Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

GDA döwletleriniň hökümet baştutanlary COVID-19 pandemiýasynyň täsirleri barada pikir alyşdylar


GDA guramasy 9 sany hemişelik agza ýurduny (Azerbaýjany, Belarusy, Ermenistany, Moldowany, Orsýeti, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Özbegistany) we bir assosiirlenen agzany (Türkmenistany) öz içine alýar.

Garaşsyz döwletler arkalaşygy (GDA) guramasynyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň 6-njy noýabrdaky maslahaty wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi.

Gün tertibine özara ykdysady gatnaşyklar, koronawirus keseliniň pandemiýasynyň netijelerini ýeňip geçmek we Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüş depginini dikeltmek, GDA Ykdysady Ösüş Strategiýasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmek üçin hereket meýilnamasy, innowasiýa, ulag howpsuzlygy, sebitara we serhetara hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we parahatçylykly maksatlar üçin atom energiýasyny ulanmak meseleleri girdi. Bu barada Orsýetiň hökümet websaýtynda habar berilýär.

Garaşsyz döwletler arkalaşygy guramasynyň hökümet baştutanlarynyň maslahatyna Türkmenistandan wise-premýer we daşary işler ministri Reşit Meredow gatnaşdy.

Türkmen döwlet habarlar agentligi Meredowyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen gatnaşandygyny habar berdi.

Resmi maglumata görä, duşuşygyň gidişinde Türkmenistan GDA-nyň çäginde, hususan-da 2030-njy ýyla çenli Arkalaşygyň ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek meselesinde hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklapdyr we bu nukdaýnazardan köptaraplaýyn transport baglanyşyklaryny ösdürmäge, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça durnukly ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge aýratyn üns berýändigini mälim edipdir. Şeýle hem Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly GDA giňişliginde binagärlik we şäher ösüşi ýyly hökmünde yglan etmek baradaky inisiatiwasy öňe sürlüpdir.

Türkmenistan koronawirusyň global pandemiýasy döwründe öz territoriýasynda COVID-19 keseliniň ýokdugyny öňe sürüp gelýär. Muňa garamazdan ýurtda pandemiýanyň başyndan bäri halkara ýolagçy we ýük transportynyň gatnawy tas dolulygyna ýatyryldy. Ilatyň ýurt içindäki hereket mümkinçiligi çäklendirildi.

Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagynyň depgini gowşatmak boýunça tutuş dünýäde ulanylýan çäreleriň ençemesini ornaşdyrdy.

Türkmen hökümeti COVID-19 pandemiýasynyň ýurdyň saglygy saklaýyş ulgamyna we ykdysadyýetine ýetirýän täsirleri barada köpçülige açyk habar bermän gelýär.

Türkmenistan 1991-nji ýylda döredilen GDA guramasyna 2005-nji ýyldan bäri assosiirlenen agza hökmünde gatnaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG