Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farap etrabynyň gowaça meýdanlary “gözgyny”


Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Farap etrabynyň gowaça meýdanlarynyň gözgyny ýagdaýy barada habar berýär.

Habarçynyň etrabyň ekin meýdanlaryndan düşürip, 22-nji iýulda iberen suratlarynda zaýlanan ekin meýdanlaryny görmek bolýar.

“Ynha, Farabyň harasatdan soňky gowaça meýdanlary! Adamlar öýlerini dikeltmek bilen başagaý bolup, gowaçany gaýtadan ekip ýetişmediler” diýip, habarçy habar berdi.

Apreliň ahyrynda gopan harasat Lebap welaýatynda onlarça müň gektarlyk gowaça, bugdaý we gök-bakja ekinlerini hatardan çykarypdy. Onuň yzýany daýhanlar gowaça meýdanlarynda täzeden ekişe girişipdi. Ýöne habarçynyň düşüren soňky suratlaryndan mälim bolşuna görä, zyýan çeken gowaça meýdanlaryny gaýtadan ekip, oňa ideg etmäge ýetişmedik kärendeçiler bar.

Farap etrabynyň harasatdan soň zaýa bolan gowaça meýdanlary
Farap etrabynyň harasatdan soň zaýa bolan gowaça meýdanlary

Suratlar etrabyň zaýalanan ekin meýdanlarynda ýek-tük ösüp oturan gowaçalary görkezýär. Şeýle-de, suratlarda hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilmedik hem-de haşal ot basan gowaçalary görmek bolýar.

Sebitiň beýleki etraplarynda-da pagtaçy kärendeçiler dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Sişenbe güni Azatlygyň beýleki bir habarçysy Darganata etrabynda şu günler pagtaçy kärendeçileriň mineral dökün ýetmezçiliginden kösenýändiklerini habar berdi. Atlandyrylmazlyk şertinde habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir agronom, agrotehniki kadalara laýyklykda, mundan iki aý ozal mineral dökün berilmeli gowaça meýdanlarynyň “eýýam hasyla durandygyny” we döküniň gijä galandygyny gürrüň berdi. Ol döwletiň daýhanlar üçin oňaýly şertleri döretmeýändigini, mineral döküniň gijä galandygyny aýtdy.

Ýene bir daýhan anonim şertde habarçymyza beren gürrüňinde, ösüş suwlary kadaly tutulmadyk we mineral dökünler bilen iýmitlendirilmedik gowaça meýdanlaryndan özleriniň hasyla garaşmaýandyklaryny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň oba hojalyk resmileri ýerlerde talabalaýyk işleriň geçirilýändigini gaýtalaýarlar. Ýöne iş ýüzünde, hususan-da harasatdan ejir çeken etraplarda gowaçanyň gözgyny ýagdaýy resmileriň aýdýanlaryny tassyklamaýar. Döwlet telewideniýesi “bagtyýar kärendeçileri” görkezýär, olar özleri üçin döwlet tarapyndan döredilýän şertlere minnetarlyk sözlerini beýan edýärler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iýunyň başynda Lebap welaýatyna sapar edip, Çärjew etrabynda daýhanlar bilen duşuşdy. Ýöne prezidentiň duşuşyklarynda özbaşdak kärendeçiler we daýhan hojalyklaryň eýeleri ekerançylyk pudagynda özleri üçin döredilýändigi aýdylýan ähli şertlere diňe minnetdarlyk sözlerini aýtdylar, dökün, suw we tehnika ýetmezçiligini agzamadylar.

Farap etraby Türkmenistanyň gündogar sebitinde, Amyderýanyň gündogar tarapynda we Özbegistan bilen serhetýakada ýerleşýär.

Welaýata eden saparynyň yzýany prezident Berdimuhamedow 23-nji iýunda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi Hasan Metkulyýewe, Çärjew etrabynyň häkimi Jumanazar Maşaripowa hem-de Döwletli etrabynyň häkimi Batyr Gylyjowa “işde goýberen kemçilikleri üçin” “berk käýinç” yglan etdi.

Resmi metbugat prezidentiň bu etraplarda bol hasyly ösdürip ýetişdirmekde guramaçylyk işleriniň pesdigini aýdandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG