Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derňew Awstraliýanyň saýlama esgerleriniň 39 owgany “bikanun öldürendigi” baradaky dellileri ýüze çykardy


Owganystandaky daşary ýurtly esgerler. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Owganystandaky daşary ýurtly esgerler. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Dört ýyllap dowam eden derňewiň netijesinde Owganystana iberilen Awstraliýanyň saýlama güýçleriniň gullukçylarynyň 39 owgan tussagyny öldürendigi baradaky “çuňňur hopukdyryjy” atlandyrylan aýyplamalaryň üsti açyldy. Awstraliýanyň esgerleri Owganystana ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleriniň çäginde “Talyban” söweşijileri bilen göreşmek üçin ýollanypdy.

Awstraliýanyň Baş ştabynyň kommandiri 19-njy noýabrda mälim edilen derňewiň netijeleriniň utandyryjydygyny aýtdy. Şeýle-de, general Angus Kampbell munuň “harby nyzamyň we professional gymmatlyklaryň iň gözçykgynç bozulmasy bolandygyny” sözüne goşdy.

Derňewde 2005-2016-njy ýyllar aralygynda tussaglara zamunlarça çemeleşilendigi baradaky aýyplamalar ýüze çykaryldy.

Hasabatda 19 esgeriň mümkin, şol sanda adam öldürmek aýyplamalary boýunça derňelmegine çagyrylýar.

General Kampbell özüniň owgan kärdeşi bilen göni gepleşip, öz ökünjini beýan edendigini, şeýle-de Awstraliýanyň esgerleri tarapyndan bolan islendik bidüzgünçilikler üçin owgan halkyndan ötünç sorandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG