Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dowam edýän iýmit gymmatçylygynyň fonunda lukmanlar obalara aýlanyp, adamlary sagdyn iýmitlenmäge çagyrýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Lebap welaýatynda lukmanlar etraplara we obalara aýlanyp, sagdyn iýmitlenmek barada raýatlaryň arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy noýabrda habar berdi.

Ol ilki welaýatyň bazarlarynda we iýmit önümleri satylýan hususy söwda nokatlarynda käbir azyk önümleriniň ortaça bahalary barada maglumat berdi:

  • 1 kilogram et 60 manat
  • 1 kilogram balyk 60-100 manat aralygynda
  • 200 gram ary baly 40 manat
  • 1 litr ösümlik ýagy 30 manat
  • 1 kilogram kartoşka 10 manat
  • 1 kilogram apelsin 60-90 manat
  • 1 kilogram alma 30 manat
  • 1 kilogram üzüm 25-40 manat aralygynda
  • 1 kilogram kelem 25-30 manat

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar bazarlarda azyk önümleriniň gymmatçylygy dowam edýän wagty lukmanlaryň obalara we etraplara aýlanyp, sagdyn iýmitlenmek barada düşündiriş işlerini geçirmeklerini geň görýändiklerini aýdýarlar.

“Häzirki ýagdaýda adamlara sagdyn iýmitlenmek barada düşündirmek adamlaryň üstünden gülmek ýaly bir iş” diýip, bir ýaşaýjy bazarlarda azyk önümleriniň gymmatçylygyny nazarda tutup, gürrüň berdi.

“Bazarlardaky bahalara hatda býujetden iň köp aýlyk alýan adamlaryň hem gurby çatmaýar” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.

Türkmenistanda häzirki wagtda iň pes aýlyk haky 870 manat möçberinde kesgitlenildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň birnäçesi bazarlarda iýmit önümleriniň bahalaryna özleriniň “pullarynyň ýetmeýändigini” gürrüň berdiler.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Pandemiýanyň fonunda fewral aýynyň ahyrynda döwlet serhetleriniň ýapylyp, gatnawlaryň täzeden düzgünleşdirilmegi bilen, soňky aýlarda ýurtda adamlaryň eklenç, hususan-da azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy has-da ýitileşdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary döwlet dükanlarynda azyk ýetmezçiligi, olaryň öňündäki nobatlar, azyk önümleriniň hususyýetçilerdäki bahasynyň yzygiderli gymmatlamagy barada dowamly habar berýärler.

Azatlygyň ýerli habarçylary ýaşaýyş oňşugynyň kynlaşmagy bilen eklenç güzeran aladasynda zir-zibil dökülýän çelekleri dörýän, köçelerde, gapy-gapy aýlanyp dilegçilik edýän adamlary barha köp görse bolýandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, ýurt resmileri Türkmenistanda garyplygyň derejesi barada anyk statistiki sanlary bermeýärler.

Hukuk goraýjy guramalar Türkmenistanda dowam edýän azyk krizisine üns çekýärler. 23-nji sentýabrda adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" we "Adam Hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy guramasy" (TIHR) beýanat çap edip, Türkmenistanda "hökümetiň COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady täsirine jogap bermekdäki hereketsizliginiň Türkmenistanda öňden gelýän azyk krizisini has hem güýçlendirendigini" aýtdy.

Lukmanlaryň obalara we etraplara aýlanyp sagdyn iýmitlenmek barada ilat arasynda geçirýän düşündirişleri dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän wagtyna hem-de türkmen resmileriniň ony erjellik bilen ret edýän wagtyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG