Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan içerki koronawirus çärelerini güýçlendirýär we daşary ýurda ynsanperwer kömegini berýär


Türkmenistanda köpçülikde maska ​​dakynmak hökmanydyr. Aşgabat
Türkmenistanda köpçülikde maska ​​dakynmak hökmanydyr. Aşgabat

Maryda ýaşaýjylar ýokanç kesele garşy çäreleriň sanawy we ýokanç keselleriň ilatyň arasynda ýaýramagynyň öňüni almak üçin olary berjaý etmegiň zerurlygy barada ýazmaça duýduryş aldylar. Duýduryş öýlere eltilýär we gol çekdirilip gowşurylýar.

Bu dokumentde ilatyň arassaçylyk düzgünleri berjaý etmegi, iki metr aralygy saklamagy, toýlarda we jynazalarda 50-den köp adam ýygnanmazlygy we şol ýerlerde maska dakynyp, aralygy saklamagy, şeýle hem ähli köpçülik ýerlerinde we ulaglaryň ähli görnüşlerinde maska dakynmagy talap edilýär. Maskanyň bolmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň Administratiw kanun bozmalar kodeksiniň 78-nji maddasyna laýyklykda jeza beriljegi duýdurylýar.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň habarçylarynyň belleýşi ýaly, häkimiýetler ilata maskalaryň hemme ýerde, şol sanda öz howlularynda dakynmalydygyny dilden duýdurýar.

Maryda soňky günlerde öýde bolanda-da maska geýmek talaby bilen ilata gözegçilik güýçlendirildi. Bu aralykda köçelerde we bazarlarda adam azaldy.

"Şäherde ýaşaýjy ýok ýaly. Köçeler boş. Mollanepes köçesindäki Gök bazarda, Murgap köçesindäki "Galkynyş" bazarynda we Oguzhan köçesindäki "Ak bazarda" adam bolýar, emma olar esasan satyjylar. Köpgatly jaýlarda kimdir biri otagynyň aýnasyny açsa, dessine raýat eşikli adamlar peýda bolup, penjireden seretjek bolýanlaryň maska geýmegini talap edýärler" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 3-nji noýabrda gürrüň berdi.

Habarçylaryň sözlerine görä, maska režimini bozanlary ýüze çykarmak we jezalandyrmak boýunça çäreler tutuş ýurtda güýçlendirildi. Maska dakynmadyklara 100 manat mukdarda jerime salynýar.

Şu wagta çenli Türkmenistanda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýän häkimiýetler karantin çäreleriniň girizilmegini "ýurtda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak" tagallalary bilen düşündirýärler we maska geýmek zerurlygyna "howadaky tozan bölejikleriniň köpelmeginden" goranmak hakynda delil getirýärler. Emma häkimiýetler COVID-19 alamatly keseliň köpçülikleýin ýaýramagy we ilatyň arasynda ölüm derejesiniň ýokarlanmagy barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Türkmenistanda koronawirusa garşy iň köp ulanylýan serişdeleriň biri hlorly suw. Onuň bilen töwerek daşy arassalaýarlar we ellere sepýärler.

"Mekdeplerde keselhanalardan barýan lukmanlar derwezäniň agzynda durýarlar we gelýän mekdep okuwçylarynyň ellerine hlorly serişdäni sepýärler. Mekdep binasynyň girelgesinde hem çagalaryň ellerini arassalaýarlar. Her bir klas otagyň öz hlorly gapyrjagy bar. Mundan başga-da, pollary ýuwýarlar we başga ýerleri süpürýärler. Çagalaryň hlordan özlerini erbet duýup lukmana ýüz tutýan halatlary seýrek däl "- diýip, Marydaky habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, lukmanlar we şepagat uýalary şäheriň mekdeplerinde yzygiderli nobatçylyk çekýärler. Ir sagat 7:00-de işe başlanlar günortana çenli, we ondan soňkular günüň ikinji ýarymynda işleýärler.

Mundan başga-da, sebitde uçarlardan dezinfeksiýa serişdeleriniň sepilmegi dowam etdirilýär. Habarçylaryň we ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, soňky günlerde ýokardan serişdeleriň sepilmegi diňe bir gije däl, gündizine-de amala aşyrylýar.

Ýurduň häkimiýetleriniň resmi taýdan düşündiriş bermeýän, emma amala aşyrýan çäreleri ilatyň ýaşaýyş derejesine we saglygyna ýaramaz täsir edýär. Karantin çäreleriniň şertlerinde köpler gazançdan mahrum bolup, zerurlyklaryny üpjün edip bilmeýärler, saglyk problemalaryna duçar bolýarlar.

"Indi hassahanalaryň ýokanç keseller bölümlerinde ýer ýok. Içgeçme we zäherlenmeler bilen kesellänler köp. Howadan dermanlary sepmek we gowy iýmitlenmezlik saglyga ýaramaz täsir edýär. Köpçülik arassalanmadyk pagta ýagyny, möhleti geçen azyk iýýär. Döwlet dükanlary çüýrük kartoşka we sogan ýaly önümleri aýlyk paýy görnüşinde satýarlar" diýip habarçy belleýär.

Mundan başga-da, her maşgalada koronawirus alamatlary bolan hassalaryň bardygyny, köpüsiniň öýde öz-özlerini bejerýändigini, şol sanda burçly unaş iýmek we üzärlik tütetmek bilen oňuşýandygyny habarçylarymyz aýdýarlar.

Türkmenistanda dezinfeksiýa serişdelerini, temperaturany ölçemek üçin termometrleri satyn almak we koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin beýleki çäreler üçin ilatdan pul toplamak dowam etdirilýär.

Aşgabatdaky habarçymyzyň 3-nji noýabrda aýtmagyna görä, paýtagtyň sport mekdeplerinde temperatura ölçeg enjamlaryny satyn almak üçin pul ýygnanyp başlandy.

"Aşgabatdaky ähli sport mekdeplerinde ýene-de 100 manat ýygnaldy - ynsanperwer kömeginden temperatura ölçeýjileri satyn almak üçin. Her mekdebiň alan ölçeýjileri 1700-2000 manada düşdi. Käbir mekdeplerde berlen enjamlar 34 dereje temperaturany görkezýär" - diýip, habarçy aýdýar.

Mundan ozal Mary we Lebap welaýatlaryndaky habarçylarymyz daşary ýurtlaryň Türkmenistana beren ynsanperwer kömeginiň ýurduň saglyk edaralarynda paýlanyp, munuň üçin işgärlerden pul alnandygyny habar beripdi.

Soňky aýlarda Türkmenistan ABŞ-dan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, BSG guramasyndan we Ýewropa Bileleşiginden koronawirusa garşy göreşmek üçin ynsanperwer kömegini aldy.

Türkmenistan hem öz gezeginde pandemiýa sebäpli ynsanperwer kömegini berdi. Ol ýaňy-ýakynda Orsýete umumy bahasy 1 million dollar töweregi gumanitar kömegi ugradypdyr.

ТASS agentliginiň habaryna görä, bu barada 2-nji noýabrda Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar komitetiniň mejlisinde mälim edipdir.

"Türkmenistan, Merkezi Aziýa döwletlerinden pandemiýa wagtynda Orsýete ynsanperwerlik kömegini beren ýeke-täk ýurtdyr" - diýip Rudenko aýtdy.

Agramy 1000 tonna barabar bolan bu gumanitar ýük Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň websaýtyndaky maglumata görä, “strategiki hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan ýurdara hyzmatdaşlygyň çäginde” orsýet tarapyna gowşurylypdyr. Mugt kömek, dokma, gurluşyk materiallary, azyk önümleri ýaly türkmen önümlerini öz içine alýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG