Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda okuwçylar sowuk synplarda ýeňil geýimde oturmaga mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Aşgabat şäherinde howanyň temperaturasy gündizlerine -3, gijelerine -8 gradusa çenli ýetýär. Aýazly howanyň gelmegi bilen paýtagtyň käbir etrapçalarynda we mekdeplerinde ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Sowuk mekdep synplarynda okuwçylaryň ýyly egin-eşikde oturmagyna rugsat berilmeýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji dekabrda Aşgabatdan habar berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi bilen bagly ýagdaýlar paýtagtyň Parahat 2/4 etrapçasyndaky 7-nji, 25-nji we 26-njy köp gatly jaýlarynda ýüze çykýar.

"Öýlerdäki ýyladyş ulgamlary we turbalar buz ýaly. Şol sebäpli öýüň içi-de buz ýaly" diýip, bu jaýlaryň birinde ýaşaýan aşgabatlylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Şu günler Aşgabatda ýyladyş ulgamlary diňe köp gatly jaýlarda däl, eýse käbir mekdeplerde, şol sanda 60-njy orta mekdepde hem kadaly işlemeýär.

"Synplardaky turbalar sowuk. Synp otaglary hem gaty sowuk. Çagalar üşeýärler" diýip, çagasy bu mekdebe gatnaýan aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Muňa garamazdan, okuwçylaryň synp otaglarynda galyň egin-eşikde oturmagyna rugsat berilmeýär. Olardan klaslarda okuw formalarynyň üstünden geýen žempirlerini we paltolaryny çykaryp oturmak talap edilýär.

Ene-atalaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, mekdep ýolbaşçylary we mugallymlar okuwçylaryň klaslarda ýeňil egin-eşik geýmelidigi baradaky düzgüniň “ýokardan talap edilýändigini” aýdýarlar.

"Mekdep müdiri 'daşarda howa sowuk, bu ýerde-de sowuk. Paltoda we penjekde oturmak gadagan' diýip aýdýar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, ene-atalar bu ýagdaýa özleriçe çykalga tapyp, çagalaryň mekdep formalarynyň aşagyndan ýyly žempirleri geýindirip mekdebe ugradýarlar. Ýöne bu hem çagalaryň üşemezligine o diýen kömek etmeýär.

"Synp otaglary aşa sowukdygy sebäpli, çagalaryň okuw köýnekleriniň aşagyndan žempirleri geýdirseň-de peýda etmeýär. Olar her gün mekdepden öýe üşäp gelýärler" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýän şu günlerde Parahat etrapçasyndaky köp gatly jaýlaryň golaýynda, ýyladyş ulgamynyň geçýän ýerlerinde bejeriş işleri hem yzygiderli geçirilýär.

Bejeriş işlerini geçirýän işçiler.
Bejeriş işlerini geçirýän işçiler.

Habarçynyň sözlerine görä, işçiler lýuklara günde birnäçe gezek girip-çykýarlar, turbalaryň geçýän ýerlerini gazyp, gaýtadan asfalt düşeýärler. Ýöne heniz bu mesele bilan bagly hiç zat üýtgemeýär.

Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Aşgabat şäher häkimliginden we 60-njy mekdepden goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak barada ýurt ýolbaşçylaryna sentýabryň başyndan bäri ençeme gezek tabşyryk berdi. Döwlet baştutany bu baradaky tabşyrygyny her ýylyň güýz paslynda tekrarlaýar.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosy gyş aýlarynda ýurtda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi, şeýle-de çetki sebitleriň, şol sanda şäher ýaşaýjylarynyň toksuz we gazsyz kösenýändigi barada ýylyň-ýylyna habar berip gelýär. Köp adamlar ýyladyş üçin split-sistemalary, elektrik ýa-da gaz peçleri ulanýarlar.

Türkmen häkimiýetleri bu problemalary aç-açan boýun almaýarlar. Resmi metbugatda hem ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary we munuň sebäpleri barada mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG