Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gijeki nobatlar, sanawlar we dawalar. Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda basa-baslyk dowam edýär


Döwlet dükanynyň howlusy, Aşgabat, 2017. (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda azyk üpjünçiligi meselesi çözülenok. Azyk önümleriniň bazar bahalary yzygiderli ýokarlanýarka, kesgitlenen nyrhdan azyk satýan döwlet dükanlarynda basa-baslyk artýar. Azyk önümleriniň çäklendirilip satylyşyna, adam başyna ujypsyz aýlyk iýmit paýynyň girizilmegine we azyk önümleriniň satuwda yzygiderli ýetmezçilik etmegine garamazdan, döwlet dükanlarynda uly nobatlar saklanyp galýar. Ýurduň häkimiýetleri nämeleriň bolup geçýändigini görmezlige salýarlar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň paýtagtyndaky döwlet dükanlarynda gije-gündiziň dowamynda uly nobatlar bar. Agşamdan nobatlar döreýär, sanawlar düzülýär.

"Döwlet dükanlarynda kesgitlenen bahadan önüm satyn almak üçin basa-baslyk dowam edýär. Indi nobat sagat 23-den düzülýär, gije 1-e çenli durýarlar we sanaw düzýärler. Irden dawa-jenjeller başlanýar, daňdan 4-de ýa-da 5-de gelenler bilen çekeleşik döreýär. Mundan başga-da, irden maýyplar we owgan urşunyň weteranlary gelýärler. Ýakalaşyga baryp ýetýär" diýip, 13-nji noýabrda Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Iň köp talap edilýän azyk önümleriniň arasynda ýumurtga, şeker, ösümlik ýagy we towuk budlarydyr.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, satyjylar nobatlary azaltmak üçin käbir hileleri ulanýarlar.

"Kämahal satyjylar ýumurtganyň ýokdugy barada bildiriş asýarlar, muny gören käbir adamlar gidýär, ýöne hakykatda ýumurtga satylýar. Ýumurtgany bir ýerde özüni satýan bolsalar, başga ýerde gapdalyndan goşmaça harydy satyn almagy talap edýärler, bu şekere we towuk butlaryna hem degişli. Bir ýerlerde ozal ýumurtga, şeker we towuk budy ýaly harytlary toplap muny bilekde satýardylar we gapdalynda 10 manatlyk tüwini satyn almagy talap edýärdiler "- diýip, habarçymyz aýtdy.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýörgünli harytlary gapdalyndan geçmeýän haryt bilen satmak tejribesi saklanýar.

"Indi köp ýerlerde önümleriň her görnüşine gapdalyndan başga bir harydy satyn almak talap edilýär. Goşmaça alynmaly harydyň bahasy hem barha artýar. Köplenç ýumurtganyň 11 sanysyny 5 manada berýärler. "Paýtagt" dükanynda 15 manada 30 ýumurtga satýarlar, emma bu adaty ýagdaý däl. Käbir ýerlerde, mysal üçin, "lomaý bazarda" adamlar döwlen ýumurtgany soraýarlar. Ýakynda döwülen ýumurtganyň 30 sanysy 10 manada satylan bolsa, indi 20 manada satylýar "- diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Bu aralykda Azatlygyň başga bir habarçysy paýtagtyň käbir dükanlarynda ösümlik ýagynyň gapdalyndan kir ýuwýan serişdäni satyn almagyň talap edilýändigini we onuň bahasynyň satyn alynýan ýagdan has ýokarydygyny habar berdi: "Häzirki wagtda 32-nji dükanda ösümlik ýagy elde kir ýuwmak üçin serişde bilen bile satylýar. Ösümlik ýagy bir litri 13 manada, kir ýuwýan serişdäniň gutusy 14 manada. Satyn alynjak harydynyň umumy mukdary 27 manada ýetýär. Alyjylaryň köpüsi ony almaýar, sebäbi gaty gymmada düşýär ".

Döwlet eýeçiligindäki dükanlardaky basa-baslyk bilen bir hatarda hususy dükanlarda azyk we hojalyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar.

"Hususy dükanlarynda ýumurtga eýýäm 1,50 manada durýar.
Hemme zadyň bahasy ýokarlanýar. 150 wattlyk ýönekeý lampa ýakynda 3 manatdy, indi 10 manat, energiýany tygşytlaýan lampanyň bahasy 2-2,5 esse ýokarlandy", diýip, Aşgabatdaky habarçymyz ilatyň arasynda häzirki ýagdaýda harytlaryň we hyzmatlaryň ýene-de gymmatlamagyndan howsala artýandygyny aýtdy.

Ilatyň nägileligi hem artýar. 10-njy noýabrda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň onlarça ýaşaýjysy ýerli döwlet dükanlarynda un ýetmezçiliginden nägileligini bildirmek üçin häkimlige köpçülikleýin ýüz tutdy. Ýaşaýjylaryň häkimlik wekilleri bilen gysga we netijesiz duşuşygyndan soň olary polisiýa dargatdy.

Ýurtda azyk krizisiniň üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigine garamazdan, ýurduň häkimiýetleri bu meseläni görmezlige salýarlar. Krizise garşy çäre hökmünde bu döwürde adam başyna her aýda bölüp berilýän azyk paýoklary girizildi, un, çörek satyn almak üçin dürli şahadatnamalar talap edildi, satyn alynýan azygyň mukdaryna, onuň bahasynyň möçberine çäklendirmeler girizildi, mekdep okuwçylaryna azyk satyn almaga rugsat berilmedi, azygy dükanlaryň arka gapysyndan satmak düzgüni ulanyldy we nobatlara gadaganlyk girizildi.

Hökümetiň hasabatlarynda diňe ýurduň ykdysady ösüşini görkezýän sanlar öňe sürülýär. Mundan başga-da, häkimiýetler uly desgalaryň gurluşygyna döwlet puluny sarp etmegini dowam etdirýärler. 10-njy noýabrda paýtagtda söwda merkezini we alabaý itine 15 metrlik altyn çaýylan ýadygärligi öz içine alýan täze desgalar toplumy dabaraly açyldy. Çykdajylaryň mukdary çap edilmedi

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG