [film çykdy-çykmady].Bizi korrupsiýa-da, ara çäk goýlup geçirilýän okuw hem, beýlekilerem geň galdyranok.[Ýöne] «Borat»filmi bizi gataldýar— diýip ýaňsa alýar.

«Borat» komediýasyndaky Gazagystanyň hyýaly düzülen kartasy.
«Borat» komediýasyndaky Gazagystanyň hyýaly düzülen kartasy.

Studentka Fariza Abdraimowa bolsa ol film Gazagystan barada bolman, eýsem amerikanlylar hakda diýýär.

— Men filmiň 1-nji bölümine ünsli seretmeli diýip hasaplaýan. Ýuduň adyny tutmakdan başga Boratyň Gazagystan bilen hiç hili dahyly ýok. Bu amerikan jemgyýetine parodiýa, ýöne ol biziň agyryly taraplarymyza ýiti seredýär; biziň graždanlarymyz nähili ejiz, ýönekeý zat bilen olaryň duýgusyna täsir etmek mümkin. «Ýewrotur» komediýasynda, Slowakiýa örän ýowuz görkezilýär, şeýle-de bolsa kimdir biriniň mertebesine degmeýär. Komediýada ähli zadyň absurd derejesine ýetirilýändigini hemmeler bilýärler – diýip, Abdraimowa aýdýar.

Onuň bilen işewür topardan bolan Alyýa Süleýmenowa hem ylalaşýar:

— Umuman, biz hasaba alynmazlyk – äsgerilmezlik ýagdaýyna düşünmeli. Eger «Borat»bolmasa, başga bir sebäp tapardylar. Aslynda ol Gazagystan baradaky trailler däl, eýsem amerikan jemgyýetine degişli. Biziňkiler bolsa oňa hiç düşünip bilmeýärler – diýip, ol belleýär.

Britan aktýory Saşa Baron Koeniň oýnaýan «Diktator» filminden görnüş. 2012-nji ýylyň 5-nji maýy.
Britan aktýory Saşa Baron Koeniň oýnaýan «Diktator» filminden görnüş. 2012-nji ýylyň 5-nji maýy.

«Borat»filminde oýnaýan britaniýaly komik Saşa Baron Koen özüniň syýasy düzgüne laýyk gelmeýän oýunlary bilen tanalýar. Onuň bu filmi gizlinlikde alandygy belli. Filmde ABŞ-yň hakyky wise-prezidenti Maýk Pens hem prezident Donald Trampyň şahsy adwokaty Rudi Juliani görünýär, olar komediýanyň surata düşürilişini bilmändirler, soňra bolsa polisiýany çagyrýarlar.

Almatynyň ýaşaýjysy Aýžana «Borat»filminiň başky bölümi ýarapdyr, indi bolsa täze filmiň görkezilmegine ‘sabyrsyz’ garaşýar. Aýžan öz tanyşlarynyň arasynda aktýoryň bolşuna gahary gelýänlere, filmiň görkezilmegini gadagan edýän petisiýa gol toplanmagyna geň galýar.

– «Boratyň»ilkinji seriýasy görkezilende, men 11-nji synpda okaýardym. Şonda meniň geň galan zadym – Koeniň ol ýerde görkezişi ýaly, amerikanlylar nädip şeýle ýakyn diýip oýlandym. Şonuň üçin ondan gaty görmek pikiri mende öňem, soňam bolmady. Häzir onuň görkezilmegine sabyrsyz garaşýan – diýip, Aýžan aýdýar.

Ol möhüm meseleler bar wagtynda, bu filmi ýatyrmagy talap ekjek petisiýa üçin, şeýle köp alada galýandyklaryna “gynanýanyny” hem mälim edýär. Filmi gadagan etjek petisiýa üçin, 107 müňden gowrak gol ýygnalypdyr.

— Aýallara hem çagalara garşy zorluk barada şeýle köp gol ýygnalmady. Bu gynançly ýagdaý – diýip, ol belleýär.

«KÖP ADAMLAR ÜÇIN"BORAT"DEGIŞME DÄL»

Daşary ýurtlarda ýaşaýan gazagystanlylaryň köpüsi jynsparazlyk bilen ýüzbe-ýüz bolanşoň, bu filmiň hyýaly zatdygyny düşündirmäge mejbur bolýarlar. Bu barada sosial ulgamlarda, meselem, #CancelBorat (Boraty aýyrmaly), #WhereBoratLives (Borat nirede ýaşaýar), #StopBorat (Borat dur)ýaly köp sanly heştegler peýda boldy.

«Borat» filminiň dowamyny görkezmegi gadagan etmäge çagyrýan petisiýanyň skrinşoty.
«Borat» filminiň dowamyny görkezmegi gadagan etmäge çagyrýan petisiýanyň skrinşoty.

«Biz her gezek beýleki milletlere munuň parodiýadygyny düşündirmeli bolýarys.Nähili-de bolsa, biziň görşümize görä[bu filmiň maksady]degişme däl, onda bir ýurda hem onuň halkyna hormat ýok»diýip, Avaaz.orgsaýtynda 107 müňde gowrak adamyň gol çeken petisiýasynda aýdylýar.

Ol petisiýa gol çekenlerden biri Darina Kim köp ýyldan bäri ABŞ-da ýaşaýar hem işleýär. Onuň öz adamsy bilen bilelikde Sietllde (Waşington ştaty) öz restoranlary bar. Ol «Borat»filmi çykandan soň jynsparazlyk hem kemsidilme bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdýar.

— Şol filmi meniň atamyň ilkinji gezek görşüni hiç wagt ýadymdan çykaryp bilmen. Onuň ýüzünde üstünden gülünýändigi hem kemsidilme peýda boldy. Şol duýgynyň täsirinden onuň tasdan ýüreginden tutupdy, biz medisina kömegini çagyrmaly bolduk. Iş ýerimde, adamlar bilen duşuşanymda, özümi gülkünç kabul edenlerini gördüm, milletimiň kimdigini bilenlerinden soň, meniň suratymy alyp başladylar. Bizi Ýewropada hem ABŞ-da nähili kabul edýändikleri akyla sygjak zat däl – diýip, Kim Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Birnäçe gazagystanly«hakyky Gazagystany»tanatmak üçin, sosial ulgamlarda #WhereBoratLivesheşteg goýup başladylar. Olar hamana «Boratyň»ýaşaýan ýurdy saýylýan Gazagystanyň tebigatyny,beýleki geň hem baryp görmeli ýerlerini görkezýärler.Ol heştegleri ençeme turistik hem dag lyžasyny gurnaýan kompaniýalar alyp göterdiler.

«Bu hoşniýetli aksiýa öz dostlaryňyzy çekiň, ony birek-birege ýollaň, «Boratyň»samsyk hereketine dostlukly, açyk göwünli teýene bilen jogap bereliň, agressiýa bilen DÄL! Rahmet!»diýip,Instagramulanyjylardan biri ýazypdyr.

Azatlyk Radiosy Saşa Baron Koeniň komediýasyna kommentariýa bermegini Amazon Prime Videoplatformasyndan sorady, ýöne häzirlikçe jogap ýok.

Filmiň treýlerinde Gazagystanyň döwlet simwolikasy hem birnäçe gazakça ýazgylar ulanylýar. Şeýle-de bolsa, bu gezek Gazagystanyň hökümeti filme sowuk-sala çemeleşdi. Premýer-ministriň metbugat gullugy diňe bir gezek «munuň Gazagystan Respublikasynyň hökümetiniň alyp barýan işleri barada resmi informasiýa bilen hiç hili dahyly ýok»diýip ýazdy.Gazagystanyň Sport hem medeniýet ministrligi Liter.kz redaksiýasynyň soragyna «filme gadagançylyk girizip bilmeýäris»diýip jogap berdi.

«Borat-2» filminiň treýlerinden skrinşot.
«Borat-2» filminiň treýlerinden skrinşot.

«Eger film diňe Internetde görkezilse, biz hiç bir zat edip bilmeris. Ministrlik ony kada salyp bilmeýär. Biz diňe onuň kinoteatrlarda görkezilmegini gadagan edip bileris»diýip,ministrligiň metbugat-gullugy mälim etdi.

Eurasianet.org amerikan portalynyň ýazmagyna görä, filmi döreden komanda«Gazagystan tarapyndan uly gahar-gazaba duçar bolarys»diýip garaşypdyrlar, ýöne«[Gazagystan hökümeti]öňki gezekkiden sapak çykaran bolsa gerek»diýip ýazdy. Birinji film çykanynda hökümet oňa garşy ýiti reaksiýa bildiripdi hem Gazagystanyň kinoteatrlarynda gadagan edilipdi.

«BORAT»SEBÄPLI MEKDEPDÄKI KEMSITME

Sosiolog Kamila Kowýazina Gazagystanyň jemgyýetiniň iki topara bölünýändigini; olaryň «ýurtda örän möhüm çözülmedik meseleler bar» diýip pikir edýänler hem «hakykata açyk göz bilen garamaly» diýýänler toparydygyny aýdýar. Kowýazinanyň pikirine görä, Günbatarda medeni apropriasiýa, ýagny özleşdirmek (cultural appropriation – Ред.) hereketi güýçlenýär hem ol filmi öz elementleri boýunça görýärler.

— [Medeni apropriasiýa] — adam bir sosial topara, hususan-da etniki topara degişli bolsa, beýleki ezijiler toparynyň elementini alýar. Takyk mysalda Beýik Britaniýanyň graždanini bolan, akýagyz adam Saşa Baron Koen Gazagystanyň adyny hem döwlet nyşanyny ulanyp, beýleki bir ýurda hem onuň adamlaryna ýarmaz garaýşy döredýär. Bu bolsa, nirede bolsagam bizde ýiti täsir döredýär. Siz indeýler ýa-da afrikanlylar barada şeýle komediýa alynsa nähili boljagyny göz öňüne getirip görüň, onda-da häzirki wagtda. Black lives matter(Garalaryň durmuşynyň ähmiýeti – Red.) hereketiniň protestlerinden soň şeýle etmek döredijilik taýdan özüňi öldürmek bolardy – diýip, sosiolog hasap edýär.

Black Lives Matter toparynyň demonstrasiýasy, ol garalardan bolan Jorj Floýd polisiýa tarapyndan öldürilenden soň öç aldy. ABŞ, Atlanta. 2020-nji ýylyň 16-njy iýuny.
Black Lives Matter toparynyň demonstrasiýasy, ol garalardan bolan Jorj Floýd polisiýa tarapyndan öldürilenden soň öç aldy. ABŞ, Atlanta. 2020-nji ýylyň 16-njy iýuny.

2006-njy ýylda amerikan gazeti Boston Herald gazagystandan perzentlige alnan bir gyzjagazyň mekdepdäki bulling – kemsidilişi barada makala çap edipdi. Makalanyň awtory Lora Krimaldiniň sözüne görä, satira düşünmeýän çagalar «Borat»filmini görenlerinden soň, ol ýurda hem onuň adamlaryna ýaramaz garapdyrlar. Daria Jill Abderpafyň (Daria 2003-nji ýylda – 4 ýaşynda wagtynda perzentlige alnan eken) ejesiniň gazete aýtmagyna görä, «Biz «Borat»filminiň çaganyň dürli ýaşynda onuň psihikasyna nähili täsir edýändigini bilmedik»diýip gürrüň beripdir.

Boston Herald gazetindäki makaladan skrintoş: “Heý, Borat, meniň çagamy kemsitme!”
Boston Herald gazetindäki makaladan skrintoş: “Heý, Borat, meniň çagamy kemsitme!”

ABŞ-da ýaşaýan, filmiň gadaganlygy baradaky petisiýa gol çeken Darina Kim hem öz çagalarynyň ykbaly barada alada edýär. Ol «bir akylsyz film üçin, mekdepde çagalarynyň kemsidilmegini»islemeýändigini aýdyp, «çagalaryň öz milli kimligine guwanjyp ösüp-ulalmalydygyny»öňe sürýär.

— Men her bir medeniýet, ýurt hem dürli jyns öz durmuş şekiline düşünilmegine hem oňa hormat goýulmagyna mynasyp hasaplaýan – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

«DÖWLETI ÝA-DA MILLETI KEMSITMEK MÜMKIN DÄL»

«Boratyň»ilkinji seriýasy çykanynda, gazak hudožnigi Еrden Zikibaý ABŞ-da okaýardy. Ol özüniň Gazagystandandygyny aýdanynda, adamlaryň hikirdäp gülşendigini ýatlaýar. Onuň ikinji seriýasy çykanynda, bu hudožnige ylham getiripdir, şol film arkaly gazagystanlylaryň üstünden gülünmegi hem jynsy taýdan kemsidilmegi barada birnäçe illýustrasiýa suratlary çekipdir.

— Durmuş örän ýowuz hem adalatsyz, Borat bolsa gazagystanlylar üçin nähilidir adalatly däl hyzmaty edýän sypata öwrüldi. Golliwud filmi bir nämälim kiçijik ýurdy bütin dünýäniň öňünde ýalan şekilde görkezýär.Esasy konflikt şonda – adalatsyzlykda – diýip, Zikibaý Azatlyga aýtdy.

Erden Zikibaýyň illýustrasiýasy.
Erden Zikibaýyň illýustrasiýasy.

«Borat»filmi diňe gazagystanlylaryň arasynda däl, beýleki ýerlerde-de gapma-garşylykly pikirleri döretdi. Käbirleri britan komigini howply ýagdaý bilen gorkuzýar, beýlekiler agressiýasyz ýagdaýda «hakyky Gazagystany»dünýä görkezmeli diýýärler. Ýöne sosiolog Kamila Kowýazinanyň pikirine görä, «Gazagystanyň tolgunmalary ýerli häsiýetde hem ol uly derejedäki negatiw tolkunlaryň döremegine çagyryş etmeýär».

Sosiolog Serik Beýsembaýew Boratyň filmi baradaky gazagystanlylaryň tolgunmasy jemgyýetiň öz medeni ýetmezçiligini görmegine umyt döreder diýip hasaplaýar.

— Bu duýgy ikinji gezek gaýtalanýar, owalda ol bize sowetler döwründen galypdy. Adamyň ol ýa-da başga bir etniki topara, dil aýratynlygyna degişli bolmagy onuň durmuşyň ýokarky basgançagynda durmagy üçin ýiti täsiri bolupdy. Moskwanyň gazaklara bir gara öýlerde ýaşap ýören ýabany halk hökmünde garaýşyny gazagystanlylaryň köpüsi bilýändir. Boratyň hem edýäni şoňa meňzeş. Biz bolsa özümizi kemsidýärler diýip gaty görýäris, aslynda bolsa özümiziň kimdigimizi görüp bilemzok – diýip, sosiolog hasap edýär. – Şeýle medeni ýetmezçiligiň bolmagy jemgyýeti mydama öňe ilerlemäge, özüniň yzagalak däldigini daşardakylara görkezmäge mejbur edýär. Şonuň üçinem hökümetiň medeniýet üçin ummasyz pul harç etmegi, halkara reýtinginde öz ornuny beýgeltmek üçin aladasy millete düşnükli bolsa gerek. «Milleti hem milli nyşanlary kemsitmegiň»agyr kabul edilmegi şol ýerden çykýandyr diýip pikir edýän. Özüniň kemsidilýändigi baradaky duýgy öňki sowet giňişliginiň ähli halklaryna degişli bolsa gerek. Meniň pikirimçe, «Borat»ýa-da şoňa meňzeş ýagdaýlara düşünmek möhüm, sebäbi hakykat ýüzünde döwleti ýa-da milleti kemsitmek mümkin däl. Bu abstrakt zat, ony absolýut derejä getireniňe degmeýär, ol diňe bir sarkazm – ajy gülküli pikir. Iň oňady biziň mümkinçiliklerimizi hem güýç-gaýratymyzy ýurtda ýetmezçiligi açyk bildirýän ynsan mertebesini goramaga, mynasyp graždanin bolmaga gönükdirmek gerek.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG