Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýyladyş bilen bagly problemalaryň arasynda ilatdan 'üpjün edilmedik' hyzmat üçin töleg talap edilýär


Aşgabadyň Parahat etrapçasynda gazuw işlerini geçirýän işgärler we köçeden geçip barýan zenan.
Aşgabadyň Parahat etrapçasynda gazuw işlerini geçirýän işgärler we köçeden geçip barýan zenan.

Aşgabatda howanyň temperaturasy gündizlerine -3, gijelerine -5 gradusa çenli ýetýän şu günlerde ilatyň ýylynmak bilen bagly kynçylyklary dowam edýär. Paýtagtyň etrapçalarynyň käbirinde ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär. Şol bir wagtda, ilatdan işlemeýän merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary üçin doly töleg talap edilýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji dekabrda Aşgabatdan habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi bilen bagly ýagdaýlar paýtagtyň 3-nji etrapçasyndaky 7-nji Saglyk öýüniň we "Jennet" bazaryň töweregindäki 3-4 gatly jaýlarda ýüze çykýar.

"Öň bu etrapçadaky köp gatly jaýlarda ýyladyş ulgamlary kadaly işleýärdi. Ýöne soňky ýyllarda bu ýerdäki jaýlaryň köpüsinde ýyladyş ulgamlary işlemegini bes etdi. Jaýlardaky ýyladyş turbalary sowuk" diýip, bu etrapçanyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi bilen bagly ýagdaýlar paýtagtyň Parahat etrapçasynda hem ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, Parahat 3 etrapçasyndaky we Ýubileýnaýa köçesindäki jaýlaryň ençemesinde ýyladyş ulgamlary 13-nji dekabr güni giçlik işlemegini bes etdi.

"Birnäçe ýerde bökdençlik emele geldi. Turbalaryň könelip, hatardan çykmagy ulgamlaýyn problemany tassyklaýar. Işçiler birnäçe ýerdäki lagym çukurlaryny açyp, turbalaryň geçýän ýerini gazyp, sowuk howada işlediler. Şondan soň 14-nji dekabrda öýlän wagty ýyladyş ulgamlary gaýtadan sähel işläp başlady" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan bu sebitiň ýaşaýjysy habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar ýyladyş turbalarynyň yzygiderli hatardan çykmagynyň olaryň könelişendigi we olary täzelemek üçin döwlet tarapyndan ýeterlik serişde goýberilmeýändigi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Olaryň sözlerine görä, häkimiýetler turbalary doly çalyşmagyň deregine diňe hatardan çykan ýerini ýamamak bilen çäklenýärler.

"Soňky ýyllarda ýaşaýjylaryň köpüsi könelen batareýalary aýyrdy. Sebäbi olar goňşularyň öýüni suw basmagyna sebäp bolýardy. Şol sebäpli adamlaryň köpüsi öýlerini dürli görnüşdäki elektrik peçleri we batereýalary bilen ýylatmaga mejbur bolýarlar. Bu bolsa elektrik togy üçin tölegleriň aşa köp bolmagyna getirýär" diýip, aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary ýylyň-ýylyna kadaly işlemese-de, häkimiýetleriň ýaşaýjylardan "üpjün edilmedik we ulanylmadyk" ýyladyş ulgamy üçin doly töleg talap edýändigini habar berýär.

"Parahat etrapçasyndaky 4 otagly jaýymyň ýyladyş ulgamy üçin her ýyl 139 manat tölemeli bolýaryn. Häzir ortaça pensiýa haky 500 manat bolsa-da, 180 manat pensiýa alýan adamlar hem köp. Bu köp adam üçin uly pul. Üstesine-de, adamlar bu puly ýyladyş ulgamlary kadaly işlemese-de tölemeli bolýarlar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Aşgabat şäher häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak we olaryň ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek barada irgözinden alada etmelidigini her ýylyň güýzünde ençeme gezek tekrarlaýar.

Muňa garamazdan, gymmatbaha gurluşyklar alnyp barylýan Türkmenistanda ýurt raýatlary ýyladyş ulgamlary bilen bagly dürli oňaýsyzlyklary yzygiderli başdan geçirýärler.

Geçen hepde Aşgabadyň 60-njy orta mekdebinde ýyladyş ulgamynyň işlemeýändigini we synp otaglarynda okuwçylaryň ýyly egin-eşikde oturmagyna rugsat berilmeýändigini, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu problemalary aç-açan boýun alyp, mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG