Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebap: Gowaça eken kärendeçiler dökün ýetmezçiliginden kösenýär


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň käbir daýhan birleşiklerinde gowaça eken kärendeçiler mineral dökün ýetmezçiliginden kösenýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji iýulda habar berdi.

Kärendeçi daýhanlar mineral dökün ýetmezçiligi bilen bir hatarda gowaça ekinine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmäge mümkinçiligiň ýokdugyny, gowaça meýdanlarynyň ösüş suwlary bilen talabalaýyk suwarylmandygyny we bu ýagdaýyň hasyla ýaramaz täsir edýändigini aýdýarlar.

Darganata etrabynda “gowaça eken kärendeçiler gowaça üçin, azot, karbamid we fosfor mineral dökünlerini henizem alyp bilmän kösenýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda döwlet kärendeçi daýhanlary şertnama esasynda mineral dökünler bilen ýeňillikli üpjün edýär. Ýöne, mundan ozal, aprel aýynda lebaply kärendeçileriň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde döwlet tarapyndan kärendeçilere ýeňillikli bahadan üpjün edilýän mineral dökünleriň tas 4 esse gymmatlaýandygyny habar beripdi. Ondan ozal pagtaçy kärendeçiler 1 tonna dökün üçin 400 manat töwereklerinde çykdajy edýärdiler.

“Awgust aýyna sanlyja gün galdy” diýip, bir daýhan kadaly ideg etmäge şert döredilmedik gowaça meýdanlary bilen bagly aladalaryny beýan etdi we mineral döküniň gijä galandygyny aýtdy.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan daýhanlar külte basylmadyk, hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilmedik we ösüş suwlary tutulmadyk gowaça meýdanlaryndan girdejä garaşmaýandyklaryny aýdýarlar.

“Eýýäm gowaça hasyla durdy, mineral dökün iki aý gijä galdy” diýip, lebaply bir agronom Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Döwlet daýhana şert döretmän, harman aljak bolýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçynyň maglumatyna görä, tohum we sürüm üçin edýän çykdajylarynyň bergisini yzyna tölemegiň aladasyny şu wagtdan edip başlan daýhanlar bar.

Şol bir wagtyň özünde, mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary apreliň ahyrlarynda ýurduň gündogar sebitlerinde turan tupanyň Lebap welaýatynda onlarça müň gektarlyk gowaça meýdanlaryna zyýan ýetirendigini habar berdiler. Habarçymyz Lebapda “onlarça müň gektar gowaça ýagyş we harasatdan soň sökülip, täzeden ekilip başlandy” diýip, 20-nji maýda habar berdi.

Ondan ozal, maýyň başlarynda Lebap welaýatynyň gündogar sebitlerinde 35 müň gektar töweregi ekin meýdanyny çekirtge basdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň we kärendeçi daýhanlaryň ençemesi ýurduň oba hojalyk pudagynda suw, tehnika we dökün üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň ýyllarboýy dowam edýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň oba hojalyk resmileri daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, olaryň dökün, suw we tehnika ýetmezçiligi barada döwlet mediasynda çykyş etmeýärler. Galyberse-de, ýurduň resmi we ýarym resmi habar serişdeleri kärendeçi daýhanlaryň duçar bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG