Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň dükanlary ýumurtga söwdasyna birden başlaýarlar, banany çüýrük üzüm bilen goşup satýarlar


Döwlet dükanynyň öňündäki nobat, Türkmenistan.
Döwlet dükanynyň öňündäki nobat, Türkmenistan.

Aşgabadyň dükanlarynda nobatlar, azyk ýetmezçiligi we çäkli mukdarda satylmagy dowam edýär. Indi käbir iýmit önümleri öňünden yglan edilmezden duýdansyz ýagdaýda satuwa çykýar we çalt gutarýar. Mundan başga-da, islenilýän harytlaryň gapdalyndan geçmeýän önümleri satmak tejribesi has-da ýaýbaňlanýar. Köplenç gymmatbaha ýa-da möhleti geçen harytlar satylýar.

Şu günler Aşgabatdaky döwlet dükanlarynyň tekjelerinde satylýan harytlar tapawutlanýar käbirlerinde çörek satylýar, käbirlerinde towuk aýaklary ýa-da ýumurtga. Mundan başga-da, ýetmezçilik edýän harytlar indi birden satylyp başlanýar we çalt gutarýar.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, azyk önümleriniň döwlet dükanlarynda satylmagy öňünden yglan edilmeýär. Mysal üçin, 19-njy noýabrda, Aşgabadyň "Desse" atly dükanynda, günortanlyk arakesmesinden 15 minut öň, gapdalyndan tüwini satyn almak şerti bilen ýumurtgany we towuk budlaryny satyp başladylar. Söwda on minutdan köp dowam etmedi, ilki ýumurtga gutardy, soň towuk. Günüň ikinji ýarymynda ullakan nobat dörän dükana çörek getirildi.

Aşgabadyň ýaşaýjylary bar bolan şertlere uýgunlaşmaga mejbur bolýarlar. Azyk önümleriniň satuwynyň başlanan pursadyna tötänleýin gabat gelen alyjylaryň köpüsi öz garyndaşlaryna we dostlaryna jaň edýärler. Emma habarçymyzyň belleýşi ýaly, azyk bada-bat gutarýar, gyssanmaç gelenlere hiç zat galmaýarlar.

Çörek, un, ýumurtga, şeker, ösümlik ýagy we towuk butlary Türkmenistanyň ilaty tarapyndan iň köp talap edilýän azyk önümleri bolmagyna galýar. Käbir ýerlerde kesgitli nyrhdan satylmaly towuk budlary gapdalyndan geçmeýän haryt bilen satylmakdan daşary, böleklere bölünýär we dürli bahalarda satylýar.

"Эта часть продается отдельно, дорого, по 24 маната за килограмм"
"Эта часть продается отдельно, дорого, по 24 маната за килограмм"

Habarçymyz paýtagtyň 42-nji dükanynda gassabyň towuk butlaryny iki bölege bölüp, aşaky bölegini alyp galýandygyny we beýleki bölegini tüwi bilen birlikde alyjylara satýandygyny gürrüň beri. Onuň sözlerine göre, soň galdyran bölek has gymmada, bir kilogramy 24 manada satylýar.

Döwlet dükanlarynda tüwi bilen birlikde, adatça geçmeýän harytlar satylýar. Köke önümleri, kir ýuwýan serişde ýaly harytlar bilen bir hatarda geçen aýlarda ýurduň prezidentiniň portretleri hem ilata azyk önümleri bilen bile goşulyp satyldy.

Soňky hepdelerde Türkmenistanyň paýtagtynda gije-gündiziň dowamynda ullakan nobatlar saklanýar. Alyjylar gijelerine nobata durýarlar we sanawlary düzýärler. Azyk satyn almak isleýänleriň arasynda jedeller we ýakalaşyklar ýüze çykýar.

Şu günler un satuwda seýrek bolýar. Alyjylar unuň bardygyny dükan satyjylaryndan soramaly bolýarlar.

Habarçy satyjylaryň diňe barlag bolanda we baýramçylyk günlerinde un satmak barada Söwda ministrliginden dilden görkezme berlendigini düşündirýär we şonuň üçin adaty günlerde unuň satuwa çykarylmaýandygyny aýdýar diýip gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginden resmi taýdan maglumat alyp bilmedi.

Ilatyň "un paýogy" diýlip atlandyrylýan adam başyna 5 kilograma barabar bolan un paýy, bazar bahasyndan pesräk, döwlet tarapyndan kesgitlenen 1 kilogramy 1 manatdan satylýar.

Emma ýurtda döwlet bahasyndan un satyn almak kyn. Welaýatlarda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy hasam erbet. Oba ýerlerinde, oktýabrda ilata iýun aýynyň un paýy satyldy.

Uzaga çeken ykdysady krizis we azyk ýetmezçiligi sebäpli, Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köpçüligi üçin döwlet dükanlaryndaky kynçylyklara garamazdan, azyk önümlerini kesgitli nyrhdan satyn almak gün görmek üçin ýeke-täk çykalga bolup durýar.

Döwlet dükanlaryndan başga-da, nobatlar, hatyrlaryň çäkli mukdarda satylmagy we geçmeýän harytlaryň goşulyp berilmegi ýaly ýagdaý bazarlarda hem duş gelýär.

Aşgabadyň bazarlarynyň käbir ýerlerinde miwe we gök önümleri kesgitli bahadan adam başyna diňe 1 kilogramdan satylýar.

20-nji noýabrda gök önümleriň bir kilogramy şeýle nyrhdan satyldy:

  • Apelsin - 5 manat
  • Mandarin - 4.5 manat
  • Banan - 6 manat
  • Nar - 6 manat
  • Pomidor - 8 manat

Hususy dükanlarda we bazarlardaky hususy söwdagärleriň tekjelerinde bu önümleriň bahasy 3-6 esse gymmat. Mundan başga-da, bazarlarda goşa bahalar hereket edýär, häkimiýetleriň talaby bilen harytlaryň hakyky bahasyndan tapawutlanýan we alyjylar üçin elýeterli bolmadyk nyrhlar ýazmaça görkezilýär.

Paýtagtyň 11-nji etrapçasynda ýerleşýän "Gündogar" bazarynda 20-nji noýabrda döwlet bahasyndan satylan miwe we pomidor ýaly önümleriň gapdalyndan alyjylara 10 kilogram çüýrük kartoşka satyldy. Banan satyn almak üçin alyjylar 10 manada çüýrük üzüm satyn almaly boldular.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG