Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Hytaý goşuny bilen ilteşikli kompaniýalara amerikan maýa goýumlaryny gadagan edýän buýruga gol çekdi


ABŞ-nyň we Hytaýyň baýdaklary
ABŞ-nyň we Hytaýyň baýdaklary

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 12-nji noýabrda käbir hytaý kompaniýalaryna ABŞ maýa goýumlaryny gadagan edýän buýruga gol çekdi. Waşington bu kompaniýalara Hytaý goşunynyň gözegçilik edýändigini ýa-da onuň eýeçiligindedigini aýdýar.

Bu ädim ABŞ-nyň maýa goýum firmalaryny hem-de pensiýa gaznalaryny 31 sany hytaý kompaniýasynyň paýlaryny almakdan we satmakdan saklamagy maksat edinýär. Ýylyň başlarynda Goranmak departamenti bu kompaniýalaryň Hytaý goşuny tarapyndan goldanylýandygyny aýtdy.

Gadagançylyk ABŞ maýa goýumçylary üçin degişli kompaniýalara islendik geçirimi gadagan edýär.

Bu Trampyň prezidentlik wezipesiniň tamamlanmagyndan birnäçe gün öň, 11-nji ýanwarda güýje girýär.

Buýruk Hytaý hökümetiniň “öz goşunyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek üçin” ABŞ bazarlaryndan barha köp peýdalanýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG