Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda gurluşyk harytlary soňky bir aýda iki-üç esse gymmatlady


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli gurluşyk harytlary satylýan dükanlar ýapyk galýan wagty, Türkmenabatda gurluşyk harytlarynyň ‘gara bazary’ emele geldi. Onda gurluşyk harytlary soňky bir aýda iki-üç esse gymmatlady. Bir halta sement Lebapda 250-320 manat aralygynda bahalanýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

“Lebapda bir aý bäri sementiň we beýleki gurluşyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär. Netijede, 50 kilogramlyk bir gap sement Türkmenabatda 250 manat, Farapda we Darganatada 320 manat, Dänew, Kerki etraplarynda we Amyderýa şäherçesinde 300 manada gymmatlady” diýip, habarçy 13-nji oktýabrda habar berdi.

Mundan bir hepde ozal, 6-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy Lebapda sementiň 100-140 manat aralygynda satylýandygyny habar berdi.

50 kilogram sementiň döwlet bahasy Türkmenistanda maý aýyndan ozal 13 manat töwereklerinde bahalanýardy. Ýöne onuň hususy söwdadaky bahasy mundan ozal ýygy-ýygydan ýokarlandy.

Lebapda sementiň bahasynyň soňky bir aýda ep-esli gymmatlamagy hem-de gurluşyk harytlarynyň ‘gara bazarynyň’ emele gelmegi ýurtda koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowam edýän wagtyna, bazarlaryň we dükanlaryň, şol sanda gurluşyk harytlary satylýan dükanlaryň ýapyk galýan wagtyna gabat gelýär.

“Türkmenabatda gurluşyk harytlary satylýan dükanlar resmi karantin sebäpli ýapyk bolmagynda galýar. Türkmenabatda gurluşyk harytlarynyň gizlin söwdasy emele geldi. Söwdagärler polisiýanyň bu zatlara göz ýummagy üçin olara para berýärler. Gurluşyk harytlary soňky bir aýda iki-üç esse gymmatlady” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda gurluşyk harytlarynyň önümçiligine prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow gözegçilik edýär. Ol bu wezipä fewral aýynda bellenildi.

Habarçy ýerli iş adamlaryna salgylanyp, Türkmenabatda gurluşyk harytlarynyň söwdasy bilen meşgullanýan telekeçileriň, şeýle-de gurluşyk harytlarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan iri önüm öndürijileriň onlarçasynyň Serdar Berdimuhamedow bu ministrlige ýolbaşçylyk wezipesine girişenden soň "ýokarlanan basyşlar sebäpli işden elleriniň sowandygyny”, olaryň öz işlerini togtadandygyny, şeýle-de daşary döwletlerden sement, armatur, profil şifer önümlerini getirmek işleriniň togtadylandygyny habar berýär.

“Häzir iş başarýan, sowatly, önüm öndürýän, ýa-da import edip bilýän, öz işini bilýän telekeçilerden 'para almak üçin döredilýän' býurokratiýa sebäpli iki aý töweregi wagt bäri, köp gurluşyk harytlary tapdyrmaýar. Iň ýönekeý harytlar – sement, armatur we şifer tapdyrmaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Bir hepde mundan ozal, Azatlygyň ýene bir habarçysy Lebapda bir sany asbest şiferiniň 60-63 manatdan bahalanýandygyny habar berdi. Ol bahalary ýokarlanan gurluşyk materiallarynyň, hususan-da ýerli önümlerdigini aýtdy. “Mundan başga-da, häzir bazarlar ýapyk, harytlary bir ýerden başga ýere daşamak gaty kyn” diýip, ol sözüne goşdy.

Ýurt içinde adamlaryň bir welaýatdan başga welaýata gidip-gelmegi çäklendirilýän mahaly, habarçy ýük gatnadýan ulaglaryň tölegleriniň ýokarlanandygyny habar berdi.

“Içerki demir ýol transport pajy, hem-de gurluşyk harytlaryny daşaýan Balkan-Aşgabat-Türkmenabat aralygy üçin ýük pajy iki aý mundan ozal bäş esse gymmatlady. Halkyň bu gymmat bahadan gurluşyk etmäge maliýe ýagdaýy ýok. Häzir döwletde işleýän lukman ýa-da mugallymyň alýan aýlygy iki gap semente zordan ýetýär” diýip, habarçy aýtdy.

“Men aýda bary-ýogy 1000 manat aýlyk alýaryn” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen 6-njy oktýabrda anonim şertde gürrüňdeş bolan bir lebaply aýtdy, hem-de özüniň jaý basyrmak üçin 100 töweregi şifer satyn almalydygyny, mundan başga-da gurluşyk üçin sement satyn almalydygyny, öz aýlygynyň bary-ýogy ýedi-sekiz halta semente ýetýändigini gürrüň berdi.

Apreliň ahyrynda ýurduň gündogar sebitlerinde turan harasatda ýaşaýyş jaýyna zyýan ýeten başga bir lebaply harasatdan soň heniz öýüniň üçegini basyrmandygyny, şol wagtlar bir sanysy 50 manatdan bahalanan şiferiň bahasynyň häzir 60-70 manada çykmagyndan şikaýat edýändigini habarça gürrüň berdi.

Ol Lebapda ýerli aýlyk bilen jaý salmagyň, öý oňarmagyň agralandygyny, jaý salýan ýa-da jaýlaryny dikeldýän adamlaryň esasan daşary ýurtlarda işleýän ýakynlaryndan ýardam alýandygyny habar berdi. Ýöne häzir karantin we beýleki çäklendirmeler, habarçynyň sözlerine görä, olary bu mümkinçilikden hem mahrum edýär.

“Hemmeler pul ugradyp bilmeýär, köpler düýbünden ugradyp bilmeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Bu aralykda, Türkmenabatda ýaşaýyş jaý bahalary arzanlaýar.

“Şu ýyl Türkmenabatda dört otagly öý 15 müň dollar, Farapda 10 müň dollar, Darganatada 3 müň dollar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy 3,5 manatlygynda galýar, ýöne walýutanyň gara bazarynda onuň bahasy resmi kursdan alty-ýedi esse gymmatdyr.

Habarçy Türkmenistandaky iş, gazanç kynçylyklary sebäpli eklenç gözleginde Türkiýä giden köp sanly raýatyň yzlaryna dolanmak islemeýändigini hem-de olaryň Lebapdaky jaýlaryny satuwa çykarýandyklaryny, bu ýagdaýyň jaý bahalarynyň arzanlamagyna täsir edendigini habar berdi.

“Ýurt içinde ýaşaýan adamlaryň satyn almak mümkinçiligi ýok” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG