Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pozitiw COVID-19 hadysalarynyň anyklanmagynyň fonunda, Lebapda maska geýmek talaby güýçlendirildi


Illýustrasiýa suraty

Lebapda ýerleşýän bir karantin nokadynda saklanýan adamlaryň käbiriniň koronawirus barlagynyň pozitiw netije görkezendigi baradaky habary Azatlygyň ýene bir habarçysy tassyklady. Bu habarlaryň fonunda, ýurtda tassyklanan COVID-19 hadysasy barada habar bermeýän türkmen häkimiýetleri sebitiň ilatyndan maska geýmek talabyny has-da güýçlendirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz iki habarçysy habar berýär.

"Moskwadan gelen raýatlar 3-nji hepde, ýene bir hepde karantinde saklanmaly edildi. Sebäbi Moskwadan gelen reýsdäki ýolagçylaryň arasynda COVID-19 testi pozitiw netijeli 4 adam ýüze çykaryldy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy bu ýagdaý sebäpli ýene bir hepde Türkmenabatda saklanýan tanşyna salgylanyp, 23-nji oktýabrda Marydan habar berdi.

Ýatlatsak, 22-nji oktýabrda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasynyň ýanyndaky karantin zonasynda saklanýan adamlaryň arasynda COVID-19 testi pozitiw netijeli adamlaryň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Türkmenistan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda getirmek işlerini awgust aýynyň ahyryndan başlap ýygjamlaşdyrdy. Ýörite uçar gatnawlary bilen ýurda getirilýän adamlar Türkmenabatda iki hepde möhlet bilen karantine alynýar.

"24-nji oktýabrda Stambuldan, 28-nji oktýabrda Russiýa döwletinden uçarlar gelmeli. Bu uçarlarda geljek türkmen raýatlary täze karantin zolagyna ýerleşdiriler. Häzirki wagtda harby çadyrda Moskwadan gelen türkmen raýatlary bar. Olar gidensoň, harby çadyryň sökülmegine garaşylýar. Özbegistandan dolanan türkmen raýatlary öýüne goýberildi. Olaryň arasynda hem COVID-19 testi pozitiw netijeli adamlar bardy, ýöne olara bejergi berdiler" diýip, maryly habarçy belledi.

Bu aralykda, Lebap welaýatyndaky habarçylarymyzyň biri regionyň häkimiýetleriniň ilatdan maska geýmek talabyny has-da güýçlendirendigini habar berýär. Bu talabyň berjaý edilşine polisiýa işgärleri gözegçilik edýär.

"Polisiýa işgärleri Türkmenabat şäheriniň ähli etrapçalaryna gözegçilik edip, maskasyz raýatlary tutýarlar. Saklanan maskasyz raýatlar polisiýa işgärlerine 50 manat para berse, olara diňe duýduryş berip, derrew goýberýärler. Para bermedikler polisiýa bölümine alnyp gidilýär" diýip, habarçy 23-nji sentýabrda beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa bölümine eltilen raýatlara 28 manat möçberine pul jerimesi töledilýär. Bu jerimäni töläp bilmedik raýatlar bolsa, pagta meýdanlaryna alnyp gidilip, olar 50 kilogram pagta ýygmaga mejbur edilýär. Raýatlar bu pagta normasyny ýygýança hiç bir ýere goýberilmeýär.

"Şu gün irden polisiýa işgärleri Türkmenabat şäherinde ýerleşýän "Gök bazaryň" duralgasyna gelýän ähli awtobuslardaky adamlaryň maskalaryny hem barladylar. Polisiýa işgärleri maskasyz adamlary awtobusdan düşürip, UAZ 69 kysymly polisiýa awtoulagyna mündürdiler we polisiýa bölümine alyp gitdiler. Polisiýa işgärleri duralga gelip duran awtobuslaryň her birinden ortaça 5 adam düşürdi" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebap welaýat we Türkmenabat şäher häkimliklerinden, şeýle-de polisiýa müdirliklerinden goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki mediasy ilat arasynda maska geýmek we sosial aralygy saklamak düzgünleriniň pugta berjaý edilýändigini aýdýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda maska geýmek režimine polisiýanyň gözegçilik edýändigini, geýmedik adamlara jerime salynýandygyny habar berip gelýärler.

Mundan öň, Azatlygyň habarçysy Mary welaýatynyň polisiýasynyň maska režimini bozan we jerimesini töläp bilmeýän adamlary pagta ýygmaga mejbur edýändigi barada baryp awgustyň aýagynda habar beripdi.

“Şu gün (30-njy awgustda) 30 töweregi adam Baýramaly şäherinden Garagum etrabynyň pagta meýdanlaryna ugradyldy. Olar polisiýanyň maska režimine eden gözegçiliginde saklanan hem-de jerime tölemäge ýagdaýy bolmadyk adamlardyr” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdypdy.

Iýunyň ortalarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ilata “tozandan” goranmak üçin maska geýmegi maslahat berdi. Ýöne türkmen hökümetiniň soňky iş maslahatlarynda tozan barada agzalmaýar.

Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler soňky aýlarda ilat arasyndaky ölüm derejesiniň görnetin ýokarlanandygyny tassyklasa-da, Türkmenistan dünýäde hiç bir koronawirus näsagyny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG