Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arzan çilim ýene ýok. Döwletiň döreden 'ak we gara' bazarlary kime peýda, kime zyýan?


Türkmenistan. Adat bolan nobat. Arhiw suraty
Türkmenistan. Adat bolan nobat. Arhiw suraty

"Bu açyk syr diýsek hem bolar, döwlet dükanyna goýberilýän harytlaryň bir bölegi hökman gara bazaryň paýy bolýar, sebäbi olar döwlet dükanyndan çykan badyna has köp pul ýasaýar" diýip, žurnalist üç gün satmak üçin goýberilen çilim gutularynyň bir böleginiň gara bazara geçirilendigini öňe sürdi.

Türkmenabatda çilim ýene-de satuwdan ýitdi diýip, ýerli habarçy 27-nji oktýabrda habar berdi.

Mundan öň çilimiň döwlet dükanlarynda satylyp başlanandygy habar berlipdi, emma çilim çekýänler üçin "gowy ýa-da örän gowy habar" bary-ýogy üç gün ýaşady diýip, habarçy aýtdy.

Çilimiň döwlet dükanlarynda üç günläp satylyp, ýene-de birden gözden uçmagynyň "özüne ýetesi sebäpleri bar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen satyjy ol sebäpleriň käbirini özüçe düşündirmäge synanyşdy.

"Döwlet dükanyna çilim gelende, adatça bolşy ýaly, bu gezegem köp adam nobata durdy. Nobat uly bolanda oňuşmazlyk, dawa-jenjel hem, ýumruklaşma hem bolýar. Nobatda adamlar bir-birini iteklände, aýagy basylyp ýa başga bir güýç görüp, ýaralanýan, bir ýerini agyrdýan hem az däl. Bu gezek eli döwlen adam hem bar" diýip, döwlet dükanynyň satyjysy gürrüň berdi.

Şeýle-de ol nobat, dyknyşyk wagtynda dükanlara hem "uly zyýan ýetendigini" aýtdy.

"Mysal üçin, meniň işleýän dükanymyň gapysy döwüldi. Ýogsa polisiýa işgärleri nobatdaky tertip-düzgüne berk gözegçilik edip, nobaty bozmazlygy hem talap edýär. Emma çilim ýetmez öýdüp gorkýan adamlar kän polisiýa hem gulak asmaýar" diýip, satyjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýöne ol çilim söwdasynyň eli döwlen adam üçin ýa-da döwlen gapy üçin däl-de, eýsem, häkimiýetlere edilen köp sanly arza-şikaýat sebäpli saklanandygyny öňe sürdi.

Ýurtda çilim söwdasynyň töwereginde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary ýakyndan synlaýan ýerli žurnalistiň pikiriçe, çilim söwdasynyň beýle çalt togtadylmagynyň esasy sebäbi korrupsiýa bilen bagly.

"Çilim gytçylygyndan ýa-da islendik beýleki harytlaryň gytçylygyndan ozaly döwlet söwdasy bilen baglanyşykly resmiler, 'söwda elitasy' diýilýän uly peýda görýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen 40 ýaşly žurnalist aýtdy.

"Bu açyk syr diýsek hem bolar, döwlet dükanyna goýberilýän harytlaryň bir bölegi hökman bazaryň paýy bolýar, sebäbi olar döwlet dükanyndan çykan badyna has köp pul ýasaýar" diýip, žurnalist üç gün satmak üçin goýberilen çilim gutularynyň bir böleginiň direktorlar tarapyndan saklanyp, soň gara bazara geçirilendigini öňe sürdi.

Döwlet baştutanynyň kararyna laýyklykda, temmäki önümleriniň importy we söwdasy 2016-njy ýyldan bäri Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi tarapyndan dolandyrylýar.

Emma hakykatda, ýurtda dörän "çilim problemasynyň" döredýän kösençlikleri, ýurduň at-abraýyna o diýen gowy täsir ýetirmeýän çilim nobatlary hakynda garaşsyz neşirlerde näçe habar çyksa-da, häkimiýetler bu söwdada "kök uran" korrupsiýany derňemäge, näme çindir, howlukmaýarlar.

Bu ýagdaý ilkinji nobatda çilimini goýup bilmeýän adamlara, olaryň maşgala agzalaryna, çagalaryna "agram salýar" diýip, radio bilen gürleşen 55 ýaşly çilimkeş aýtdy.

"Her gün çilim satylar diýen pikirde, daňdan baryp, nobata durýaryn. Emma çilimiň satyljagy ýa-da satylmajagy, näçe adama ýetjegi hemişe tapmaça. Ýa döwlet adamlary kösemekden lezzet alýarmyka? "Ýok, çilim pylança gün satylmaz" diýip aýdanda bolmaýarmyka?" diýip, lebaply ýaşaýjy radionyň soraglaryna sorag bilen jogap berdi.

Şol bir wagtda, belli-belli hususy dükanlarda çilim açyk diýen ýaly, 250 manatdan satylyp dur we olaryň gutularynyň daşyndaky suratlar döwlet dükanlarynda satylan çilimleriňki bilen meňzeş. Eger çilim importyna we söwdasyna diňe döwlet gözegçilik edýän bolsa, bu dükanlar nädip çilim satyp bilýär diýen sorag döreýär.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, diňe çilim däl, Türkmenistanda köp zadyň iki bahasy – döwlet we gara bazar bahalary bar we bu wezipeli adamlaryň bikanun pul ýasamagyna uly mümkinçilik berýär.

"Emeldarlaryň köpüsi öwrendi, olar indi ygtyýarlary ýetýän zady, gurluşyk materialy ýa azyk önümi, tapawudy ýok, mümkin bolsa gara bazarda satdyrýar, bu biznesde milliardlap manat dolanýar" diýip, Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi aýtdy.

"Göz öňüne getiriň, döwlet bahasy 30 manatlyk çilimi 200 manatdan gara bazarçylara satsaň, olaram ony 250 manatdan satsa, kimiň jübüsine näçe bikanun pul girýär?" diýip, çeşme aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurdy 2025-nji ýyla çenli temmäkiden doly azat etmek ugrunda göreşýär we bu tagalla, sport çäreleri bilen bilelikde, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň esasy temalarynyň biri bolup durýar.

Emma synçylar metbugatyň meseläniň ikinji tarapyny, soňky dört ýylda çilimini goýup bilmeýän adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň "görýän görgülerini", çilim söwdasyndaky korrupsiýany görmezlige salýandygyny belleýärler.

Azatlygyň öňki ýyllarda hem habar berşi ýaly, temmäki önümleriniň we alkogolly içgileriň söwdasy Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri iň ýokary derejeli döwlet işgärleriniň we olaryň ýakyn adamlarynyň biznesine öwrüldi.

Azatlygyň okyjylarynyň biri iki ýyl öň çilim gytçylygy barada ýazylan makalanyň şeýle teswir galdyrdy:

"Öňler spekulýasiyani adamlar ederdi, indi hökümet bolup edýäler. Bilgeşeýin çilimi gysýalar, bahasy ýokarlanar ýali, soňam el astyndan ogrynlyk bilen satýalar. Bu zatlary halk görýär we dşünip otyr".

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG