Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda şu ýyl ekilmeli 10 million nahalyň üstüne ýene 15 million nahal goşuldy


Türkmenistan ýylda millionlarça düýp  nahal ekýär we bu iş esasan mejbury-meýletin ýowarlar esasynda amala aşyrylýar.
Türkmenistan ýylda millionlarça düýp  nahal ekýär we bu iş esasan mejbury-meýletin ýowarlar esasynda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwarynda gol çeken kararynyň üstüni ýetirip, ozal şu ýyl ekilmeli edilen 10 million düýp nahalyň üstüne ýene 15 million bag nahalyny ekmek baradaky karara gol çekdi.

Türkmenistanyň bitarplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli kabul edilen karar ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen düşündirilýär.

Türkmenistan her ýyl ýurduň sebitlerinde we paýtagt Aşgabadyň çäginde millionlarça düýp saýaly, pürli, miweli bagyň we üzüm nahallarynyň ekilýändigini habar berýär.

Kararda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 7 million 500 müň düýp nahalyň; welaýatlaryň häkimliklerine 7 million 500 müň düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyrylýar.

Şeýle-de, döwlet edaralary ekilen nahallaryň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Türkmenistan ýylda millionlarça düýp nahal ekýär we bu iş esasan mejbury-meýletin ýowarlar esasynda amala aşyrylýar. Bu ýagdaý soň çala-çula ekilen nahallaryň köpüsiniň düýp tutman, ýeterlik suwarylman, gurap galmagyna getirýär diýip, synçylar aýdýar.

Resmi habara görä, nahal üpjünçiligi we baglaryň ekilişine we idegine gözegçilik etmek hem döwlet edaralarynyň boýnuna ýüklenýär, ýöne bu işiň nähili maliýeleşdirilýändigi anyklaşdyrylmaýar.

Azatlygyň hökümetdäki çeşmesiniň aýtmagyna görä, bag ekmek kampaniýalary, nahal importyny hem içine alyp, köp derejede wagyz we korrupsiýa işine aýlandy.

Mundan başga, bag ekmek işinde hem ýurduň sebitleriniň deň tutulmaýandygy, Aşgabat töweregine beýleki sebitleriň ählisine berilýän möçberde bag ekilýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG