Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Trampyň Pentagondaky möhüm kadr çalşygy aladalary artdyrýar


Pentagon

Pentagonyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda möhüm kadr çalşygy boldy diýip, ABŞ-nyň Goranmak departamenti 10-njy noýabrda mälim etdi. Ak Tam mundan bir gün öň goranmak sekretary Mark Esperi wezipesinden boşadanyndan soňra, Pentagondaky möhüm wezipelere prezident Donald Trampa ygrarly adamlar goýuldy.

Pentagondaky kadr çalşygy demokratlaryň we harby resmileriň arasynda ABŞ-nyň milli howpsuzlygynyň we Goranmak departamentiniň syýasylaşdyrylmagy boýunça aladalary artdyrdy. Bu respublikan Trampyň prezidentlik saýlawlarynda Jo Baýdeniň ýeňşini ykrar etmekden boýun gaçyrýan we häkimiýet başynda ýene 71 gün galan pursadynda bolup geçýär.

Munuň netijesinde, Trampyň Esperiň we beýlekileriň garşy çykan, şol sanda köçe protestlerini basyp ýatyrmak üçin harby gullukçylary çekmek çärelerini hem has aňsatlyk bilen durmuşa geçirmegine mümkinçilik döreýär.

Kadr çalşygy Trampyň ABŞ-nyň Owganystandaky ähli esgerlerini çykarmak baradaky ähtimallyklaryny hem artdyrýar.

The New York Times neşiriniň çap eden maglumatyna görä, Goranmak departamentiniň resmileri Trampyň Baýdeniň prezidentlige girişmeginiň öňüsyrasy, Waşington bilen Tähranyň gatnaşyklaryny ýitileşdirjek bolup, Eýrana garşy gizlin ýa-da aýan bir görnüşde operasiýa başladyp biljekdigine alada bildirýärler.

Tramp Esperi wezipesinden boşadandygy we onuň ýerine Terrorçylyga garşy milli merkeziň direktory Kristofer Milleri belländigi barada 9-njy noýabrda Twitter hasabynda mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG