Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prokuratura bergidar çykan pagtaçylary gyssaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Lebabyň etraplarynda pagta plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedik kärendeçiler bilen prokuratura edaralary iş salyşýar. Häkimiýetler kärendeçilerden döwletiň gowaça ösdürip ýetişdirmek üçin eden çykdajylaryny yzyna tölemegi talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy noýabrda habar berdi.

Häkimiýetler şeýle çärelere hususan-da Farap, Dänew, Çärjew etraplarynyň Kyraç, Jeýhun, Berzeň, Açyl Mürzäýew we Azatlyk daýhan birleşiklerinde bat berdi.

Türkmenistanda kärendeçi daýhanlar şertnama esasynda bugdaý we pagta ýaly döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri ösdürip ýetişdirýärler we onuň hasylyny döwletiň satyn alyş nyrhyndan ýerlerdäki harmanlara tabşyrýarlar. Öz gezeginde döwlet kärendeçi daýhanlary dökün, tohum, tehnika we suw bilen üpjün etmäge borçlanýar. Agrotehniki çäreler üçin edilen çykdajylar kärendeçileriň girdejisinden tutulýar. Ýöne kärendeçi şertnamalaýyn borçnamanyň hötdesinden gelip bilmese we onuň girdejisi agrotehniki serişdeler üçin edilen çykdajylardan az bolsa, ol munuň öwezini tölemeli bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan pagtaçy kärendeçiler bu işlere ýerli prokuratura edaralarynyň işgärleriniň gatnaşýandygyny aýdýarlar.

“Tamamlanan pagta möwsüminde bergidar çykan kärendeçileriň karzlaryny yzyna töletdirmek işleri başlandy” diýip, bir kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi we bu işlere etrap prokuratura edaralarynyň gatnaşýandygyny aýtdy.

Öňki ýyllardan tapawutlylykda bu ýyl ýurduň gündogar sebitlerinde apreliň ahyrynda turan harasatdan soň käbir gowaça meýdanlary sökülip ikinji gezek ekildi. Ýöne ýerli häkimiýetler, Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, tebigy hadysanyň ekinlere ýetiren zyýanlaryny-da kärendeçilere töletdirýär.

“Iki sapar ekiş geçiren adamlaryň bergisi hem çykdajysy ýaly iki esse boldy. Olar tohum, dökün we tehnika üçin iki esse pul töleýärler” diýip, bir daýhan Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onsuz hem birinji ekişde ekinlerini harasata aldyran daýhanlar ikinji sapar ekilen gowaçanyň hem pes hasyl berendigini aýdýarlar.

“Adamlar şu ýyl aprelde bolan harasatda gowaçanyň zaýlanandygyny, gaýtadan ekiş geçirenler giç ekilen gowaçanyň hasyl bermändigini aýtsalar-da,olaryň arzy diňlenmeýär” diýip, lebaply gürrüňdeş sözüniň üstüni ýetirdi.

“Eger tebigy harasat sebäpli gowaça gaýtadan ikinji sapar ekilen bolsa, onuň üçin 50 göterim ýeňillik berilmeýär. Tohum, dökün we tehnika hyzmatlary üçin tölegler doly alynýar” diýip, lebaply agronom Azatlygyň habarçysyna düşündirdi.

Ýerden gazanýan girdejilerine bil baglaýan kärendeçiler bergidar çykan halatynda munuň öwezini haýsy serişdeleriň hasabyna yzyna töleýär?

Dänewli bir kärendeçiniň gürrüň bermegine görä, häkimiýetler şeýle ýagdaýa duçar bolan kärendeçileriň hojalyk mallaryny, ýa-da öý goşlaryny konfiskasiýa etmek we olary döwletiň haýryna geçirmek bilen haýbat atypdyrlar.

“Dänew etrabynyň prokuraturasy Azatlyk daýhan birleşiginiň kärendeçilerine eger olar begilerini bermeseler hojalyklardaky iri we ownuk şahly mallary konfiskasiýa etjekdiklerini, maly ýok raýatlara öý goşlaryny, telewizorlaryny, holodilniklerini we düşek ýaly zatlaryny döwlet haýryna arzan baha kesip aljakdygyny duýdurypdyrlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçynyň malgumatlaryna görä, geçen ýyl käbir daýhan birleşiklerde 50-100 gektar kärende ýer alan daýhanlar hem bergidar çykdy we munuň bilen bir hatarda 99 ýyl möhlet bilen ýer alan daýhan hojalyklar hem ýerlerini yzyna tabşyryp başladylar.

Şol bir wagtyň özünde, kärendeçiler pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň arzandygyny aýdýarlar.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli mehanizator traktoryň bahasynyň ep-esli gymmatdygyny we iri daýhan hojalyklaryň her haýsyna traktorlaryň örän zerurdygyny gürrüň berdi.

“Ençeme daýhan hojalygyň eýeleri ýerlerini döwlete tabşyrmak kararyna geldiler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, 1 gektar gowaçanyň çykdajysy 1 sapar ekiş üçin 2130 manat töwereginde. Muňa tohum, sürüm we ekiş işleriniň bahalary girýär.

“1 gektar gowaçadan 2 tonna pagta tabşyran kärendeçi girdeji alyp bilmeýär. Sebäbi 30 % daýhan birleşik üçin, 9 % kärdeşler arkalaşygy üçin, 2 % täze ýyl sowgady üçin tutýarlar. 5 gektar pagta ekip bergidar çykan kärendeçiler 10 müň manatdan köp pul töleýärler” diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan bir agronom aýtdy we suda çekilmekden gorkýan bergidar pagtaçylaryň prosentine pul karz alyp, öz bergisini döwlete tölemäge çalyşýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar boýunça Lebap welaýatynyň häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG