Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eks-prezidentlere ömürlik eldegirmesizlik hukugyny berýän rus kanun taslamasy birinji tapgyrdan geçdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy - Döwlet Dumasy öňki prezidentlere ömürlik eldegirmesizlik hukugyny berjek kanun taslamasynyň birinji maslahatyny tassyklady.

Bu kanunçylyk geçen tomus referendumda tassyklanan konstitusion üýtgetmeler toplumynyň bir bölegidir. Täze konstitusion üýtgetmeler prezident Wladimir Putine 2036-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmaga mümkinçilik berýär.

Täze kanun taslamasy öňki döwlet baştutanlaryna we olaryň maşgalalaryna jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçiliklere garşy ömürlik eldegirmesizlik hukugyny berýär.

Şeýle-de, olary saklamak, tussag etmek, barlamak we soraga çekmek bolmaz.

Ýeke-täk kadadan çykma dönüklik jenaýatydyr, ýöne bu işi ilki Döwlet Dumasy, Ýokary we Konstitusion sudlar tassyklamalydyr.

Häzirki kanunçylyk öňki prezidentlere diňe iş başynda wagty edilen jenaýatlara garşy eldegirmesizlik berýär.

Şol bir wagtyň özünde, Döwlet Dumasy eks-prezidentlere parlamentiň ýokary palatasyndan, ýagny Federasiýa geňeşinden ömürlik orun berýän beýleki bir kanun taslamasynyň hem birinji maslahatyny tassyklady. Bu wezipe hem olary eldegirmesizlik bilen üpjün edýär.

Ýurda 2008-2012-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk eden Dmitriý Medwedow häzirki wagtda Russiýanyň ýeke-täk diri eks-prezidentidir.

Täze eldegirmesizlik üýtgetmelerine eger-de/haçan-da ol işden aýrylanda Putini goramaga niýetlenen çäreler hökmünde baha berilýär.

XS
SM
MD
LG