Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda COVID-19 alamatly keselçiligiň ýaýramagy dowam edýär


Aşgabadyň S.Nyýazow adyndaky keselhanasy (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň S.Nyýazow adyndaky keselhanasy (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda COVID-19 alamatlary bilen geçýän keselçilik ilat arasynda köp duş gelýär. Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda keselleýänler köp. Türkmenabatdaky ýokanç keseller hassahanasy hassadan hyryn-dykyn. Bu ýeräki köpugurly klinikanyň işgärleriniň arasynda COVID-19 hadysalary bar, birnäçe lukman reanimasiýada bejergi alýar. Azatlygyň habarçylary bu barada ýerli saglyk edaralaryndaky çeşmelere salgylanyp habar berýärler.

Türkmenistandaky habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan medisina işgärleriniň sözlerine görä, ýurtda koronawirus, şol sanda ölüm ýagdaýlary köpelýär. Balkanda, Daşoguzda we Lebapda kesel ýokaşan adamlar köp. Garrylar we süýji kesel ýaly hroniki dertlerden ejir çekýän hassalar köp ýogalýar.

Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, Türkmenabadyň köpugurly klinikasynyň 5 işgäriniň synaglary COVID-19-yň bardygyny tassyklady, olardan dördüsi reanimasiýa bölümine ýerleşdirildi, bir hirurg şäheriň ýokanç keseller hassahanasyna iberildi. Mundan başga-da, 4-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany, şeýle hem ýerli ginekologiýa klinikasynyň lukmany maşgala agzalary bilen bilelikde keselhana ýerleşdirildi.

Lukmanlar ýurtda epidemiýanyň ýokary derejä ýetendigini aýdýarlar.

Bu aralykda, ýerli hassahanalaryň koronawirus alamatlary bolan hassalary kabul etmekden ýüz öwürýän pursatlary seýrek däl.

Azatlygyň habarçylarynyň gürrüň beren hadysalarynyň birinde dem gysmasy we ýokary gyzgyny bolan bir näsag tiz kömek ulagynda Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasyna äkidilipdir. Emma onuň maşgala lukmany tarapyndan ugradylmagyna garamazdan, hassahananyň kabul ediş bölüminde oňa boş ýerleriň ýoklugy aýdylyp, kabul etmekden ýüz öwrülipdir we öýde bejergi almak maslahat berlipdir. Näsag häzirki wagtda öýde bejergi alýar. Bu barada habarçymyza hassa gözegçilik edýän maşgala lukmany gizlinlik şertlerde gürrüň berdi.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş wekillerinden resmi görnüşde düşündiriş alyp bolmady. Ýurt ýolbaşçylary Türkmenistanda koronawirusyň henizem ýoklugyny öňe sürýärler.

Bu aralykda, Türkmenistanyň ähli lukmançylyk edaralarynda sanitariýa we epidemiologiki talaplar güýçlendirildi. Mekdeplerde we çagalar baglarynda sapaklar dowam edýär, ýöne ene-atalara çagalary öýlerinde saklamak maslahat berilýär.

Noýabr aýynyň başyndan bäri maska režiminiň berjaý edilmegine gözegçilik güýçlendirildi. Ýurtda giňden gözegçilik edilýär, maskalaryň ýoklugy üçin tussag edilmeler we jerimeler ýygy-ýygydan ulanylýar.

Polisiýanyň reýdleri köçelerde, ulaglarda, döwlet edaralarynda we mekdeplerde amala aşyrylýar.

Azatlyga mälim bolşy ýaly, 18-nji noýabrda, Aşgabadyň 15-nji mekdebinde, polisiýanyň reýdinde azyndan bäş mugallyma we dört mekdep okuwçysyna "maskany nädogry dakynandygy üçin" jerime salyndy. Barlag edilen pursadynda "düzgüni bozanlaryň" maskalary olaryň burnunyň aşagyndady. Jerimäniň mukdary 52 manat bolupdyr.

Lebap welaýatynyň kärhanalarynda işgärlere iş ýerlerinde maskany dogry dakynmandyklaryň işden aýryljagy duýdurylypdyr. Bu barada Azatlygyň habarçylaryna ýerli sanitariýa-epidemiologiýa edaralarynyň işgärleri habar berdiler.

Habarçylaryň sözlerine görä, ýurtda syýahat çäklendirmeleri hasam güýçlendirýär, hususan-da häzirki wagtda ýaşy 40-dan geçenlere welaýatlary terk etmek gadagan edilipdir. Işleýänlerden ýerli hassahanalarda saglyk ýagdaýyny ýygy-ýygydan barlatmak talap edilýär.

Ýaňy-ýakynda habarçylarymyz daşary ýurtlardan gaýdyp gelen türkmen raýatlarynyň arasynda koronawirus synaglarynyň oňyn netije berendigini habar beripdi. Oktýabryň aýagynda Tatarystandan Türkmenistana getirilen 274 raýatyň azyndan ýedisiniň koronawirus boýunça ikinji testi oňyn netije beripdi.

Lebapdaky habarçylaryň we çeşmeleriň 18-nji noýabrda beren maglumatlaryna görä, 28-nji oktýabrda Gazandan gaýdyp gelen türkmen raýatlary şu wagt 22 günüň gemeginden soň hem Türkmenabatdaky karantin zolagynda saklanýarlar. Resmi düzgünlere görä, ýurda barýanlar üçin hökmany karantiniň möhleti iki hepdeden ybarat bolmaly.

Bu aralykda, Orsýetiň häkimiýetleri ýakyn günlerde Türkmenabatdan Moskwa uçmagy planlaşdyrylan uçaryň iki aý yza süýşürilendigini habar berdiler.

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websahypasynda 17-nji noýabrda çap edilen maglumatda S7 awiakompaniýasynyň raýatlary äkitmek üçin Moskwa - Türkmenabat - Moskwa marşrutynda öň planlaşdyrylan uçuşyň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň ikinji ýarymyna çenli yza süýşüriljekdigi aýdylýar. Bu çäre türkmen tarapynyň "täze koronawirus ýokaşmasy COVID-19-yň ýaýramagyna garşy çäreleri we 2020-nji ýylyň noýabr aýynda çarter uçuşlaryna girizen çäklendirmeleri" bilen düşündirilýär.

Bu habar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda koronawirusyň ýoklugy barada eden nobatdaky çykyşynyň yzýanyna gabat geldi.

Prezident Berdimuhamedow 13-nji noýabrda COVID-19 hassalaryny bejermek üçin döredilen täze ýokanç keseller klinikasyny açanda ýurduň COVID-19-dan “erkindigini” aýtdy we "bu biziň uly üstünligimizdir” diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG