Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

TDH azyk 'bolçulygyndan' habar berýär, "Trend" import bolçulygyny 'açýar'


Türkmenistan. Azyk nobaty. Bezeg suraty

Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, kartoşkanyň hökümet mejlisinde uly meselä öwrülmegi nebit-gaz girdejilerine daýanyp, ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmedik ýurduň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryndan habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigi barada aýdylýan bir taraply maglumatlary çap etmeklerini dowam etdirýärler, şol bir wagtda-da daşary ýurtlardan import edilýän gök önümler, süýt-gatyk, dökün... barada hiç zat aýtmaýarlar.

TDH-nyň 3-nji awgustdaky maglumatyna görä, Daşoguz sebitinde şu güne çenli 55 müň 400 tonnadan gowrak kartoşka hasyly ýygnaldy, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ekerançylary döwlet tabşyrygyny amal etdiler.

Bu etrapda 2 müň 100 gektar meýdandan 29 müň 400 tonna golaý hasyl alyndy, N. Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň ekerançylary 770 gektar ýere kartoşka ekip, her gektardan ortaça 140 sentner hasyl aldylar, 11 müň tonna golaý kartoşka ýygnadylar diýip, döwlet eýeçiligindäki habar serişdesi beýleki etraplarda we daýhan birleşiklerinde hem geçen ýyldaka garanda has kän kartoşka hasylynyň alnandygyny habar berýär.

Türkmen mediasy iýun aýynyň başynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebabda kärendeçi daýhanlar bilen duşuşanda hem şeýle uly görkezijileriň gürrüňini etdi, telekeçi Rüstem Bäşimowyň 370 gektar ýere ýeralma ekip, onuň her gektaryndan 200 sentner çemesi hasyla garaşýandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary bilen gürleşýän daýhanlar döwletiň önüm satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak, önüm öndürjek adamlara uzak möhletli we has kän ýer bermek, dökün, tehnika, suw kömegini etmek, ýeňillikli karz bermek wadalarynyň hakykatda ýerine ýetirilmeýändigini, ýere maýa ýatyran telekeçileriň bergili çykýandygyny aýdýarlar.

Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelenden soň yglan eden "oba syýasatynyň" işlemändigini on ýyl çemesi soň gytaklaýyn boýun aldy, ýerleriň şorladylandygyny, hasyllylygyň pese gaçandygyny, suw, dökün, tehnika bilen bagly problemalary tassyk etdi we ýolbaşçylary täzeledi.

Ýöne onuň agrar ýurtda gök önümleri daşardan satyn almazlyk, importuň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän önümleri köpeltmek syýasaty, TDH-nyň tassyklamalaryna garamazdan, işleýäne meňzemeýär.

Elbetde, ýanwaryň başyndan bäri gaýtalanýan ýeralma talaby hem şol syýasatyň bir bölegi bolup durýar. Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, kartoşkanyň hökümet mejlisinde barha köp agzalýan önüme öwrülmegi nebit-gazyň girdejilerine daýanyp, ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmedik ýurduň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryndan habar berýär.

Berdimuhamedowyň ikinji "oba hojalyk özgertmesiniň" sütüni hususy telekeçiler diýilýänlere, ýagny Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryna daýanmak bolup görünýär. Emma telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan kärendeçiler hem köplenç ýagdaýyň gowy däldigini aýdýarlar.

Mysal üçin, Lebapda 15 gektar ýere ýeralma eken daýhan 3 tonna ýeralma tohumynyň her kilogramyny 15 manatdan, 3 tonna fosfor dökünini hususy tarapdan 3000 manatdan, 1 tonna azody 4000 manatdan satyn alypdyr; 15 gektar ýeriň sürümi üçin her gektaryna 2500 manat töläpdir, ýeralma joýalaryny çekdirmek üçin her gektara 2000 manat töläp, tehnika işledipdir.

Anonimlik şertinde gürleşen kärendeçi bu işler üçin 30 sany adamy her gününe 30 manat töläp, 3 aýlap hakyna tutupdyr, emma ýer üçin harçlan maýasynyň 15 göterimini hem alyp bilmän, uly zyýana galandygyny aýtdy.

Hökümet tankytçylary suw desgalarynyň, ýeriň, ýurt ilatynyň 60 göteriminden hem köp bölegini düzýän daýhanlar meselesiniň gymmatbaha we gümürtik gurluşyk taslamalarynyň kölegesinde galandygyny, bu ýagdaýda türkmen bazarlarynyň daşary ýurtlaryň önüm öndürijilerine doly diýen ýaly garaşly ýagdaýa düşjekdigini öňe sürýärler.

“Trend” habar gullugynyň 30-njy iýulda beren maglumatyna görä, Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda diňe Orsýetden, Gazagystandan we Gyrgyzystandan 26,5 million kilogram ýeralma eksport etdi. Türkmenistan bu haryt üçin 5 million 904 müň dollar töledi.

Şeýle-de Türkmenistan ýyl başyndan iýuna çenli aralykda Ýewraziýa ykdysady bileleşigi ýurtlaryndan 279,000 dollarlyk gök önüm, sogan we sarymsak, takmynan 706 müň dollarlyk süýt-gatyk import etdi.

Mundan başga, Aşgabadyň Owganystan, Pakistan, Eýran, Türkiýe ýaly ýurtlardan hem gök, bakja önümlerini, başga azyklary import edýändigi aýdylýar.

"Trend" neşiriniň 4-nji awgustda beren maglumatlary bolsa, Aşgabadyň daşary ýurtlardan köp möçberde dökün, boýag serişdelerini hem satyn alýandygyny görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen mediasy Garlyk dag-magdan kombinaty işe girizilende, Hindistana we Hytaýa dökün eksport etmek planlaryny aýan eden bolsa, prezidentiň ogly Serdar gurluşyk senagaty ministri bellenende, ýurtda gurulýan gurluşyklaryň ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün ediljegini habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG