Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hereket çäklendirmeleri: Raýatlar Marydan Aşgabada gitmek üçin onlarça kilometri ýöräp geçýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda global pandemiýanyň fonunda transport we hereket çäklendirmeleri saklanyp galýan mahaly, raýatlar Marydan Aşgabada gitmek üçin kyn we çylşyrymly ýollary saýlap almaga mejbur bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär.

"Sebitleriň arasyndaky otly we awtobus gatnawlary ýatyrylandan soň, ýolagçy gatnadýan taksileriň we uçar biletleriniň bahasy 1000 manada çenli gymmatlady. Adamlarda 1000 manady bermäge puly bolmansoň, Aşgabada gizlin we kyn ýollar bilen gitmäge mejbur bolýarlar. Olar çölüň içi bilen gidip, barlag postlaryna görünmän, her postuň deňinden 5-7 kilometri, käte ondan hem köp ýoly aýlanyp, ýöräp geçýärler. Adamlaryň ýanlarynda agyr goşlary hem bar" diýip, habarçy 21-nji awgustda gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19 bilen kesellän ýeke adamyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny aýdýan bolsa-da, mart aýynyň ahyryndan başlap ençeme çäklendirmeleri girizdiler, şol sanda welaýatlaryň arasyndaky ulaglaryň, otlularyň we awtobuslaryň hereketini çäklendirdiler.

Munuň yzýany uçar biletleriniň we Aşgabada "ogryn ýolagçy daşaýan" hususy taksileriň bahasy 1000 manada çenli gymmatlady. Öň bularyň bahasy degişlilikde 75 we 250-300 manat aralygyndady.

Azatlygyň habarçysy paýtagtda dürli işde işläp aýda 700-800 manat aýlyk alýan adamlaryň hususy taksilere ýa-da uçara münmäge maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdyp, ýakynda Marydan Aşgabada giden bir topar işçiniň başdan geçirenlerini gürrüň berdi.

"Biz Marydan 7 oglan bolup ýola düşdik. Günde ýüzümizi gijä tutup ýol aşdyk. Ähli barlag postlaryny aýlanyp geçdik. Öňümizden suwly ýap çyksa, ilkibada aýlanyp köpri ýa-da geçelge gözläp, ýolumyzy has daşlaşdyrdyk. Soňra suwly ýapdan ýüzüp geçmäge başladyk. Her bir barlag postundan aýlanyp geçenimizden soň, 6-myz ýoluň gyrasynda gizlenip durýardyk we birimiz bolsa ýola çykyp el galdyryp masyn tutýardy. Biz 7 oglan bolanymyz üçin traktor ýa-da ýük ulaglaryny tutmaga synanyşýardyk" diýip, maryly işçileriň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Işçiniň sözüne görä, olar bir postdan ýöräp geçenden soň, ulag tutmaga synanyşan işçileriň biri polisiýa tarapyndan saklanýar we ol ilki Tejeniň, soňra-da Marynyň postuna alnyp gidilýär.

"Biz birimiz polisiýa tarapyndan tutulsak, onda beýlekileriň bukulyp durandygyny aýtmaly däldigi barada öňünden ylalaşypdyk. Saklanan ýoldaşymyz wadasynda tapylyp, biz barada polisiýa hiç zat aýtmady. Ol bir az wagt geçensoň, bize jaň edip, "Menden düşündiriş aldylar we ýanyňda başga kim bardy diýip soradylar. Men bir özümdim diýdim. Siz häzirjek boluň, sag-aman baryň" diýdi" diýip, işçi aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, şondan soňra alty işçi çopan goşlarynyň ýerleşdirilen ýerlerinde saklanyp, wagtal-wagtal dynç alýar. Olar Duşaga ýetende, ýük otlusynyň wagonlaryna asylyşyp, Ýaşlyga aşýarlar.

"Biz 6 oglan bolup, 3 gün diýlende Aşgabada, iş ýerimize geldik. Biz başlyga birimiziň polisiýa tarapyndan tussag edilendigini düşündirdik. Başlygymyz ony işden aýyrmajagyny aýtdy we "Haçan ýol açylsa şonda gaýtsyn, öz janyny howp astyna goýmasyn" diýdi. Biz indi ýol açylmasa yzymyza, Mara öz hojalygymyza dolanmarys. Sebäbi öýde işsiz, pulsuz oturanymyzyň maşgalamyza peýdasy ýok" diýip, maryly işçi aýtdy.

Azatlygyň habarçysy ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda maliýe ýetmezçiliginiň we işsizligiň ýitileşmeginiň fonunda, gazanç gözleginde şeýle agyr ýollary söküp, Aşgabada gidýän adamlaryň sanynyň köpdügini hem aýtdy.

Şu aýyň başynda Lebapdaky habarçymyz raýatlaryň paýtagta we ýurduň beýleki sebitlerine gitmek üçin bikanun hem-de howply ýollary saýlap almaga mejbur bolýandygyny habar berdi.

"Ene-atalar çagalaryny taşlap, gazanç gözleginde transportyň häzirki hereket edýän şertlerinde sapar etmäge mejbur bolýarlar. Olar gara işçiler bolup, jaý remont etmek we hakyna çörek ýapmak işlerinde işleýärler. Bu adamlar Türkmenabat-Aşgabat aralygyndaky otlularyň ýapyk, ýük daşaýan wagonlarynda paýtagta gidýärler. Käbir adamlar konteýnerleri daşaýan ulaglarda gidip, ömrüni howp astynda goýýarlar" diýip, lebaply habarçy 10-njy awgustda gürrüň berdi.

Habarçy raýatlaryň transportuň bu usulyny saýlap alamagyna karantin çäklendirmeleriniň, şeýle-de ykdysady kynçylyklar bilen bagly maşgalalaryň güzeran eklenjiniň has-da agyrlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdypdy.

Türkmen häkimiýetleri global pandemiýa bilen baglanyşykly ilatyň gündelik durmuşyna täsir ýetirýän karantin çärelerini girizse-de, bu çäklendirmeleriň näçe adamyň işsiz galmagyna getirendigi baradaky sanlary mälim etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG