Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan daşary ýurtlardan barha kän kartoşka, bugdaý almagyny dowam edýär


Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy maýda geçiren iş maslahatynda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi berk talap etdi.

Türkmenistan daşary ýurtlardan ýurtda öndürip boljak azyk önümlerini köp möçberde satyn almagyny dowam etdirýär.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň çap eden statistiki maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, awgust aýy bilen deňeşdirilende, Türkmenistan sentýabrda ýeralma, kartoşka satyn almagyny artdyrdy we günebakar ýagynyň importyny azaldyp, şeker almagyny tasdan togtatdy.

Türkmenistan Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girýän ýurtlardan (Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Orsýet) şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,3 esse köp kartoşka import etdi.

Bu Türkmenistanyň ýurtda ýeterlik öndürilýändigini aýdýan ýeralmasynyň 45,1 müň tonnasyny satyn almak üçin dokuz aýda 13,74 million dollar serişde harçlandygyny görkezýär.

Türkmenistan her ýyl diýen ýaly bugdaý planynyň hem dolandygy habar berýär. Emma Aşgabat ýanwar-sentýabr aralygynda 12,33 million dollar serişde harçlap, 57,3 müň tonna bugdaý satyn aldy. Bu ýurtda ‘bol hasyly öndürilýän’ bugdaý üçin geçen ýyla garanda hem kän serişde harçlanandygyny aňladýar.

Türkmenistanyň esasy galla satyn alýan ýurtlary Gazagystan (76,9%) we Orsýet (23,1%) bolup durýar.

Bugdaýdan başga, Türkmenistan ýylyň dokuz aýynda bugdaý ununy satyn almagyny hem köpeltdi.

Habarda Türkmenistanyň günebakar ýagy, makaron ýaly azyk önümlerini hem öňkülere garanda köp satyn alandygy aýdylýar.

Türkmen mediasy ýurduň azyk howpsuzlygyhyny üpjün edendigi baradaky resmi maglumatlary yzygiderli gaýtalaýar, emma daşary ýurtlardan import edilýän harytlar barada maglumat bermeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG