Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda eklenç aladasy ilaty öz ganyny satmaga mejbur edýär


Turkmenistan -- Inside the hospital of Parahat district of Ashgabat, 9 April 2014
Turkmenistan -- Inside the hospital of Parahat district of Ashgabat, 9 April 2014

Türkmenistandaky barha ýitileşýän ykdysady we azyk krizisiniň arasynda pulsuzlykdan kösenýän ilat eklenç aladasynda öz ganyny satyp, güzeran görmäge mejbur bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy noýabrda Lebapdan habar berdi.

"Soňky hepdelerde Türkmenabatdaky welaýat hasssahanasynyň we Farap etrap keselhanasynyň gan merkezinde her gün onlarça adam üýşýär. Olar gana zerurlyk duýýan adamlar üçin gan bermäge taýýar durýarlar. Häzikri bu ýerde wagtda ýüzlerçe raýat barlagdan geçip, öz gan toparynyň maglumatlaryny öňünden berip goýýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu adamlar her 1 gram gan üçin döwletden 2 manat, gana zerurlyk duýýan raýatlardan ýa-da olaryň hossarlaryndan hem 2 manat alýarlar.

"Ganlaryny satýan adamlaryň tas ählisi işsiz bolup, olar öz ganlaryny satyp, maşgalasyna un, çörek, kartoşka ýaly esasy azyk önümlerini satyn alýarlar. Adamlar iş tapman, iýere çörek satyn almaga pul tapman, indi ganyny satyp, güzeran eklemäge mejbur bolýarlar" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Pandemiýanyň fonunda fewral aýynyň ahyrynda döwlet serhetleriniň ýapylyp, gatnawlaryň täzeden düzgünleşdirilmegi bilen, soňky aýlarda ýurtda adamlaryň eklenç, hususan-da azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy has-da ýitileşdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary döwlet dükanlarynda azyk ýetmezçiligi, olaryň öňündäki nobatlar, azyk önümleriniň hususyýetçilerdäki bahasynyň yzygiderli gymmatlamagy barada dowamly habar berýärler.

Özüni Erkin aga diýip tanyşdyran faraply işsiz raýat habarçymyza beren maglumatynda ýaşaýyş oňşugynyň kynlaşmagy bilen eklenç güzeran aladasynda öz ganyny satyp, soňky aýlarda 3 müň manat gazanandygyny aýtdy.

"250 gramdan 3 gezek gan tabşyrdym. Her gezek 1000 manat töweregi pul gazandym. Bu pula maşgalama zerur bolan azyk harytlaryny satyn aldym" diýip, Erkin aga habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol ganyny satmak isleýän dalaşgärleriň köpdügi sebäpli ony bermegiň üstünde dawa-jenjelleriň hem bolýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat we Farap etrap hassahanalaryndan hem-de olaryň gan bölümlerinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda ykdysady we azyk krizisiniň ýitileşmeginiň arasynda pulsuzlykdan kösenýän ilatyň eklenç aladasynda dürli usullary oýlap tapýandygy, zir-zibilleri dörýändigi we käbir aýal-gyzlaryň mätäçlikden tenlerini satmaga mejbur bolýandygy barada Azatlyk Radiosy mundan öň hem habar beripdi.

Şeýle-de ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalaryň hem, maşgalalaryna maddy goldaw bermek üçin, bazarlarda we ekin meýdanlarynda zähmet çekýändigi mälim bolupdy.

Türkmen häkimiýetleri bu aýdylanlary tassyklap ýa inkär edip çykyş etmeýärler. Resmi media türkmenistanlylaryň “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” ýaşaýandygy barada yzygiderli reportažlary görkezýär.

Ýöne eklenç üçin dürli usullary oýlap tapmaga mejbur bolýan ýurt raýatlar barada mesele gozgamaýar. Şeýle-de, ýurt resmileri Türkmenistanda işsizligiň derejesi we işini ýitiren adamlaryň sany barada-da maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG