Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Sen näme, watan dönügimi?!”: MHM Internetde tankydy maglumatlary görýänleri soraga çekýär


"‘Sen näme, watan dönügimi? Prezidente garşymy?” ýaly soraglary berip, jenaýata çekmek bilen haýbat atdylar" (Illýustrasiýa suraty)
"‘Sen näme, watan dönügimi? Prezidente garşymy?” ýaly soraglary berip, jenaýata çekmek bilen haýbat atdylar" (Illýustrasiýa suraty)

Geçen dynç günleriniň dowamynda Lebabyň administratiw merkezinde we beýleki ençeme etrabynda onlarça adam internetde garaşsyz habar serişdeleriniň, türkmen oppozisiýa syýasatçylarynyň we aktiwistleriniň maglumatlaryna tomaşa edendigi üçin soraga çekildi. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bular ýaly ýagdaýlaryň öň hem bolandygyny, emma soňky döwür howpsuzlyk güýçleriniň bu çärelerini, şol sanda hakyna tutulan şugullaryň hasabyna hem has-da güýçlendirendigini belleýär. Bular türkmen häkimiýetleriniň internetde tankydy garaýyşlary çap edýän aktiwistlere we olaryň ýurtdaky garyndaşlaryna garşy hem basyşlaryny güýçlendiren döwründe bolup geçýär.

“Bitaraplygyň nobatdaky dönümi bellenilýän güni, howpsuzlyk gullugunyň işgärleri meni Farabyň häkimliginiň ýygnaklar zalyna çagyryp, – haýbatly äheňde – näme sebäpden VPN ulanyp, YouTube-da türkmen hökümetine we [Gurbanguly] Berdimuhamedowa garşy tankydy maglumatlary görendigimi soradylar. ‘Sen näme, watan dönügimi? Prezidente garşymy?” ýaly soraglary berip, jenaýata çekmek bilen haýbat atdylar” diýip, efirde adynyň Ilaman (ady üýtgedilen – red.) diýlip tutulmagyny soran faraply ýaşaýjylaryň biri başdan geçirenlerini Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ilaman bu aýyplamalary ret etmäge synanyşsa-da, ýörite gullugyň işgärleri oňa mundan bir hepde ozal tomaşa eden maglumatynyň adyny tutup, oňa ýene haýbat atypdyrlar.

“Men olaryň aýdan maglumatyny görüpdim. Emma ondan öň we soň hem başga-da çykyşlara tomaşa edipdim. Ýöne [MHM] işgärleri diňe şol maglumat barada gürrüň etdiler. Men tötänden onuň üstünden barandygymy aýtdym. Sorag sekiz sagada golaý dowam etdi. Maňa ýene toslama aýyplamalary ýöňkäp, türmä basjakdyklary bilen gorkuzdylar. Gaýdyp internetde türkmen hökümetine we Berdimuhamedowa garşy maglumatlary yzarlamajakdygym we VPN ulanmajakdygym barada düşündiriş ýazdyrdylar” diýip, faraply ýaşaýjy sözüne goşdy.

Ýerli habarçymyz diňe geçen dynç günleriniň dowamynda Ilaman ýaly başga-da azyndan on töweregi adamyň soraga çekilip, düşündiriş ýazmaga mejbur edilendigini aýtdy.

Bu ýagdaýlar dogrusynda ýurduň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň Lebap welaýaty boýunça bölüminden kommentariýa almak başartmady.

Bellesek, Türkmenistanyň daşynda türkmen hökümetiniň we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna garşy geçirilýän protest çäreleriniň, şeýle-de Internetde, hususanda YouTube-de tankydy çykyşlaryň we maglumatlaryň ýaýbaňlanmagynyň yzy bilen, söz azatlygyny berk basyp ýatyrmakda tankytlanýan Türkmenistan ýurtdaky maglumat elýeterliligini has hem çäklendirmek ugrunda hereket edip başlady.

Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, Türkmenistan internede gözegçilik etmek üçin täze tilsimleri ornaşdyrdy, şeýle-de howpsuzlyk işgärleri mobil telefonlaryna VPN indirip berýän ussalara basyş görkezip, jerime ýazyp, hat-da olary 15 gije-gündiz tussaglyga hem höküm etdi.

Mundan başga-da, howpsuzlyk edaralary daşary ýurtlarda işleýän raýatlaryň Türkmenistandaky dogan-garyndaşlaryny hem-de halk içinde pikir-garaýyş beýan etmekde aktiwlik görkezýän raýatlary yzarlamak üçin, şol sanda talyplaryň arasyndan hem şugullary hakyna tutdy.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy häzir mobil telefon ussalarynyň käbiriniň hem şugulçylyga çekilýändigi, VPN indirip bermegi sorap gelen raýatlar barada MHM-a habar bermäge mejbur edilýändigi barada hem maglumat berdi.

Galyberse-de, Türkmenistandaky adam hukuklaryna syn edýän halkara guramalary internetde tankydy garaýyşlary çap edýän aktiwistlere garşy basyşlaryň güýçlendirilendigine hem ünsi çekýärler.

Mundan başga-da, Türkmenistanda daşary ýurtlardan duşman gözlemek, raýatlary gorkuzyp, propaganda-agitasiýa çäreleri bilen ümsüm we tabyn saklamak synanyşyklary hem dowam edýär.

Ýerli synçylar türkmen hökümetiniň wagyzlaryny "sowet döwründen gelýän daşardan duşman gözlemek alaçsyzlyk", "döwrüň synaglaryna düýpden taýýarlyksyz" adamlaryň ýüz urýan çykalgasy hökmünde seredýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG