Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we hindi prezidentleri 'derman maslahatyny' etdi, BSG 'hadysasyz' Aşgabada kömek iberýär


Türkmenistanda 'saglyk wagzy kän, saglyk ýok" diýip, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşi aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri mundan öň ýokanç keselleriň öňüni almakda gazanan tejribelerini beýleki ýurtlar bilen hem paýlaşmaga taýýardygyny mälim etdi we bu ýagdaý türkmen aktiwistleriniň Aşgabady ilatyň saglygyny goramak meselesinde gözboýagçylyk etmekde tankytlamaklaryna alyp geldi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Hindistanyň prezidenti Ram Nath Kowind bilen telefonda gürleşip, TDH-nyň ýazmagyna görä, “koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem degip geçdiler”.

Resmi maglumata görä, Türkmenistanda häzire çenli hiç bir koronawirus hadysasy hasaba alynmady we türkmen mediasy ýurduň bu ýagdaýda daşary ýurtlara iberýän ynsanperwer kömekleri hakynda habar berip, beýleki ýurtlardan gelýän kömekler barada köplenç dymmagy ýa-da anyk maglumat bermezligi saýlap alýar.

Neşir taraplaryň özara hyzmatdaşlyk meseleleri, şol sanda derman senagatyndaky hyzmatdaşlyk hakynda hem maslahat edendigini belläp, Berdimuhamedowyň täze koronawirusa garşy göreşde umumy tagallalara, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga bil baglaýandygyny nygtaýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgäri bu maslahatyň ýurtda dörän ýiti derman ýetmezçiligi, ýokanç kesellere garşy göreşýän lukmanlaryň “el-aýagyny baglaýan” pes üpjünçilik we daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň tankydy çykyşlary bilen baglydygyny aýdýar.

"Türkmenistanda saglyk wagzy kän, arman saglyk ýok" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. "Berdimuhamedow hindi kärdeşi bilen derman maslahatyny etmän, tejribe maslahatyny etmeli eken, soňky ýyllarda ol ýurtda on müňlerçe türkmenistanly bejergi aldy, bizde lukmanlara adamlara kömek etmek mümkinçiligi hem berlenok, başga zady goýaly" diýip aşgabatly saglyk işgäri Azatlyk radiosyna aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri mundan öň ýurduň saglyk pudagynyň gazanan üstünliklerini magtap, ýokanç keselleriň öňüni almakda gazanan tejribelerini beýleki ýurtlar bilen hem paýlaşmaga taýýardygyny ençeme gezek mälim etdi we bu ýagdaý türkmen aktiwistleriniň protest çärelerini gurnap, Aşgabady ilatyň saglygyny goramak meselesinde gözboýagçylyk etmekde tankyt etmeklerine alyp geldi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedow hindi kärdeşi bilen eden gürrüňinde iki ýurduň arasyndaky derman hyzmatdaşlygynyň “oňyn tejribesini” belläp, bilelikdäki türkmen-hindi kärhanasynyň, “Türkmenderman Ajanta Farma Limitediň” mysalynda saglyk hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiligine garamagy teklip edýär. Emma habarda bu teklibiň nähili garşy alnandygy, anyk göz öňünde tutulýan işler anyklaşdyrylmaýar.

Şu aralykda Bütindünýä saglyk guramasynyň Türkmenistana kislorod konsentratorlaryny we şahsy gorag serişdelerini iberendigi mälim boldy. “Turkmen.news” neşiriniň BSG-nyň Türkmenistandaky bölüminiň resmi maglumatyna salgylanyp ýazmagyna görä, Bütindünýä saglyk guramasy Türkmenistanyň Saglyk ministrligine kislorod konsentratorlaryny, medisina maskalaryny, respiratorlary, gorag äýneklerini we halatlaryny muzdsuz berdi.

Şol bir wagtda, BSG Aşgabada berlen ynsanperwer kömeginiň yzynyň hem boljakdygyny, ýakyn wagtda ýene kömek beriljekdigini habar berýär.

Şeýle-de neşir BSG-nyň türkmen lukmanlaryna beren tälim kömeklerini belleýär. Guramanyň maglumatyna görä, mundan öň saglyk işgärleriniň 187-sine COVID-19 näsaglarynyň bejermegiň usullary öwredildi, barlaghana işgärleriniň 37-sine barlagda koronawirusy ýüze çykarmak öwredildi, 20 hünärmen bolsa, serhet geçelgelerindäki gözegçilik boýunça tälim aldy.

Türkmenistan başda koronawirus ýokuşmalarynyň öňüni tebipçilik emleri, ýüzärlik we beýlekiler bilen almagy planlaşdyryp, goňşy ýurtlara, şol sanda Orsýetiň Astrahan sebitine ynsanperwer kömeklerini iberip, koronawirusa garşy umumy göreşe goşuldy we soňky bilen serhetleri ýapmakdan başlap, ýüz maskalaryny geýmegi hökmany çärä öwürmäge çenli dürli goranyş usullaryny ulanmaga başlady.

Emma muňa garamazdan, resmi Aşgabat syzyp çykýan maglumatlara, ölüm habarlaryna resmi düşündiriş bermeýär.

Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň geçen hepde beren soňky maglumatyna görä, Daşoguzdaky aýallar türmesinde koronawirus ýaýrady we adamlar ýiti derman ýetmezçiliginden heläk bolýarlar.

Türkmenistanyň türme şertleri, jeza jaýlaryndaky arassaçylyk mümkinçiligi, azyk, derman üpjünçiligi, öňki tussaglaryň we habarly hünärmenleriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, hemişe ýaramaz we giň ýaýran korrupsiýa emele gelen agyr ýagdaýy has-da agraldýar.

Adam hukuklary boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny "bir kemsiz ýerine ýetirýändigini" aýdýan Türkmenistan halkara gurmalarynyň wyždan bendilerini, syýasy tussag diýilýänleri, şol sanda möhletini tamamlan tussaglary türmeden boşatmak ýa-da olaryň işlerine gaýtadan, açyk görnüşde seretmek çagyryşlaryna baş galdyrjaga meňzemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG