Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moldowanlar Günbatara we Russiýa tarapdar dalaşgärleriň arasyndaky prezident saýlawynda ses berýärler


Maýa Sandu we Igor Dodon

Moldowanlar möhüm prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses berýärler. Bu saýlawda Günbatar tarapdary, Bütindünýä bankynyň öňki ykdysatçysy Russiýa tarapdar bäsdeşine garşy göreşýär.

Moldowanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy ses berişligiň ýurtdaky we daşary döwletlerdäki 2000-den gowrak saýlaw uçastogynda başlandygyny aýtdy.

15-nji noýabrda geçirilýän saýlaw, öňki sowet respublikasynyň syýasy geljegi bilen baglanyşykly çekeleşikli söweşiň soňky bölümidir: Moldowa Ýewropa Bileleşigine ýakynlaşýarmy ýa-da Moskwanyň orbitasyna has berk çekilýärmi.

Şeýle-de, bu prezident Igor Dodon bilen saýlawyň 1-nji noýabrda geçirilen birinji tapgyrynda garaşylmadyk ýagdaýda ýeňiş gazanan ykdysatçy Maýa Sandunyň (Maia Sandu) arasyndaky soňky bäsleşikli duşuşykdyr.

2016-njy ýyldaky saýlawda Dodon Sanduny 5 göterimden hem az bal bilen ýeňipdi. Şol saýlawa galplyk aýyplamalary kölege salypdy.

Bu gezek Sandu ýokarky oruna çykdy, ýöne ikinji tapgyr saýlawlaryň öňüni almak üçin zerur bolan 50 göterim çäkden geçip bilmedi. Saýlawyň öň ýanyndaky pikir soralyşyklar Dodonyň takmynan 10 göterim bal bilen öňe saýlanýandygyny görkezenden soň, Sandunyň başlangyç ýeňşi geň galdyrdy.

Günbatarly saýlaw synçylary ses berişligiň birinji tapgyryna ýokary baha berdiler.

Saýlawyň öňüsyrasynda çap edilen pikir soralyşyklarda iki kandidatyň diaspora tarapyndan çözülip bilinjek berk bäsleşigi görkezildi.

Ses berişlikler ýerli wagt bilen sagat 07:00-da açyldy we 21:00-da ýapylar. Deslapky netijeleriň ses berişlik gutarandan bir sagat soň yglan edilmegine garaşylýar.

Merkezi Saýlaw Komissiýanyň habaryna görä, sagat 13:00-a çenli saýlawçylaryň ortaça 28 göterimi ses berdi.

15-nji noýabrda saýlaw uçastogynda ses berýän moldowan zenan.
15-nji noýabrda saýlaw uçastogynda ses berýän moldowan zenan.

Komissiýa saýlawlaryň birinji tapgyryndaky ýaly daşary ýurtlardaky ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň ýokarydygyny hem aýtdy. Londondaky, Berlindäki we Italiýadaky saýlaw merkezleriniň daşynda uzyn nobatlaryň emele gelendigi habar berildi.

“Bu gün sizi talan, sizi betbagtlyga sezewar eden we öýüňizi terk etmäge mejbur edenleri jezalandyrmaga güýjüňiz bar” diýip, Sandu wezipede wagty korrupsiýada aýyplanan garşydaşyna salgylanyp, moldowan paýtagtynda ses berenden soň eden çykyşynda aýtdy.

Bu aralykda, Dodon ses berişlige gatnaşandan soň, özüniň “parahatçylyga”, “sosial adalata” we “hristian gymmatlyklaryna” ses berendigini aýtdy.

“Biz Ýewropa Bileleşigi we Russiýa bilen gowy gatnaşyklary saklamaly” diýip, ol belledi.

Takmynan 3,5 million ilaty bolan Moldowa Ýewropanyň iň garyp döwletleriniň biri bolup, bu ýurt Russiýa bilen has ýakyn gatnaşyklary goldaýanlar bilen Ýewropa Bileleşigi we esasanam goňşy Rumyniýa bilen gatnaşyklary goldap çykyş edýänleriň arasynda düýpgöter bölünýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG