Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 1-nji noýabrdan başlap dolulygyna petikleme girizilip bilner


Häkimiýetler diňe bir adamlaryň hereketini däl, eýsem köçä çykmagyny hem çäklendirmek meselesine seredýärler.

Türkmenistanyň hökümeti koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri çynlakaý häsiýetde güýçlendirmek meselesine seredýär. Bu Daşoguzyň DZ-K/8 aýallar koloniýasynda COVID-19-yň tutaşmagy bilen baglanyşykly bolup, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi bu ýerde ýagdaýyň agyr bolmagynda galýandygyny hem aýtdy. Häzirki wagta çenli koloniýadaky aýal tussaglaryň 500 sanysyna COVID-19 diagnozynyň goýulandygyny, Azatlygyň çeşmeleri tassyklaýarlar. Lebap welaýatyndaky epidemiologiki ýagdaý hasam agyrlaşýar. Mundan 10 gün ozal bu sebitdäki karantin zolagynda saklanýan adamlaryň birnäçesinde COVID-19 testi pozitiw netijeli adamlar ýüze çykaryldy. Çeşmämiziň tassyklamagyna görä, güýçlendirilen karantin çäreleriniň çäginde, hususan-da, 1-nji noýabrdan başlap içerki awia gatnawlar togtadylyp, sebitleriň arasyndaky hereket düýbünden ýatyrylyp we hususy köpçülikleýin çäreler gadagan edilip bilner.

Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn bir çeşmesiniň aýtmagyna görä, ýurduň demirgazygyndaky DZ-K/8 aýallar koloniýasynda koronawirusyň ýaýramagy, şeýle hem Lebap welaýatyndaky ýagdaýyň agyrlaşmagy bilen baglanyşykly, tutuş ýurtda karantin çärelerini girizmek meselesi çynlakaý ara alnyp maslahatlaşylýar.

“Karar entek kabul edilmedi, ýöne 1-nji noýabrdan başlap içerki gatnawlaryň togtadylmagyna çenli sebitleriň doly izolýasiýa edilmegine, regionlaryň arasynda hereketiň, esasanam beýleki sebitlerden Aşgabat şäherine girmegiň gadagan edilmegine garaşylýar. Iň berk gadaganlyk toý, sadaka, hatyralama ýaly çärelere girizilýär. Mundan başga-da, adamlaryň öýüň daşyna çykmagy çynlakaý çäklendirilip bilner" diýip, Azatlygyň çeşmesi tassyklaýar.

Azatlyk Radiosy bu barada entek beýleki garaşsyz çeşmelerden goşmaça tassyklama alyp bilmedi. Emma belläp geçsek, mundan ozal bu çeşmeden gelýän habarlar hemişe tassyklanýardy.

Şeýle hem maska režimi, ýolagçy demirýol gatnawynyň doly togtadylmagy we ýurduň welaýatlarynyň arasynda ulag hereketiniň berk çäklendirilmegi ýaly karantin çäreleriniň Türkmenistanda eýýäm güýje girizilendigini bellemelidiris. Şu ýylyň iýul aýynda girizilen bu çäreleriň möhleti yzygiderli uzaldylýar. 15-nji oktýabrda çäklendiriji çäreleriň möhletiniň 15-nji noýabra çenli uzaldylandygy ýene bir gezek yglan edildi.

Indi diňe bir adamlaryň hereketini däl, eýsem olaryň köçä çykmagyny hem çäklendirip biljek doly petikleme barada gürrüň gidýär.

Çeşmäniň sözlerine görä, Daşoguzyň aýallar koloniýasynda koronawirus ýokuşan tussaglaryň sany 500 adamdan geçdi.

“Daşoguzyň koloniýasynda 500-den gowrak aýal tussag keselledi. Ýagdaý agyr. Olaryň köpüsinde ikitaraplaýyn pnewmoniýa bolup, öýkeninde agyr zeperler bar. Näsaglar beýlekilerden üzňeleşdirildi, ýöne bu edaranyň şertlerinde doly izolýasiýa we aýralyk üpjün edilip bilinmeýär. Munuň esasy sebäbi koloniýanyň tussaglardan hyryn-dykyn doly bolmagy bilen bagly" diýip, çeşme belledi.

Azatlyk Radiosy DZ-K/8 aýallar koloniýasynda koronawirusyň ýaýrandygy barada 16-njy oktýabrda habar beripdi. Şonda Azatlygyň iki habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, birnäçe tussagyň ölendigi we azyndan 200 aýalyň keselländigi barada gürrüň berdi.

Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, iň köp 1000 tussag üçin niýetlenen bu koloniýada, esasan neşe maddalary bilen baglanyşykly tussaglyk möhletini berjaý edýän 1500-den gowrak aýal saklanýar. Geçen hepde habarçylarymyz 200-den gowrak agyr näsagyň saklanýan koloniýasynyň çäginde karantin blogynyň gurlandygyny habar berdiler. Şeýle-de, olar bu ýerdäki 200-den gowrak näsagyň ýagdaýynyň agyrdygyny bellediler.

"200-den gowrak aýalyň ýagdaýy agyr, çeşmeleriň sözlerine görä, olary saglyk barlagyndan geçiren lukmanlar köpleri halas edip bolmajakdygyndan alada edýärler" diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri aýtdy.

Sebitdäki habarçylarymyzyň habar bermegine görä, aýallar koloniýasynyň ýerleşýän Gurbansoltan eje etrabynda we Daşoguz şäherinde soňky iki hepdäniň dowamynda karantin çäreleri ep-esli güýçlendirildi hem-de maska geýmek düzgüni doly güýje girizildi.

Belläp geçsek, Azatlyk bilen 24-nji oktýabrda habarlaşan çeşme aýallar koloniýasynda wirus tutaşany bäri näçe tussagyň ölendigini anyklap bilmedi. Ol diňe "ölenleriň köpdügini" bilýändigini aýtdy.

Şeýle hem, ol doly petikleme girizmek meselesine garamagyň Lebapdaky ýagdaý bilen hem baglanyşyklydygyny aýdyp, bu ýerde COVID-19 bilen keselleýänleriň düýpgöter artandygyny belledi.

Azatlyk Radiosy geçen hepde Türkmenabatdaky karantin zonasynda saklanýan adamlaryň azyndan üç sanysynda koronawirusyň tapylandygy barada habar berdi. Bu ýerde şäheriň ýokanç keseller hassahanasynyň gapdalynda gurlan çadyr lageri barada gürrüň edilýär we häzirki wagtda onda Russiýadan we Özbegistandan gaýdyp gelen ýüzlerçe türkmen raýaty saklanýar.

Türkmenistanda koronawirus alamatlary bilen keselleýänleriň tutaşmagynyň dowam edýändigine we ýurtda ölüm derejesiniň ýokarlanýandygyna garamazdan, türkmen häkimiýetleri global pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň ýokdugyny tekrarlap gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG