Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moldowada müňlerçe adam russiýaçy parlamentde wagtyndan öň saýlaw geçirilmegine çagyryş edip, ýörişe çykdy


Çişnauda 6-njy dekabrda geçirilen protest

Moldowada Ýewropa Bileleşigine tarapdar täze saýlanan prezidenti goldaýan 20 müň töweregi protestçi hökümetiň işden çekilmegine we irki umumy saýlawlara çagyryş edip, ýurduň paýtagtynda köçelere çykdy.

Demonstrantlar 6-njy dekabrda Çişnaudaky parlament binasynyň öňünde skwere ýygnanyp, “Biz halk” diýen ýaly şygarlary gygyrdylar.

Kanun çykaryjylar ýurduň aňtaw agentligini prezidentiň garamagyndan parlamentiň ygtyýaryna geçirýän kanun taslamasyny kabul edenden soň, Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklary goldaýan saýlanan prezident Maýa Sandu ýöriş geçirilmegine çagyryş etdi.

Aňtaw agentligindäki üýtgeşmeler Sandunyň geçen aý geçirilen prezident saýlawynda iş başyndaky Igor Dodona garşy ýeňiş gazanmagyndan birnäçe hepde soň bolup geçdi. Dodony Russiýa goldaýar.

Sandu we onuň goldawçylary täze kanunçylygyň onuň 24-nji dekabrda wezipä girişmeginden öň prezidentiň ygtyýarlyklaryny gowşatmagy hem-de parlamenti güýçlendirmegi maksat edinýändigini aýdýarlar. Parlamentde Dodon bilen ugurdaş moskwaçy sosialistler oppozisiýadan agdyklyk edýär.

Sosialistler 2019-njy ýylyň iýun aýynda aňtaw gullugyna gözegçilik ygtyýarlygyny parlamentden alyp, Dodona geçirmek üçin ses berdi.

Sandu ýörişde eden çykyşynda premýer-ministr Ion Çikuwyň hökümetine işden çekilmek we irki parlament saýlawlaryny geçirmek barada eden çagyryşlaryny gaýtalady.

“Igor Dodon özüniň ýeňilendigini boýun almak islemeýär” diýip, ol ýygnananlara ýüzlendi. “Ol indi ýurdy ot berip, başly-baratlyga itermek isleýär, Moldowany halkara üzňelige itermek isleýär” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, ol özüniň korrupsiýa garşy göreşmek mümkinçiliklerini parlamentiň sabotaž etmäge synanyşýandygyny aýtdy. “Köplük biz korrupsiýa we ogrulara garşy göreşmez ýaly prezidenti ygtyýarlyklardan mahrum edýän kanuny kabul edýär” diýip, ol aýtdy.

“Biz ýurdy korrumpirlenen resmilerden arassalaýançak, soňuna çenli göreşeris” diýip, Sandu sözüne goşdy.

Ozal Bütindünýä bankynda ykdysatçy bolan Sandu prezidentlik kampaniýalarynda Moldowada endemik häsiýetli korrupsiýa garşy göreşmegi wada berdi. Moldowa ýewropanyň iň garyp ýurtlaryndan biridir.

Sandu saýlawlardan bäri geçen döwrüň dowamynda rus goşunlarynyň Moskwanyň hemaýatyndaky Transdniester separatist regionyndan çekilmegine çagyryş etdi. Kreml munuň “çynlakaý durnuksyzlyga” ýol açyp biljekdigini duýdurdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG