Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda kiçi ýyladyşhanalaryň sany azalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebapda önüm öndürýän daýhan hojalyklaryň eýeçiligindäki kiçi ýyladyşhanalaryň sany azalýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe önüm öndüriji býurokratik kynçylyklaryň, korrupsiýa hadysalarynyň we ýokarlanýan tebigy gaz tölegleriniň öz işlerini bes etmäge mejbur edýändigini aýdýarlar. Bu aralykda, döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza hususy hojalyklarda ýyladyşhanalaryň sanynyň artýandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň hökümet resmileri ýurtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini gaýtalasalar-da, statistiki sanlar Türkmenistanyň 2020-nji ýylyň başyndan bäri gök-bakja we azyk önümleriniň hususan-da Russiýa we Gazagystan ýaly Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine girýän ýurtlardan importyny artdyrýandygyny görkezýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberi artýan wagty, muňa aýakdaşlykda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ýurduň gündogar sebitlerinde işini bes edýän kiçi ýyladyşhanalaryň sany köpelýär.

“Mysal üçin, Farap etrabynda geçen ýyl 85 hojalykda kiçi ýyladyşhana bolan bolsa, şu ýyl olaryň sany 15-den geçmeýär. Saýat etraby hem ýyladyşhanalaryň sany boýunça öňdebaryjy etraplaryň hataryndady. Geçen ýyllarda Saýatda 80 töweregi hususy hojalykda 2-5 sotuk aralygynda meýdany tutýan ýyladyşhanalar bolan bolsa, şu ýyl olaryň sany 10 töweregi. Köýtendagda öň hem 5 hojalyga degişli ýyladyşhanalaryň umumy göwrümi 20 sotukdan geçmeýärdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berdi.

Ýerli daýhan hojalyklaryň agzalary kiçi ýyladyşhanalaryň önümçilik bazaryndan gysylyp çykarylmagyna ýerli resmiler tarapyndan edilýän basyşlaryň, şol sanda býurokratik päsgelçilikleriň, para-bermitiň, galyberse-de tebigy gaz tölegleriniň ýokarlanmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Habarçy ýyladyşhanalara sarp edilýän gazyň hem-de elektrik energiýasynyň tölegleri barada maglumat berdi.

“Ýyladyşhana eýeleri 1000 kub metr gaz üçin 100 manat, 100 kilowat tok üçin 95 manat töleýär” diýip, habarçy aýtdy.

Hususy daýhan hojalyklaryň birnäçe agzasy habarçy bilen söhbetdeşlikde häzir Lebap welaýatynyň şertlerinde ýyladyşhanalarda önüm öndürmegiň, olardan girdeji almagyň kynlaşandygyny aýdyp, döredilýän býurokratik päsgelçilikleri aýdyňlaşdyrdylar. “Salgyt, ýangyn söndüriji we ýer-kadastr tölegleri we resminamalary köp. Şol sebäpden olary çözmek üçin para bermeli” diýip, bir daýhan hojalygyň wekili Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Daýhanlaryň köp bölegi öz işlerini togtadandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçy maglumatyň üstüni ýetirdi.

Beýleki tarapdan, döwlet metbugaty ýurduň ýyladyşhanalarynda gök-bakja we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň giň gerime eýe bolýandygyny habar berýär.

23-nji oktýabrda Lebap welaýaty boýunça habarlary çap edýän ýerli “Türkmen gündogary” neşiriniň ýazmagyna görä, welaýatda 38 ýyladyşhana gurmak üçin 114 gektar töweregi ýer bölünip berlipdir we olardan 21 ýyladyşhanada eýýäm azyklyk ekinler ekilip başlanypdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Farap etrabynda 6 gektar meýdany tutýan döwlet eýeçiligindäki ýyladyşhananyň hem-de Saýat etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň eýeçiligindäki 5 gektar çemesi meýdany tutýan ýyladyşhananyň sebitde apreliň ahyrynda turan harasatdan zyýan çekendigini hem-de olaryň heniz hem doly güýjünde önüm öndürip bilmeýändigini habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň iň soňky mejlisinde eden çykyşynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine gysga wagtyň üçinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kiçi, orta we iri kärhanalary gurmak işlerini yzygiderli seljermegi we kämilleşdirmegi maslahat berdi.

Hökümetçi neşirleriň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň tagallalary bilen ýurtda 138 ýyladyşhana gurlup, ulanylmaga berildi, şeýle desgalaryň ýene-de 147-siniň gurluşygy dowam edýär.

29-njy oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Ahal welaýatynyň Kaka hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etraplarynda banan we sitrus önümlerini öndürýän ýyladyşhanalary gurmak maslahat edildi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda indi üç ýyldan gowrak wagt bäri azyk gytçylygy dowam edýär.

Türkmenistanda 2015-nji ýylyň maýynda “Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG